-Çakym çak bolsa sen nemäň ogly bolmaly öýdýän? -Ýok ýaşuly, men nemäň ogly däl, Meläň ogly. -Haý öz-ä golaýladan ekenim. *** -Menden karz pul alanyň ýadyňdamy? -Hawa. -Onda aýt-da, haçan bergiňi berjek? -Men näbileýin. Men näme bilgiçmi? *** Bu seniň doganyňmy? -Hawa, daşgynrak doganym. -O nähili? -Ol birinji, menem on birinji çaga-da. *** -Ezizim, iki sany dostumy alyp öýe barsam bolarmy? -Arkaýyn geliberiň, palawy ýaňyja demine goýdum... -Be, men ýalňyşyp başga biriniň öýüne jaň etdim öýdýän!? *** -Ýüz ýaşapsyňyz. Indiki maksadyňyz näme? -Ýazda öýlenmekçi. -Şu ýaşda öýlenmekçi bolýaňyzmy? -Özüm-ä isläbem baramok welin, kakam goýanok... *** -Seniň näme üçin saçyň ak-da, sakgalyň gara? -Köp pikir edýän. -Onda meniň näme üçin saçym gara-da, sakgalym ak? -Köp samsyk sowal berýäň.... *** -Lukman inim, gözlerim kütelişipdir, uzakdan gelýäni ýanyma gelýänçä saýgaramok? -Näme ýanyňa gelýänçä ýüregiň ýarylyp barýarmy?

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir