Sapagyna ýetişmeýän oglanjyk aýnadan daşaryk seredip: — Eje, kakam işden gelýär. Bizona ilki täze satyn alan köýnegimi görkezelimi ýa-da gündeligimi? — diýýär. * * * Mekdep okuwçylarynyň biri: —Taryhdan başga ähli synaglardan pes baha aldym — diýip, ýoldaşyna aýdýar. — O, näme üçin beýle? — diýip, ýoldaşy soranynda, ol: — Sebäbi şu ýyl taryh boýunça synag geçirilmeýän eken — diýýär. * * * Mugallym okuwçydan: — Sekiziň üstüne dördi goşsak näçe bolýar? — diýip soraýar. Okuwçy: — On bäş — diýip jogap berýär. Mugallym: —On ikiniň üstüneýedini goşsak näçe? — diýip, ýene soraýar. Okuwçy: —Ýigrimi sekiz—diýýär. Okuwçynyň jogaplaryny geň gören mugallym: — Ýogsa-da seniň kakaň näme kär edýär? — diýip soraýar. Okuwçy: — Ol naharhanada hasapçy bolup işleýär—diýýär. — Kaka, sen gözleriňi ýumup, hat ýazyp bilýärmiň? — diýip, gyzjagaz kakasyndan soraýar. Kakasy: — Hawa, ýöne bu aňsat iş däl — diýýar. Gyzjagaz: — Onda sen gözleriňi ýum-da, meniň gündeligime gol çekäý — diýip, oňa öz gündeligini görkezýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir