Müşderi: — Siziň bişiren towuklaryňyza nähili iým berdilerkä? — diýip, aşpeze ýüzlenýär. Aşpez: — Siz näme üçin onuň bilen gyzyklanýarsyňyz? — diýip, onuň özüne sowal berýär. Müşderi: — Meniňem siziň towuklaryňyz ýaly horlanasym gelýär—diýip, aşpeze aýdýar. * * * Mugallym: —Seniň ýazan düzmäňi iki gezek okadym — diýip, okuwça ýüzlenýär. Okuwçy: — Iki gezek? — diýip, geň galýar. Mugallym: — Hawa. Ilkinji gezek men ony seniň gapdalyňda oturan ýoldaşyň depderinden okapdym—diýýar. * * * Öňde bir adama onuň akyllydygy barada aýdypdyrlar. Ol öz adyna aýdylýan ýakymly sözlere maýyl bolup: — Bolup biler, sebäbi men köp pul sowmaýaryn, pul sowan wagtym bolsa, hiç kim görmeýar—diýipdir. * * * Gurply adam özi ýaly gurply ýaşaýan dostunyňka myhmançylyga gelipdir. Ol onuň gapysyny kakanynda, hyzmatkär: — Ol ýerde kim bar? — diýip sorapdyr. Ol: — Hojaýyn barmy? — diýipdir. Onda hyzmatkär: — Bar —diýip, oňa jogap beripdir. — Oňa «Myhman geldi» diýip aýdyň! — Bolýar, ýöne... — O nähili «Ýöne?!». — Hojaýyn öýde, ýöne myhman kabul edilmeýär—diýipdir. —Onda men hojaýyn öýde ýokka geläýerin. * * * Ýaňy öýleneni gulagy ker dosty toýy bilen gutlapdyr. Onuň gutlagyna hoşal bolan öýlenen: — Ýene-de gulagym eşidenok hem diýjeksiň. Ýöne sen meniň gulagy eşidýän, gözi görýän dostlarymdan öňürti gelip meni gutladyň —diýipdir. Köpügören adamyň ýanyna gelen dostlary: — Sen «Çagalygyňa dolanýarmyşyň, göwnpňe bolmasa, özüňi çaga ýaly duýýarmyşyň» diýip eşitdik—diýýärler. — Men çagalygyma dolanmaýaryn, ömrümiň ajaýyp pursatlary meniň kalbymda ýaşaýar! * * * Günlerde bir gün uzak ýaşan şadyýan adamdan: — Är-aýalyň uzak wagtlap bile ýaşamagy üçin nämeetmeli? — diýip sorapdyrlar. Ol: — Eger-de äri şadyýan bolsa, aýaly ondan-da has şadyýan bolsa, onda olar uzak-uzak ýyllar bagtly ýaşap bilerler—diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir