Ýol Ömürbeg hemişe takyk gürlemegi halapdyr. Ol öýüniň ýanynda otyrka, geçip barýan ötegçi: —Bu ýol nirä barýar?—diýip sorapdyr. Ömürbeg: —Men bütin ömrümi şu ýerde geçirdim. Ýöne ýoluň nirädir bir ýerik barýanyny görmedim. Ol hemişe şu ýerde ýatyr — diýipdir. Ötegçi: - Bagyşlaň, men «Ýol niräk alyp barýar?» diýip sorajak boldum—diýip, ondan ötünç soraýan äheňde gürläpdir. Ömürbeg: —Munyň başga gürrüň —diýip, oňa ýol barada giňişleýin düşündiripdir. Ädik Ömürbegi gepde ýeňmek hiç kime başartmandyr. Günlerde bir gün adamlaryň biri onuň üstünden gülmek isläpdir. Ol Ömürbegiň birnäçeýamadan ybarat ädigine seredip: -Senädigiňi haçanýamadyň? —diýip sorapdyr. -Ädigimiň kyrk sanyýamasy bar. Sen olaryň haýsy barada soraýan bolsaň barmagyň bilen şony görkez! — diýip, ol jogap beripdir. Sözüniň eýesi Ömürbegiň dosty ondan: — Näçe ýaşadyň? - diýip soraýar. O1: — Elli bir — diýip jogap berýär. Onda dostyoňa bakyp: — Mundan bäş ýyl ozalam sen «Elli bir ýaşymda» diýýärdiňle—diýip geň galýar. Ol: — Her bir özüni sylaýan erkekadam öz sözüniň eýesi bolmalydyr. Eger-de men: «Elli bir» diýen bolsam şol dogrudyr. Men özsözümiň eýesidirin —diýipdir. Ömürbegiň dostlary biri-birlerine öz gören düýşlerini gürrüň beripdirler. Düýşüni aýtmak gezegi Ömürbege gelen-de: — Men oraşan düýş gördüm—diýipdir. — O nähili düýş?—diýip, onuň dostlary geň galypdyrlar. — Düýşümde men egnimde içi altynly haltany göterdim. Onuň agramy egnime düşdi—diýip, ol gören düýşüni gürrüň berýär. — Onsoň, gözüňi açanyňda gördüňmi? — diýip, olar oňa sowal berýärler. — Ýok, gözümi açanymda içi altynly haltany görmedim. Ýöne egnimiň agyrýandygyny duýdum — diýýär. Meýdan işinden gelen Ömürbeg ogluna: — Men diýseň ýadadym, hatda çaýam içesim gelenok. Ukymy alyp bolanymdan soň, çaý içäýerin. Sen oňa çenli suw gaýnadaý —diýipdir. Ol uklanyndan bir sagat geçensoň, ogly ony oýaryp: — Men seniň ukyňy alanyňy ýa-da almadygyňy nädip bileýin? — diýip, oňa sowal beripdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir