2016-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda «Interfaks» habarlar agentligi resmi saýtynda «gepleşiklere ýakyndan gatnaşan biriniň» maglumatlaryna esaslanyp, «Gazpromyň» «Türkmengaza» 2016-njy ýyl üçin şertnamalaýyn arakesme etmegi teklip edendigi baradaky habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» Döwlet konserni berlen bu maglumatyň esassyzlygyny nygtamak bilen, 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda «Türkmengaz» DK-nyň Habarlar gullugynyň neşir eden press-relizinde «Gazprom eksportuň» 2016-njy ýylyň ýanwaryndan başlap türkmen tebigy gazyny almagyny bes edýändigi hakynda habar edendigini ýatladýar. Şeýle-de, «Türkmengaz» Döwlet konserni «Gazprom eksportuň» «Türkmengaz» bilen baglaşan alyş-satyş Şertnamasyny hem möhletinden öň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap birtaraplaýyn tertipde bes edýändigi hakynda resmi ýagdaýda habar berendigini belläp geçýär. Ýokarda aýdylanlardan netije çykarsak, «Türkmengaz» Döwlet konserni «Interfaks» habarlar agentliginiň ýaýradan bu habarynyň hakykata laýyk gelmeýändigini hem-de hiç hili esaslandyrylmadykdygyny aýan edýär. «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Habarlar gullugy

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir