Ependiniň ekinine bir öküz giripdir. Ependi ýatan taýagy alyp, öküze topulýar weli, ol ýetdirmän gaçyp gidýär. Aradan bir-iki hepde wagt geçýär. Günleriň birinde Ependi şol ekinçi öküzi bir daýhan gojanyň arabasyna goşup barýanyny görýär. Ol sen-men ýok, elindäki hasasy bilen öküzi ýençmäge başlapdyr. Daýhan: —A-how, gadyrdan, bu näme etdigiň, meniň öküzim bilen seniň näme işiň bar?—diýip gaharlanyp başlan. Ependi bolsa oňa: —Darykma, ýaşuly, darykma! Näme üçin urulýandygyny öküziň özi gaty gowy bilýändir—diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir