Bir gün Ependi merdiwanyny söýäp, bir çarbagyň haýatyndan işýar-da, baga girýärweli, ony şol bala bagban görýär. Ol salymyny bermän, Ependiniň ýanyna gelip: —Ýeri, gardaş, bu ýerde näme işleýäň? — diýip sorapdyr. Ependi darykman, aljyraman: —Merdiwan satýan—diýip jogap beripdir. Bagban: —Eýsem bu taýy merdiwan satylýan ýermidir?!—diýip, has azmly gürleýär. Ependi ýene ap-arkaýyn: —Päheý, sen-ä bir gepe düşmez adam ekeniň. Merdiwandyr-da, nirede satanyňda bolmaýar, onuň aýratyn bazary ýok ahyry—diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir