Türkmenistan baý taryhy we ruhy-medeni mirasyny ösdürmek hem-de dünýä çykarmak üçin uly mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen, Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty, 2015-nji ýylda bolsa türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Taryhyň dürli döwürlerinde ady dillerden düşmeýän Mary şäheri Beýik Seljuk türkmen döwleti döwründe öz ösüşiniň iň ýokary derejesine çykypdyr. Şäherde akylyňy haýran edýän, imperiýanyň kuwwatlylygyny görkezýän döwlet we jemgyýetçilik ähmiýetli ajaýyp binalar gurlupdyr. Olaryň iň meşhurlarynyň biri-de Soltan Sanjaryň kümmetidir. Taryhçylardyr arheologlaryň bellemeklerine görä, bu ymaraty iň soňky Seljukly hökümdary Soltan Sanjar gurdurypdyr. Seljuklar döwletiniň meşhur taryhçysy Yzzeddin ibn Esir: «Şu gümmezli jaýda Soltan Sanjar jaýlanypdyr» diýip ýazýar. Ömrüniň üç ýylyny Merwde geçiren orta asyr syýahatçysy Ýakudyň bellemegine görä, bu aramgähiň mawy gümmezi şol döwrüň bir günlük ýolundan (25-30 kilometr) görnüpdir. Dürli döwürlerde ýaşan geçmişi öwrenijilerdir syýahatçylaryň Soltan Sanjaryň aramgähi baradaky garaýyşlary, binanyň abraýynyň uly bolandygyny görkezýär. Mysal üçin, orta asyr taryhçysy Reşideddin bu aramgähi dünýäde gurlan iň uly bina hasaplan bolsa, XV asyr taryhçysy Isfizary: «Munuň özi älem-jahandaky iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmak özüne galtaşyp bilmejek derejede mäkämdir» diýip, ymarata ýokary baha berýär. Meşhur sungaty öwreniji alym, arhitektor G.A.Pugaçenkowa hem Soltan Sanjaryň kümmetiniň taryhy ähmiýetiniň örän ýokarydygyna göz ýetirip, «Köne Mary» diýen kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de gadymy Marydan hiç bir zat, hatda onuň ozalky şöhratyna şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar we ägirt uly şäher harabalary saklanyp galman, diňe Soltan Sanjaryň aramgähiniň ýalňyz özi galanlygynda-da, köne Marynyň nähili uly şäher bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik bererdi». Ýadygärlik gurlan wagtynda gündogar we günbatar diwarlarynda iki sany girelgesi bar eken. Olaryň esasysy günbatar tarapda bolupdyr. Muny diwaryň arkasynyň «П» görnüşinde bolmagy we ymaratyň bu tarapyna ýanaşyk ýerde başga hiç hili desganyň bolmazlygy hem tassyklaýar. Esasy girelgäniň ýokarsyndaky kerpiçleriň arasyna köp mukdarda agaçlaryň ýerleşdirilmegi, ol ýerde döwlet nyşanlarynyň biriniň şekiliniň (belki Beýik Seljuk döwletiniň Tugunyň ýa-da Tugrasynyň) bolanlygyny çaklamaga esas berýär. Gündogar girelge Soltan Sanjaryň ymaratyndan öňki haýsy hem bolsa başga bir desganyň girelgesi bolupdyr. Muňa gündogar diwaryň bir böleginiň (7 metre çenli) çig kerpiç bilen örülmegi, ondan ýokarsynyň bolsa beýleki diwarlar bilen bir ölçegli (25x25x5 santimetr) kerpiç bilen örülmegi hem şaýatlyk edýär. Köp alymlar ymaratyň gündogaryndaky binanyň orta asyrlarda gurlan Abu Muslimiň metjididigini çaklaýarlar. Binanyň günorta diwarynyň çep tarapynda onuň gümmezlerine gözegçilik eder ýaly 7,7 metre golaý beýiklikde ýörite arkaly gapy bar. Emma oňa girer ýaly hiç hili basgançak saklanyp galmandyr. Ymaratyň suw turbalarynyň edil gapynyň başlanýan ýerine çenli bolmagy bu desga gurlan wagtynda onuň günorta diwaryna ýanaşyp duran başga bir binanyň bolanlygyny çaklama esas berýär. Arheologik barlaglaryň netijesinde demirgazyk diwardan biraz uzaklykda birnäçe täsin ymaratlaryň üsti açylýar. Arheologlar hüjreleriň ýerleşişinden, tekjeleriň bezeglerinden we beýlekilerden çen tutup, ol ymaratlary medresäniň talyp okadylýan otagynyň we orta asyr Merw kitaphanalarynyň biriniň galyndysy bolmagy mümkin diýip netije çykarýarlar. Dürli ýyllarda geçirilen dikeldiş işlerinden soň, bina 2004-nji ýylda häzirki durkuna eýe bolýar. Ymarat «Gadymy Merw» döwlet goraghanasynyň beýleki ýadygärlikleri bilen bir hatarda goralyp saklanýar. Bayram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir