Men seniň kalbyňda gopýan harasady badabat duýdum-da, oňa düşünmek isledim. Ýöne her häçe jan etsemem seň dünýäň gapysyny açyp bilmedim. Sen ony şeýle bir gaty ýapypsyň weli, eger-eger açar ýaly däl. Onsoň men seniň iň näzik, iň arzyly duýgularyňa düşünmek üçin öz dünýäme doldum. Şonda nirelerdendir bir ýerden owadan mukam eşidildi. Ýuwaşlyk bilen oňa gulak goýdum. Şobada-da onuň seniň juda eziz görýän mukamyň “Maýagözeldigini” duýdum. Çünki bu mukamy çalanda dutaryň her kakuwy dünýäňde üýtgeşik bir näziklik döredip, kalbyňy owazlandyrýardy. Men sazyň şirinligine, Maýagözeliň mährine imrinip, nirä, näme üçin gelenimem unutdym. Göýä bu mukam ilkinji gezek ýaňlanýan ýaly boldy-da, Maýagözel meniň dünýämi tutuşlygyna gaplady. Indi men seniň köňlüňe barýan gapyny gözlemän, Maýagözeliň dünýäsine doldum. Gözümiň öňünde sallanjyrap, müň näz bilen uz basyp, aşygyna tarap owsun atyp gelýän gyz peýda boldy. Onuň söýgüden doly nazaryndan çogup çykýan şugla dünýäni ýagtylandyrdy. Onuň şöhlesine gamaşan gözümi ýumdum-da gaýtadan dünýä diň saldym. Göwnüme bolmasa, Maýagözel saňa çalymdaş ýaly göründi. Onuň gözlerinden çogup çykýan şugla meniňem dünýämi ýagtyldyp gitdi. Şonda seniň aýdyşyň ýaly, göz öňümde tylla güýzüň altyn reňki peýda boldy. Adaja şemala gaýyp düşýän ýapraklar yzgarly topraga nepis keşde çekýärdi. Türkmen gelniniň çyrpysyny ýatladyp duran bu ajaýyp görnüşi synlamagyň lezzetini söz bilen beýan eder ýaly däldi. Altyn güýzüň çigreklije howasynda öwüsýän ýumşajyk şemala towlanyp-towlanyp ýere düşýän ýapraklar bereketli topragy sary mahmala büremekçi bolýan ýalydy. Şonda biri-biriniň yzyndan kowalaýan ýapraklar ýelek ýaly bolup, ýere emaý bilen ýazylýady-da, owadan keşbi döredýärdi. Şeýle ajaýyp pursatda men bu älemi seniň gözüň bilen göresim, hut seniň özüň bolup, dünýäni duýasym geldi. Onsoň, onsoň Maýagözeliň gözündäki röwşenlik dünýä nur çaýdy. Onuň şuglasyna meniň gözüm gamaşdy. Çünki gözelligiň gözüň ýagyny iýip barýan mähri aýdyp-diýer ýaly däldi. Men ýüregimde gopýan harasady basmarlamaga çalyşdym. Sebäp men bu çak bagtyýarlygyň çürbaşyna çykyp, onuň lezzetinden ýaňa serhoş bolupdym. Bu nähili beýle bolýarka? Heý-de, şeýle pursatda özüňi unutmak bolarmy? “Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar” diýlişi ýaly, menem şujagaz gözellige özümi aldyraýdymmykam? Belki, men bu çak dutaryň dillenjek-dillenjek bolup, ýüregi ersdirişi hakda oýlanýandyryn? Belki-de, Maýagözeliň ykbaly, onuň ýüregini ýaryp barýan söýgüsi hakda oýa batandyryn. Çünki mukam Maýagözeliň dünýäsini tutuşlygyna gözellige öwrüp, türkmen sährasynyň ajaýyp keşbini, bossanly baharyny, hatar gurap oturan obanyň alty ganat ak öýlerinden örýän bagtyýar iliň durmuşyny birin-birin janlandyrýardy. Bu gözelligi duýmak, oňa düşünmek üçin hut şu pursat bu mukama gulak goýmalydy. Şonda sazyň şirinligi bilen utgaşyp döreýän ajap duýgynyň kalbyňy näme üçin şeýdip heýjana salýandygyna, onuň döremegine nämäniň itergi berýändigine göz ýetirmek mümkin. Hany, senem gözüňi ýum-da, dünýä az salymlyk diň sal. Haýsy mukamy eşidýäň? Ony kim çalýar? Dutar nähili seslenýär? Ol seni türkmen ýaýlasynyň haýsy künjeginden alyp bardy? Ak sähralarda aga-ýana otlap ýören guba düýelere gabat geldiňmi? Ýa-da Köpetdagyň belent gaýalaryndan gaýdýan dury suwly çeşmelerine inen owlak-guzylara duşduňmy? Maýagözeliň güžžüldedip düýe sagyşyny ýakyndan synladyňmy? Ýa-da Söýli gyzyň aşyk bolan ak sülgünlerine sataşdyňmy? Bularyň haýsysyna gabat gelenem bolsaň, seniň türkmen dünýäsine doldugyňdyr. Şol dünýäniň lezzetinden, mährinden hiç kime, hiç mahal ganma ýok. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir