BÄGÜL ÇEMENI Oglanjyk ejesine owadan bägül çemenini getirip beripdir. Oglunyň getiren owadan çemenine haýra galan ejesi: — Sen, muny nireden aldyň? — diýip, oglundan sorapdyr. Oglan: — Goňşymyzyň howlusyndan — diýip, gönümel jogap beripdir. Ejesi: — Seniň çemen alanyňdan goňşymyzyň habary barmy?—diýip, ýene-de ondan sorapdyr. Oglan: — Elbetde, ol meniň yzymdan ylgady ahyryn — diýip, hamala hiç zat bolmadyk ýaly jogap beripdir. DEPREK Ogly kakasyna: — Kaka, maňa deprek alyp beräý? — diýip, haýyş bilen ýüzlenýär. Kakasy: —Oglum, sen deprek edinmäniňde hem şu töweregiň gohy ýetik ahyryn — diýip, onuň haýyşyny ýerine ýetirmegi kyn görýär. Ogly: — Kaka, men depregi sen uklap ýatyrkaň çaljak-diýipdir. KAKAM ULY BOLAÝMASYN? Agtygy enesinden: — Ene, sen ulumyýa-da kakam? —diýip soraýar. Enesi: — Elbetde, men uly, seniň kakaň meniň oglum —diýýär. Agtygy: — Kakam uly bolaýmasyn? Sebäbi onuň sakgaly döşüne ýetipdur—diýipdir. BILGIÇ Bir gyzjagaz joralarynyň ýanynda özüniň we ejesiniň hemme zady öňünden bilýändigini magtap öwnüpdir. Onuň joralary ondan: — Sen nädip hemme zady öňünden bilýärsiň? — diýip sorapdyrlar. Onda gyzjagaz: — Onuň işi aňsat. Ejem: «Ýagyş ýagar» diýýär. Men: «Ýagyş ýagmaz» diýýärin. Onsoň ikimiziň aýdanymyzyň biri dogry bolýar—diýip,olara jogap beripdir. TANKYTÇY Belli suratkeş sungat tankytçysyna: — Nakgaşçylyk sungaty barada gürrüň etmek üçin, ilki bilen özüňiz surat çekmegi başarmaly —diýýär. Sungat tankytçysy: — Siz dogry aýdýarsyňyz, ýöne käte özümi ussat suratkeş hasaplaýaryn — diýipdir. Rusçadan terjime.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir