AKYLLY AT Ömürbesiň öýüniň golaýynda atly ötegçi saklanypdyr. Ol: — Sizden suw içip bolarmy? — diýip, ondan sorapdyr. Ömürbeg: — Hawa —diýip jogap berýär. Onda ol: — Sen onda meniň atymy sakla -diýip, ýene-de oňa ýüzlenýär. Ömürbeg: — Siziň atyňyz dişleýärmi? — diýip soraýar. Ötegçi: — Ýok —diýýär. Ömürbeg: — Depýärmi? — diýip, oňa ýene-de sowal berýär. Ötegçi: — Ýok — diýýär. Ömürbeg: — Ol meniň elimden sypyp gaçyp gitmezmi? — diýip, ondan soranynda ötegçi: -Ýokdiýdim-ä — diýip, gatyrganjak bolýar. Ömürbeg: — Siziň atyňyz beýle akylly bolsa, onda oňa men nämä gerek — diýip, öýlerine giripdir. ÖMÜRBEGIŇ ÖÝI Ömürbeg hemişe diýen ýaly, uly ýoluň gyrasynda ýa-da şoňa golaý ýerde ýurt tutunypdyr. Ondan «Näme üçin beýle edýäň?» diýip soranlarynda, ol: — Ýoluň gyrasynda otursaň, durmuş has gyzykly bolup görünýär. Eýläk-beýläk geçýänler bilen gürleşýärsiň. Buharada, Hywada, hat-da Kokantda näme bolup geçýäninide bilýärsiň. Nukusly söwdagär nämedir bir zat barada gürlese, köp wagt geçmänkä onuň sözlerini Köneürgençde gaýtalaýarlar — diýip jogap beripdir. EŞEK OGRULYGY Ömürbeg ýaşka onuň eşegi ýitipdir. Bu habary eşiden goňşy-golamlar Ömürbege igenip başlapdyrlar. Olaryň biri: — Wah, ony berkiräk daňsaň bolmaýarmy? — diýip, başyny ýaýkapdyr. Beýleki biri: — Sen ukyňa agyr-da, bolmasa-ha duýsaň-da duýardyň — diýipdir. Ara düşen ümsümligi Ömürbegiň dostlarynyň biri: — It saklan bolsaň, kem bolmazdy? — diýip, oňa öz gynanjyny mälim edipdir. Hemmeleriň igenjini diňlän Ömürbeg oýa batypdyr. Ol: — Siziň baryňyz meni kötekleýärsiňiz. Içiňizde haýsam bolsa biriňiz ograda igeniň ahyryn — diýip, olaryň ýüzlerine köp manyly seredipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir