Yurdumyzda körpe nesliň sagdyn, abadan maşgalada dogulmagy, sagdyn ösüp-ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde akylly, düşünjeli, giň gözýetimli, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli çäreleriň döredilenligi, ýaş nesil hakyndaky aladanyň ýokary derejä çykandygy hemmä mälimdir. Çaganyň dogulmagy maşgala durmuşynda dabaraly ýagdaýdyr, ene-ata üçin uly bagt we şatlykdyr. Bäbegiň dünýä inmegi bilen oňa esewan etmek, sagdyn ulaltmak we terbiýe bermek bilen bagly birnäçe meseleler ýüze çykýar. Çaganyň dünýä inmegi bilen maş¬gala has-da ysnyşýar, jebisleşip, maş-gala agzalarynyň öňünde ulyjogapkärli döwür başlanýar. Çaganyň ilkinji aýy onuň durmuşynda iň bir möhüm döwürdir, çünki bu aýda bäbegiň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygynyň kadalaşmasy bolup geçýär. Bäbekleriň bedeniniň köp agzalary we nerw ulgamy doly ösmedikligi sebäpli olara nädogry ideg edilse, onda öwezini dolup bolmajak netijelere alyp barmagy ähtimaldyr. Ilkinji çagasy bolýan ýaş ene-atalaryň, çaga seretmekde ýeterlik tejribesi bolmaýar. Şonuň üçin olar öz eneleri-ejeleri we lukmanlar bilen maslahatlaşyp durmalydyrlar, her hili ýagdaýlar ýüze çykanda elmydama hüşgär bolmalydyrlar. Çaganyň özüni alyp barşy üýtgän mahaly ýüzi agarsa ýa-da agzynyň, gözüniň töweregi gögerse, köp ýatsa, aglasa, emmeden ýüz öwürse, gyzgyny galsa, gulagy agyrsa we içi geçse ilki bilen gyzgynyny ölçäp we haýal etmän, hassahana gitmezden maşgala lukmanyny öýe çagyrmaly. Çaganyň ilkinji öý lukmany onuň enesidir. Şonuň üçin her bir ene bäbege seretmegiň düzgünlerini bilmelidir we berjaý etmelidir. Ene çagany düzgün boýunça kadaly iýmitlendirmegi başarmalydyr. Ene çagasynda bolup geçýän her bir üýtgeşmeleri duýmalydyr, mydama çagasynyň saglygy bara¬da alada edip, oňa ýeterlik ähmiýet bermelidir. Çaga näsaglanda onuň rahat ýatmagy we dynç almagy üçin hemme şertleri döretmeli. Ýatýan otagy aýratyn arassa, ýagty bolmaly. Başga adamlar ýanyna goýberilmese gowy bolar. Gyzgyn peçden ýa-da Günüň ýiti düşýän şöhlesinden daşda bolmaly, penjiräni açyp, otagy ýelejiredip durmaly, howa görä geýindirip, içki eşiklerini tizden çalşyp durmaly. Ene özüni parahat we arkaýyn alyp barmaly, çünki çaga enede bolup geçýän her bir üýtgeşmeleri duýýandyr. Çaganyň doglan birinji gününden başiap dogry iýmitlendirmek onuň'saglygy we ösmegi üçin örän wajyp şertleriň biridir. Birinji alty aýynda çaga üçin iň ýokumly we gymmatly iýmit ene süýdüdir. Onuň düzüminde zerur bolan ähli ýo¬kumly maddalar bardyr. Ol ýeňillik bilen siňýär, ýokanç we beýleki kesellerden goraýar. Körpe çaga 6 aýa çenli başga naharlary, hat-da howanyň yssy döwürleri hem suwy, çaýy, miweleriň şirelerini emeli we süýt önümlerini bermegiň zerurlygy ýokdur. Soňra goşmaça nahar berlip ugralsa gowy bolar we iki ýyldan we ondan uly ýaşlarynda hem dowam etdirmekligi maslahat berilýär. Çaga goşmaça berilmeli nahar gök önümlerden taýýarlansa has-da gowy bolar: (kädiden, käşirden, şugundyrdan we kelemden). Çagany bedeniniň arassalygyna üns berip, häli-şindi suwa düşürip durmaly. Şeýdilse çaga sagdyn ulalar. Yur¬dumyzyň hemme welaýat merkezlerinde «Ene mähri» merkezleri, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen hemme şertleri bolan çagalar baglary, mekdepleri, we sport toplumlary çagalaryň sag¬dyn ösüp ulalmagy üçin olaryň hyzmatynda. Çagalaryň ezizligi, olaryň mähremligi hiç wagt hiç zat bilen ornuny çalşyp bol¬majak gözellikdir. Bu gözelligi biziň her birimiz gözümiziň göreji ýaly gorap saklamalydyrys, Çaga ynsan nesliniň dowamatydyr. Bayram Muhamedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir