Türkmenistanda il-ýurt bähbitli maksatnamalary amala aşyrmak bilen bir hatarda halkyň saglygyny goramak hem-de ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça-da möhüm işleri durmuşa geçirilär. Ykdysadyýetde, medeniýetde, syýasatda, saglyk we bilim ulgamlarynda alyp barylýan asylly işleriniň ählisi Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş durmuşynyň täze belentliklerine gönükdirilendir. Ilatyň saglygy baradaky alada, döwletiň hemişelik aladasy bolmagynda galýar. Ýurtda milli türkmen sportyny ösdürmek baradaky öňe sürülen meseleler şeýle-de, neşekeşlige garşy göreş çärelerini ýaýbaňlandyrmak barada gaýragoýulmasyz wezipeler munuň aýdyň delilidir. «Neşekeşlige ulaşan adam maşgala, jemgyýete, döwlete haýyrly adam bolup bilmez. Milletimiziň genofonduny gorap saklamak barada gürrüň barýarka, biziň hemmämiz öz jogapkärçiligimizi duýmalydyrys we neşekeşlige-bu örän elhenç howpuň garşysyna göreşmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmelidiris» diýip Türkmenistanyň Prezidenti nygtaýar. Çünki, bu nägehanyň adam saglygyna ýetirýän zyýany gaty elhençdir. Bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýyl neşe serişdelerini ulanmaga we olaryň bikanun dolanyşygyna we Çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça Halkara gününleri bellenýändigi hem Türkmenistanyň bu meselä uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Şol sene 1987-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek we bütin adamzada howp salýan bu nogsanlyklara garşy mynasyp gaýtawul bermek maksadynda döredildi. Ýurtda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we çilimkeşlige garşy göreşmek we neşe serişdelerini hem-de psihotrop maddalaryny ulanýan adamlara bu ýaramaz endikden saplanmak babatda kömek bermek baradaky döwlet çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol çäreleriň esasy wezipeleriniň biri hem neşe serişdeleriniň we temmäki önümleriniň kontrabandasynyň öňüni almakdan, öz wagtynda ýüze çykarmakdan we bejermekden ybaratdyr. Zyýanly endiklere garşy göreşmekde uly meşhurlyga eýe bolan sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine häzir türkmen jemgyýetinde aýratyn orun berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Bütin ýurdumyz boýunça häzirki zaman stadionlaryň, bedenterbiýe - sagaldyş toplumlarynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Adamyň saglygy onuň sagdyn durmuş ýörelgesine we ýaşaýyş şertlerine baglydyr. Ömrüniň uzamagy hem adamyň ýaşaýyş durmuşynyň usulyny, özüni alyp barmagyň kadalaryny hem-de saglyk ýagdaýyna esewan etmegiň düzgünlerini saýlap almagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň işjeňligini ösdürmäge, saglygyny berkitmäge, zähmete bolan ukyplylygyny artdyrmaga we uzak ýaşamagyna şert döredýär. Her bir raýatyň sagdyn durmuş keşbinde ýaşamaklary hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini saýlamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Täze sport desgalary, ajaýyp seýilgähler, Saglyk ýoly, dünýäniň ösen binagärligi we enjamlaşdyrylyşy esasynda gurulýan deňsiz-taýsyz sagaldyş merkezleri-bularyň ählisi ýokarda aýdanlarymyzyň durmuşdaky aýdyň netijesidir. Ynsanyň jan saglygy hakyndaky alada döwletiň baş maksadyna öwrüldi. Şonuň netijesinde ýurduň saglygy goraýyş pudagynda geçirilýän özgertmeler bu günki günde dünýä ýaň salýar. Türkmenistanda halkyň saglygyny goramaga, keseliň öňüni almaga gönükdirlen çäreler üns merkezde durýar. Onuň tagallalary bilen köpçülikleýin-düşündiriş işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Maşgala lukmançylygy hyzmaty kämilleşdirilýär. Keselleri irki döwründe anyklamak maksady bilen daýhan hojalyklarynda, öri meýdanlarynda, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, okuw jaýlarynda inçe ugurly hünärmenler tarapyndan degişli enjamlar ulanylyp, anyklaýyş işleri geçirilýär. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanylyp ýasalan enjamlar satyn alynýar. Ýokary hünärli lukmançylyk işgärlerini ýetişdirmek barada alada edilýär. Agyz suwunyň, iýmitiň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreler (duzuň ýod bilen baýlaşdyrylmagy, unuň demir bilen rençleşdirilmegi, ähli welaýatlarda suw arassalaýjy kärhanalaryň işe girizilmegi) yzygiderle amala aşyrylýar. Hemişe ynsan terbiýesini gorap, belende göteren adamzat ýaşaýşynyň köp ugurlary boýunça pikir ýöreden parasatly Magtymguly saglyk we ony goramak barada hem pent-nesihat edipdir. Ýaşaýyşyň özeni bolan saglygy goramaklygyň hemme zamanlarda hem esasy meseleleriň biri bolandygy bellidir. Saglygy üpjün etmek, keseliň öňüni almak diňe bir lukmana-tebibe degişli bolman, ilkinji nobatda ýaşaýjynyň özüne baglydyr. Ýaşaýyşda adamyň öz hatasy, biperwaýlygy sebäpli, saglyga zyýan ýetirýän ýagdaýlar köpdür. Meselem, döredijilik we hünär senedi boýunça gije işläp, ukudan galmak, wagtynda naharlanmazlyk, içerde derläp, sowuk howada daşary çykmak. Magtymguly hut şu meselä ünsi çekipdir.Ynsanperwer şahyr hassa bolmankaň, saglygyň gadryny bilmäge, ony goramaga çagyrypdyr. ”Ölmesden burun“ atly şygrynda muny düşündirmek üçin köp tymsallar getiripdir. Saglygyň gadryny bilgil hasta bolmasdan burun, Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun, Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa bolmasdan burun, Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun, Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun. Şahyr “dertdir bu janyň zilleti, saglyk onuň soltanydyr” diýip derdi jan üçin betbagtlyk hasaplap, saglygy soltana meňzedipdir. Magtymguly saglygyň gadryny, şükirini bilmegi ündände, onki süňňüň abat, ýerli-ýerinde bolup, synasagat ýaşamagyň ullakan bagtdygyny bellemek bilen, ündewleriniň has täsirli bolmagy üçin synasy şikesli-kerleriň we gözi batyl bendeleriň betbagt halyny, olaryň ruhy azabyny mysal getiripdir. Görer gözüň gymmaty Kör ýanynda bellidir. Ýa-da Sag gulagyň guwanjy Ker ýanynda bellidir. -diýip, olaryň halyny görüp, ybrat almagy, netije çykarmagy ýatladypdyr. Parasatly ynsan: Magtymguly çilim, nas ýaly saglyga zyýan edýän “Çilim” , “Çilimkeş“, “Çilim çekmegil“, “Munda çilimkeş” şygyrlarynda çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýanlary sanalyp görkezilipdir. “Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil” diýip ýüzlenipdir. “Nas atan“, “Naskeş“ atly şygyrlarynda bolsa nasyň hapysalykdan başga, agyz boşlugynda döredýän ýakymsyz ysyny ýazgarýar. Akyldar şahyr saglyk baradaky şygyrlar toplumyny ýöne ýere döretmändir. Çünki, akyldaryň özüniň belleýşi ýaly, “Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy“.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir