Ýurdumyzda bagçylygy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky ýörelgeleri bereket siňen topragymyzy barha bagzarlyga öwürýär. Her ýylyň baharynda geçirilýän ählihalk ýowarynda hormatly Prezidentimiziň bag ekişlik möwsümine badalga bermegi, daragt ekip ömrüni gülleden gadymy ilimiziň öňden gelýän asylly ýörelgeleriniň bagtyýarlyk zamanasynda has täzeçe öwüşgine, giň gerime eýe bolýandygynyň güwäsidir. «Mukaddes ene topragymyzdan gyzyl öndüren beýik aslymyza eýerip, ýurdumyzy gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmek barada uly işleri durmuşa geçirýäris» diýilen ganatly sözler biziň tejribeli bagbanlarymyzyň agaçlaryň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek baradaky işlerine badalga berse, bu ugurdan işleýän alymlarymyzyň nobatdaky açyşlaryna giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda bagçylygyň pudak derejesine ýetirilmegini gazanmak bilen, hususan-da, arça tokaýlygynyň döredilmeginde oňyn tejribäniň toplanylmagyna şert döretdi. Boýy ýetip barýan baglaryň toplumy, täze oturdylýan arça nahallary ýene-de sanlyja ýyldan Türkmenistan Watanymyzyň goýny gülgüzar, topragy bagzar ülkä öwrüljekdiginiň aýdyň nyşany bolup, gök öwsüp durlar. Golaýda geçen ählihalk ýowarynda tutuş ýurdumyz boýunça 281 müňden gowrak raýatyň gatnaşmagynda 265 müň düýpdenem köp agaç nahalynyň ekilmegi ýakyn geljekde Diýarymyzda daşky gurşawyň goraglylygyny we arassalygyny üpjün etjek gür tokaýlaryň dörejekdigine bolan ynamyňy has hem artdyrýar. Ýakyn wagtda hem ýylda bolşy ýaly 19-njy martda ýurdymyzda umumy milli derejede ýowar geçiriler. Bilşimiz ýaly, bag daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde esasy serişdedir. Hut şonuň üçinem belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda amala aşyrýan tutumly işleri nesillerimiziň geljegi, türkmen tebigatynyň özboluşlylygynyň saklanmagy ýaly asylly başlangyçlar bilen utgaşýar. Tokaýlary döretmek tebigatyň talaby, ekologiýa bilen bagly döräp biljek meseleleriň oňyn çözgüdi bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, tokaýlar gymmatly tebigy baýlykdyr, ylmy dil bilen aýdylanda «planetanyň öýkenidir». Tebigatda deňagramlylygy üpjün etmek, oba hojalyk meýdanlaryny ýel eroziýasynyň we ýerasty suwlaryň weýrançylykly täsirinden goramak hut tokaýlaryň ýardamy bilen amala aşyrylýan çärelerdir. «Gök guşagyny» guşanan ülkämiz bu günki gün ýaz hysyrdylaryna berlen il-günümiziň tutumly aladalary bilen gurşaldy. Topraga birenaýy bezeg berip, ese-boýa gelen baglar baharyň mymyk şemalyna baş yrap, bereketli topragymyza aýratyn gelşik berýärler. Bagyň bar ýerinde arassa howanyň boljakdygy ikuçsuzdyr. Tebigy arassaçylyk bolsa durmuşyň mazmunyny artdyryp, ynsan saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Ine, şu zatlardan çen tutanyňda, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany gül-gülüstan, bagy-bossan döwlete öwürmek baradaky asylly ýörelgeleriniň beýik maksatlary nazarlaýandygyna göz ýetirýärsiň. Bagy-bossan Diýarymyz barha güllesin, gül açsyn! Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir