AÝNANY KIM DÖWDI? Enesi agtygyndan: —Oglum, goňşymyzyň aýnasyny kim döwdük-ä?—diýip soraýar. Agtygy: —Ony men görmedim. Ýöne goňşymyzyň seniň ýanyňa gelip men hakda gürleşjekdigini bilýärin — diýýär. ÝALTA IT Öňde biri itiniň ýaltalygyndan zeýrenipdir. Ondan onuň sebäbini soranlarynda ol: — Ozal ol goňşy-golamlara gideninde boş gelmeýärdi. Indi, men onuň işini ýerine ýetirmeli bolýaryn — diýip, başyny ýaýkapdyr. DILIMIŇ UJUNDA... Mugallym okuwçydan: — Azot kislotasynyň ýazylyşyny aýdyp ber? - diýip soraýar. Okuwçy: -Ol meniň dilimiň ujunda welin, adyýadyma düşenok — diýýär. Mugallym: —Ony tizräk çykar, ol seniň diliňi ýakar—diýip, howsala düşýär. ETMIŞLINIŇ JOGABY Kazy: — Siz öz etmişiňizi boýun alýarsyňyzmy? — diýip, etmişliden soraýar. Etmişli: — Siz olaryň haýsysy barada soraýarsyňyz? — diýip, onuň özüne sowal berýar. BOÝUN ALDY Kazy: —Sizdüýn öýlän nirede bolduňyz? —diýip, etmişliden soraýar. Etmişli: — Men düýn öýlän goňşymyzyň towuklarynyň ýumurtgalaryny görjek boldum — diýip, onuň sowalyna jogap berýär. Şorta sözler AGLAKJIGI - Sen aglakmy? - Jigiň aglakmy? - Hawa! - O1 aglamany kimden öwrendikä? - Özünden sorasaň-a, hemişe meni görkezýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir