— Siziň aýdýan aýdymlaryňyzyň belentden-belent ýaňlanmagy sesiňiz bilen baglymy? — diýip sorapdyrlar. — Bu köpienç ses sazlaýjy enjamlara bagly bolýar—diýip, aýdymçy jogap beripdir. * * * Aýdymçy: —Men aýdym aýdanymda daş-töweregimi unudýaryn — diýip, özi barada gürrüň bereninde, diňleýjileriň biri: — Dogry aýdýarsyňyz. Sebäbi siz bökýändigiňizi-de duýmaýarsyňyz—diýipdir. * * * Iki goňşy gürleşýär. Olaryň biri beýlekisinden: — Siz agşam tans edip, aýdym aýtdyňyz öýdýän? — diýip soraýar. Goňşusy: — Ýok, ýöne biziň öýümize ýarganatyň girendigi welin hakykat—diýipdir. * * * Mamasynyň gelenini gören agtygy: — Mamam gelipdir! Indi, kakam gözbagçylyk eder—diýip begenipdir. Mamasy: —O, nähili gözbagçylyk?—diýip sorapdyr. Agtygy: — Ol «Haçanda mamaň gezmäge gelse, men iki günläp öýde görünmerin» diýipdi — diýýär. * * * Ýigit: — Siziň gyzyňyz meniň gelnim bolmaga razydygyny aýtdy - diýeninde, gyzyň kakasy: —Ýigit, muňa seniň özüň günäkär. Günde-günaşa jaň edip dursaň, ol bolmanda-da razy bolar-da —diýipdir. * * * Ýigit: — Sen men barada eneň-ataň bilen gürleşdiňmi? — diýip, gyzdan soraýar. Gyz: — Men saňa näme diýjegimi bilmeýärin. Sebäbi kakam entek sesini çykarmasa-da, taýýarlyk görýär— diýipdir. * * * Äri aýalyna: — Ezizim, tizräk ýola düşmesek, konserte gijä galaýmaly? — diýeninde, aýaly: —Arkaýyn bol, ezizim! Men artistlere: «Biz barýançak konserte başlamaň» diýip jaň edäýerin —diýýär. * * * Öňde biri: — Dostumyň doglan gününe näme sowgat etjegimi bilmeýärin — diýeninde, ýoldaşy: — Sen oňa kitap sowgat edäý — diýende, ol gaşyny bürüşdirip: —Wah,ozalam onuň bir kitaby barahyryn — diýipdir. * * * Suratkeş: —Meniň «Mono Liza» meňzeş surat eserim bar—diýip öwnüpdir. Onuň gürrüňini diňlän sungat tankytçylarynyň biri: — Siz dogry aýdýarsyňyz, ýöne men siziň çeken suratlaryňyzyň muzeýleriň ammarlarynda durandygyna düşünmeýärin—diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir