Wepaly dost Öňde bir gurply adam öz hyzmatkärine ýüzlenip: —Sen meniň bilen ýeriň o çetine gidermiň? - diýipdir. Bütin ömri hojaýynynyň ýanynda geçen hyzmatkär köp oýlanman: — Näme gitmän, giderin—diýip, göwnühoş jogap beripdir. Onda hojaýyn: —Sen maňa o ýerde nämä gerek borsuň? — diýip, ýene oňa ýüzlenipdir. Hyzmatkär: —Wah, hojaýyn şunça ýyllaryň içinde men siziň wepaly dostuňyz boldum. Barjak ýeriňiz ýeriň oçeti bolsa, ol ýerde-de siziň atyňyzy tutmaga meniň kömegim gerek bolar-a — diýip ýylgyrypdyr. Haýyş Öňde bir etmiş eden adama kazy jeza çäresini bellemekçi bolanda, ol: — Meniň size bir haýyşym bar. Men siz näme diýseňiz, şony-da berjaý ederin. Ýöne howanyň sowuklygyny göz öňüne tutup, meniň egnimdäki içmegimi çykarmaň. Birinjiden, meniň sowuklamagym mümkin. Ikinjiden, uzak ýyllar maňa hemra bolan bit-büreler gynanar — diýipdir. Aşyklar Ýigit: — Meň söýgime daşam erär — diýip, söýgüli gyzyna ýüzlenýär. Gyz: — Ynanýaryn. Ýöne daş gaty jisimlere degişli bolýar. Ilki bilen gantdan başlaýaly — diýip, oňa jogap berýär. Durmuş Äri: — Ezizim, eger-de sen maňa duşmadyk bolsaň... — diýip, aýalyna ýüzlenýär. Aýaly: — Onda, men haçan sen aýlyk getirersiň diýip garaşmazdym. Senem, işden galyp, öýde ýatmazdyň—diýip, oňa jogap berýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir