Şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew geçirilen seljerme işleriniň netijesi boýunça käbir wezipeli adamlaryň wezipe borçlaryndan hyýanaçykly peýdalanan pursatlarynyň ýüze çykarylandygy barada maglumat berdi. Milli Liderimiz hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan korrupsiýa garşy göreşmek boýunça çäreleri güýçlendirmegi talap edip, öz garamagyndaky düzümlerde hukuk bozulmalaryna ýol berýän ähli ýolbaşçylaryň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny hem-de kanuna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine Ç.Çarlyýewi belläp, oňa söz berdi. Soňra Lebap welaýatynyň täze bellenilen häkimi öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny aýamajakdygyna ynandyrdy. Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkimi wezipesine A.Erlekowy belläp, ony bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. D.Mämmedow Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi we bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine M.Erkäýewi belläp, ony Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, S.Halmyradow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi. Ozal Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän P.Kurbanow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi. Milli Liderimiz M.Annaseýidowy Magdanly şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony bu şäheriň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Geçen ýylda geçirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çykyş etdi. Hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wezipelere bellemek baradaky Permanlara gol çekdi. Mary etrabynyň häkimi wezipesine A. Durdyýew bellenilip, ol Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesine O. Annaberdiýew bellenilip, ol Tagtabazar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine B. Hommakow bellenildi. Murgap etrabynyň häkimi wezipesine Ç. Mylkyýew bellenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasry E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 104,9 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 110,1 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 109,7 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça-- 108,6 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça-- 110,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,9 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça-- 115,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça-- 119 göterime deň boldy. Obasenagat toplumynyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda maýa goýum serişdelerini özleşdrmek baradaky ýyllyk meýilnama 113,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem hasabatyň barşynda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny, suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda ak ekinlere ideg etmegiň, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin sürüm işleriniň barşy barada maglumat berildi. Bu işler bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikasyny ekiş möwsümine taýýarlyk çäreleri hem alnyp barylýar. Wise-premýer hormatly Prezidentiimiziň oba hojalyk toplumynyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek, pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Permanlaryň, Kararlaryň we Buýruklaryň taslamalaryny hödürledi. Hödürlenen resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrligi, Suw hojalyk ministrligi, “Türkmenpagta” döwlet konserni we “Ak altyn” söwda kärhanasy, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleri, Döwlet maldarçylyk birleşigi birleşdirilip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi döredilýär. Degişlilikde düzümleriň welaýatlardaky binýadynda oba hojalyk önümçilik birleşikleri dörediler. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birleşdirilmeginiň netijesinde täze pudaklaýyn düzümleriniň döredilmeginiň pudagyň netijeli işlemegine, onuň önümçilik kuwwatynyň we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň hasabynda durýan traktorlary degişli bahadan ýerlemek göz öňünde tutulýar. Maldarçylyk we guşçulyk toplumlary Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berler. Tebigaty goramak ministrligi we Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeler gullugy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetine öwrülýär. Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy barlag instituty, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky Ylmy-barlag ekerançylyk instituty hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň garamagyndaky ylmy-barlag dänelik ekinleri instituty goşulyp, olaryň binýadynda täze döredilýän Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligiň garamagyndaky Oba hojalyk ylmy-barlag instituty dörediler. “Türkmenobasenagattaslama” kärhanasy garamagyndaky edara bilen bilelikde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyna geçirildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Olara laýyklykda, 2016-njy ýylda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekmek üçin 545 müň gektar ýer bölünip berler we 1 million 50 müň tonna “ak altyn” öndüriler. Kartoşka we beýleki ekinler, şeýle hem bakja ekinler üçin tutuş ýurdumyz boýunça 27 müň 770 gektar ýer bölünip berler. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2016-njy ýylda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, şeýle hem welaýatlaryň çäklerinde dürli agaçlaryň, miweli baglary we üzüm nahallarynyň 3 million düýbi ekiler. Şeýle hem taýýarlanylan resminamalaryň hatarynda “Pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary hakyndaky” Kararyň, “Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň 2016-njy ýylda suwdan peýdalanmagynyň çäkli möçberlerini tassyklamak hakyndaky” Buýrugyň taslamalary bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek, dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Telekeçiligi, hususy eýeçiligi ösdürmek üçin amatly şertler döredildi. Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylan işleriň netijeleri hakynda aýdylanda bolsa, häzirki döwürde pudakda döwlete dahylly bolmadyk ulgamyň paýynyň 92 göterimden gowrakdygyny bellemeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwlet dolandyryş düzümleriniň sanynyň aşa köpdügi göz ilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ministrlikleri we pudak edaralaryny birleşdirmek zerurlygy ýüze çykdy. Olaryň ornuna Oba we suw hojalyk ministrligi, şeýle hem Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda, milli Liderimiz täze dolandyryş düzümleriniň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işine goşulman, oba hojalyk syýasatyny durmuşa geçirmelidiklerini belledi. “Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini döretmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Daşky gurşawy we ýer serişdelerini goramak baradaky döwlet komitetini döretmek hakyndaky” Permanlara hem-de degişli Kararlara gol çekip, döwlet Baştutanymyz olaryň ýerine ýetirilmegi babatda obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow N.Sapardurdyýewi Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri wezipesine belläp, degişli resminama gol çekdi. Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasarlary wezipelerine: ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça A.Myradow, oba hojalyk önümçiligi boýunça M.Ataýew, oba hojalyk tehnikasy we enjamlary boýunça G.Kulyýew, suw hojalygy we gurluşyk işleri býounça G.Baýjanow, gallany we pagta önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça S.Ýazow bellenildi. Ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine M.Annabaýew, onuň orunbasarlygyna bolsa A.Altyýew belenildi. Mundan başga-da, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine B.Tejenow bellenildi. Degişli resminamalara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýolbaşçylara gözegçilik edýän düzümlerinde we pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijelliligini ýokarlandyrmak bilen ähli zerur tagallalary etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda alyp baran işleriniň köpugurlydygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Özygtyýarly döwletimiziň daşary syýasatynyň baş maksadynyň ählumumy howpsuzlygy goldamaga, berkitmäge, ýüze çykýan gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşi, özara gyzyklanmalaryň bähbidine giň we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy, onuň hukuk derejesiniň aýratynlygy umumydünýä işiniň ýagdaýyna oňyn täsir etmek, özara gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak we häzirki zamanyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin oňyn mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugury, çeýe we oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belläp, Daşary işler ministrliginiň iş birligine ministriň halkara guramalary bilen alnyp barylýan işlere utgaşdyrýan täze orunbasary wezipesini girizmek çözgüdine gelendigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz bu jogapkäri wezipä B.Niýazliýewi belledi we ony Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibiniň nobatdaky meselesine degip geçmek bilen, milli Liderimiz durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ýokary görkezijileri boýunça welaýatlarda etraplaryň we etrap hukugynydaky şäherleriň arasynda geçen ýylyň başynda bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. hormatly Prezidentimiz bäsleşigiň jemleri yglan etmek üçin ýurdumyzyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa söz berdi. Kärdeşler arkalyşygynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylygynda ýörite topar her welaýat boýunça hödürlenen görkezijileri seljermek esasynda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şu ýyl durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, bugdaý we pagta taýýarlamak baradaky borçnamalary ýerine ýetirmekde, durmuş we medeni ähmiýetli desgalary ulanmaga tabşyrmakda, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly we beýleki görkezijiler boýunça has uly üstünlikler gazanan Mary welaýatynyň Ýolöten etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň ýeňijisini tassyklamak hakyndaky çözgüt hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimligine ähli ugurlar boýunça iň ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, maksatnamalaýyn söz sözledi we geçen ýylyň netijelerine baha berdi hem-de şu ýyl ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiz 2015-nji ýylyň ýurdumyz üçin çylşyrymly ýyl bolandygyny belledi. Döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýylynda biz dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde oňat netijeleri gazanmak üçin möhüm çäreleri amala aşyrdyk. Häzirki döwürde, şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň döwletimizi ösdürmekde jebisleşdiriji we durnuklaşdyryjy täsire eýedigini bütin dünýä subut etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ähli kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyz Ýaşulular maslahatynyň tekliplerine laýyklykda depginli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu ýol jemgyýetimiziň jebisleşendigini we ýurdumyzy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça saýlap alan ugrumyzyň dogrudygyny aýdyň tassyklady diýip milli Liderimiz sözüni dowam etdi we 2015-nji ýylda biz merdana halkymyzyň taryhy hakydasyny, döwletimizi we bitaraplygymyzy berkitmek boýunça netijeli işleri amala aşyrdyk diýip belledi. Alyp baran tutanýerli işlerimiziň netijesinde, biz 2015-nji ýylda göz öňünde tutan meýilnamalarymyzyň ählisini diýen ýaly durmuşa geçirdik diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanmak bilen belläp, geçen ýylda hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Döwlet Başatutanymyz şeýle hem garaşsyzlygymyzy we bitaraplygymyzy, parahatçylygy hem-de raýat agzybirligini, demokratiýany berkitmek boýunça üýtgewsiz kadalarymyzy öz içine alýan kanunlary işläp taýýarlamak hem-de çalt durmuşa ornaşdyrmak babatda hem uly işleriň amala aşyrylandygyny belledi. Milli Liderimiz giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy we bellenen sepgitlere ýetildi diýip aýtdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde örän ýokary derejelere ýetilendigini – 85 göterim ösüş gazanylandygyny bellemek isleýärin. Jemi içerki önümiň artyşy 6,7 göterime barabar boldy. Şol sanda gurluşyk pudagynda 9,3 göterim, söwdada 10,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterim ösüş gazanyldy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende dürli pudaklara gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim artyp, 53 milliard manatdan gowrak boldy. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen çäklerde saklandy. Biz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini bellenen çäklerde ýene-de köpeltdik. Şeýle hem, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ilatyna berilýän ýeňillikleri saklap galmaga mümkinçilik tapdyk. Mähriban halkymyz öňküsi ýaly elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanýar. Jemagat hyzmatlary üçin nyrhlar hem ujypsyz bolmagynda galýar diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ýurdumyzy kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde ösdürmegi dowam etdik, häzirki döwürde gurluşyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 49 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Diňe bir geçen ýylyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň 375-sini gurup, ulanmaga berdik diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz gurlup, ulanmaga berlen iri desgalaryň hatarynda älem giňişligine çykarylan «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasyny, «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisini, kuwwaty 504,4 megawatt bolan Derweze döwlet elektrik stansiýasyny, Balkan welaýatyndaky bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýän «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini, Aşgabat şäherindäki Mejlisler merkeziniň we Türkmenbaşy şäherindäki Kongressler merkeziniň ajaýyp binalaryny, Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny, edara binalarynyň toplumlaryny, Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki myhmanhanalary, şeýle hem, şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan dynç alyş merkezleri, köp sanly durmuş maksatly desgalar bar. Şolaryň hatarynda dynç alyş merkezlerini, 3700 orunlyk 22 sany çagalar bagyny, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 22 sany sport mekdebini we orta mekdebi, umumy meýdany 1 million 350 müň inedördül metr, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny görkezmek boljakdygyny aýtdy. Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu Maksatnama laýyklykda her welaýatda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar. 2015-nji ýylda hem bazar gatnaşyklaryny emele getirmek göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça işler dowam etdirildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy eýeçiligiň ähmiýetini we ornuny düýpli ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, bu ugurda päsgelçilikleri we çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döwlete degişli kärhanalaryň sanyny azaltmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär diýip milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde telekeçiler döwletiň goldaw bermeginde ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar. Halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtmak bilen, ýurdumyzyň telekeçileri dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny açýarlar. Häzirki döwürde olaryň alyp barýan işleriniň guwandyryjy netijeleri berýändigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz daşary syýasatda gazanylan üstünlikler barada durup geçmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem özara gatnaşyklary bir maksada gönükdirip we yzygiderli ösdürdik diýip aýtdy. Ýurdumyzyň daşary syýasaty bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna gyşarnyksyz eýermek esasynda amala aşyryldy. Milli Liderimiz türkmen bitaraplynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň häzirki döwürde dünýäde, sebitde we halkara derejesinde durnukly ýagdaýy emele getirmegiň möhüm we aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, ynanyşmak ýagdaýyny emele getirmegiň we hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi dünýäde ýurdumyzyň tutýan ornunyň berkemegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyz biziň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýar, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýar. Şonuň netijesinde, şeýle uly üstünlikleri gazanandygymyzy we belent sepgitlere ýetendigimizi men öňem ençeme gezek belledim we ýene-de bellemek isleýärin diýip aýtdy. Öz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen döwletimiziň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, dürli pudaklarda işleýän adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýyl ýubileý ýylydyr. Şu ýyl ýaş döwletimiziň öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 25 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, şu ýyl biz mähriban halkymyzyň örän baý taryhy we medeni mirasyna daýanyp, eziz Watanymyzy özgertmekde uly üstünlikleri gazanmalydyrys. Şu ýyl öz öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin häzirki döwürde bize täze taslamalar, täze garaýyşlar, täze dolandyryş çözgütleri, täze kanunlar zerur. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ýolbaşçylary netijeli işleri alyp barmalydyrlar, döredijilik başlangyçlaryny öňe sürmelidirler diýip, milli Liderimiz belledi. Geçen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde oňat netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, entek ulanylmaýan mümkinçilikleriň köpdügini bellemek isleýärin. Ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi, dolandyryş işgärleriniň sanyny azaltmagy, ýerlerde ýolbaşçylaryň öz işiniň netijeleri üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy şol mümkinçilikleriň hatarynda görkezmek bolar. Milli Liderimiziň nygtaýşy şu ýyldan başlap, ähli şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat bermegi boýunça tejribe ornaşdyrylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ünsüni şu ýyl öňde durýan wezipelere çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam berýän täze kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we Mejlisiň Ministrler Kabineti bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Şu ýylyň maý aýyna çenli ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny taýýarlamaly we Ýaşulularyň maslahatyna seretmek we makullamak üçin bermeli. Şu ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere deputatlar bilen her ýyl geçirýän duşuşygymyzda has doly serederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymzy ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň diplomatik işgärleri «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda netijeli işleri alyp barmaly. Türkmenistanyň bähbitlerini yzygiderli goramaly. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmeli. Daşary işler ministrligi şu ýylda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlarynyň, şeýle hem halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, şeýle hem, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýa laýyklykda geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmelidigine we bu çäreleri ýokary derejede geçirmelidigine ünsi çekdi. Dölwet Baştutanymyz şeýle hem ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna düýpli taýýarlyk görmek barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowa we maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, kabul edilen strategik, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebit maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurlary belledi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda ýokary ykdysady ösüş depginini saklamak, pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek we makroykdysady taýdan deňagramly ýagdaýy saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmek Siziň öňüňizde we maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ykdysady ulgamyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňligini üpjün etmeli. Milli pulumyzyň we onuň satyn alyş ukybynyň durnukly bolmagy üçin zerur çäreleri görmeli. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga we ätiýaçlyk daşary ýurt pulunyň goruny köpeltmäge aýratyn üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Puluň hümmetsizlenmek derejesini göz öňünde tutulan möçberlerden ýokary geçirmän (6,6 göterim möçberde) saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmek öňküsi ýaly bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu ýyl hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň hilini has-da ýokarlandyrmak amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň esasy maksady bolmalydyr. Bu wezipe saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işiniň netijelerini ýokarlandyrmak we hyzmatlar ulgamyna degişli ykdysady işiň beýleki görnüşleriniň netijeli bolmagyny üpjün etmek esasynda amala aşyrylmalydyr. Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamany, şeýle hem beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýtmak bilen, ýangyç -energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şol sanda täze ýataklary gözlemek, abadanlaşdyrmak, uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeli. Türkmen energiýa serişdeleriniň täze gaz geçirijiler boýunça iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini, strategik örän möhüm taslama bolan «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da güýçlendirilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmegiň ähmiýetini belläp, bu pudagy ösdürmegi dowam etmeli. Şu maksat bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde nebitiň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak esasynda taýýar önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli. Nebit önümleriniň önümçiligine innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmaly. Suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz düýpli gurluşyk toplumynyň öňünde durýan wezipelere geçmek bilen, wise-premýer Ş.Durdylyýewiň we bu ulgamyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ünsüni 2016-njy ýyl üçin gurluşyk maksatnamasynyň örän giň gerimli boljakdygyna çekdi. Şu ýyl 387 sany iri desgany gurup, ulanmaga bermek, şeýle hem 7 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Önümçilik-tehniki maksatly pudaklar öňküsi ýaly maýa goýumlaryny goýmakda ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar. Bu pudaklarda köp sanly iş orunlary döredilýär. Bu ugurlara maýa goýumlarynyň esasy bölegi gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzyň gurluşykçylary oba ilatynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça 5 milliard manada golaý serişde özleşdirmelidirler. Biz bu serişdeleri hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň gurluşygyna we olaryň durkuny täzelemäge, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdirýäris diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şonuň ýaly-da, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmeli. Şäherde ýaşaýyş jaýlaryny döwlet serişdeleriniň hasabyna hem, hususy maýa goýumlarynyň hasabyna hem gurmaly. Biz ýurdumyzyň sebitleriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem üstünlikli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy. Milli Liderimiz 2017-nji ýylda ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky meselä degip geçmek bilen, Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimine we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimlerine şäheri bu örän möhüm waka doly taýýar etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Halkara ölçeglerine laýyklykda, paýtagtymyzyň ýollaryny we köçelerini abadanlaşdyrmaly. Köçeleriň we şaýollaryň bezelişine aýratyn üns bermeli. Häzirki döwürde, eger zerur bolsa, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen bagly işlere goşmaça maliýe serişdelerini gönükdirmek we gurluşyk kompaniýalaryny çekmek meselesine seretmeli. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli. Şu ýylyň ahyryna çenli paýtagtymyzy gözelleşdirmek we onuň häzirki zaman keşbini emele getirmek boýunça alnyp barylýan işleri doly tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Milli Liderimiz E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenmek bilen, täze edaralary – Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini, olaryň ýerlerdäki edaralaryny döretmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini gysga möhletde çözmek barada görkezme berdi. Oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmeli. Şu maksat bilen, obasenagat toplumynyň köp ugurly mümkinçiliklerini ulanmakda has täze, netijeli usullardan peýdalanmaly. Topluma ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Biz şu maksat bilen, ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaga, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmäge köp möçberde maýa goýum serişdelerini gönükdirýäris. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmeli diýip milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem, beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň we miweleriň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns bermegi, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, oba hojalygyny suw bilen doly möçberde üpjün etmek boýunça zerur çäreleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, şu maksat bilen, suw desgalaryny, suw akabalaryny, suw göterijileri abatlamak we gurmak boýunça netijeli işleri alyp barmaga ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ulag-aragatnaşyk ulgamyna geçmek bilen, wise-premýer S.Satlykowyň we ulag - aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni toplumyň pudaklaryny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdiriljekdigine, Ýewropany we Aziýany birleşdiren halkara demir ýolunyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň, toplumyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyna çekdi. Awtomobil, demir ýol, suw we howa ulaglary pudaklaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermeli. Demir ýol we howa menzillerini gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyna degişli düzümleriň daşalýan ýükleriň möçberini nazara alyp, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň umumy möçberini artdyrmalydyrlar. Ähli welaýat merkezlerinde häzirki zaman ýolagçy awtoulag menzillerini we howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýerli gatnawlar boýunça howa gatnawlaryny açmak meselesine aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň söwda-deňiz flotuny ösdürmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli. Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň gurluşygyny şu ýyl hem dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 2016-njy ýylda hem öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. Aragatnaşyk ulgamyna türkmen aragatnaşyk emeli hemrasyny ulanmak arkaly kompýuter tehnologiýalaryny, Internet aragatnaşygyny yzygiderli ornaşdyrmaly. Bu bolsa, ýurdumyzyň ilatyna edilýän hyzmatlaryň, şol sanda Internet, telefon we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Soňra hormatly Prezidentimiz bilim we ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň ütsünde turup geçmek bilen, wise-premýer S.Toýlyýewe we degişli ýolbaşçylara ýüzlendi. Bilim we ylym ulgamy ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu syýasaty durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işlere – ýokary bilim, ylym ulgamlaryny kämilleşdirmäge, täze okuw mekdeplerini açmaga, bu ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns bermeli. Şu ýylda umumy bilim berýän mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralaryň ýurdumyz boýunça sany ep-esli artmalydyr. Şoňa görä-de, täze institutlar, mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler has-da güýçlendirmelidir diýip döwlet Baştutanymyz belledi. Ösüşiň senagat-innowasion görnüşine geçilýän şertlerde biz ylym ulgamyna ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň örän möhüm şerti hökmünde garaýarys. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ylym ulgamyny ösdürmegiň 2021-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamasyny taýýarlamaly. Ylym ulgamyny ösdürmek döwletimizi ýakyn ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Ýokary derejeli ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ylym ulgamyna öňküsi ýaly döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler. Bu ulgamyň ylmy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek siziň öňüňizde durýan örän möhüm wezipeleriň biridir. Ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň beýleki bir ileri tutulýan ugruny – saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze stadionlaryň we sport desgalarynyň gurluşygyny dowam etmegiň, Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Olimpiýa şäherjigindäki esasy sport desgalarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryna hyzmat etjek işgärleri taýýarlamaly. Bu desgalarda halkara ýaryşlaryny guramaly. Türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Ýaşlarymyzy sport we olimpiýa hereketine işjeň çekmeli diýip aýtdy. Ýurdumyzda halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek öňküsi ýaly ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik hem-de hünär taýdan kämilleşmegi, ösmegi üçin giň mümkinçilikleriň açyljakdygyny, hereket edýän teatrlardan we medeniýet öýlerinden başga-da, oba ýerlerinde köp sanly medeniýet öýlerini gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidiljekdigini aýdyp, dürli halkara medeni çärelerine, şol sanda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dürli çärelere düýpli taýýarlyk görmägiň we olary ýokary derejede geçirmägiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň we habarlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly üns bermek zerur. Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşiklerde we habarlarda jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgermeler giňden beýan edilmelidir. Ýurdumyzyň ýubileý ýylynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmelidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guraljak ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmeli we olary ýokary derejede geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň söwda toplumynyň häzirkizaman düzümlerini kemala getirmek boýunça öňde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, P.Taganowa we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň söwda ulgamynyň häzirkizaman üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini aýtdy. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we supermarketleriň gurluşygyny yzygiderli alyp barmaly. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli. 2016-njy ýylda hem telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, öňküsi ýaly, telekeçiligiň ösmegini höweslendirmek boýunça çäreleriň we usullaryň giň toplumyny öz içine alar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat pudagyny ösdürmek meselelerine geçmek bilen, wise-premýer B.ereşowa we bu toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylda hem ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasaty senagat pudaklaryny durnukly, innowasiýa esasynda ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaga we şol derejede saklamaga gönükdirilmelidigini aýtdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, döwletimiziň haryt öndürijileriniň öndüren senagat önümleriniň dünýä bazarynda ornuny berkitmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda hem, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologiýa ulgamlarynda howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi. Milli Liderimiz bäsleşige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini guramagy, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmeli diýip aýtdy. Ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny, ulag- kommunikasiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda hem ykdysady ösüşiň çig mal serişdelerine gönükdirilen bolmagyny ýuwaş-ýuwaşdan azaltmaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, özümizde öndürilen önümleriň hasabyna içerki bazary harytlar bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu maksat bilen, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermeli. Örän iri senagat toplumlarynyň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk tebigy duzlaryň ýatagynyň binýadynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygyny dowam etmeli. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerinde gurluşyk serişdelerine islegleri kanagatlandyrmak üçin, gurluşyk materiallary senagatynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Biz bu meseläni hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek we täze kärhanalary gurup, ulanmaga bermek esasynda çözmelidiris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow balyk hojalygy pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda aýtmak bilen, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler hem şu maksatlara gönükdirilmelidir, balyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, balygy gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny täzelemek göz öňünde tutulmalydyr diýip belledi. Elektron senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda belli bir üstünlik gazanyldy, şu ýyl hem elektron senagatynda bilelikdäki kärhanalaryň sanyny ep-esli artdyrarys diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemlemek bilen, şu ýyl üçin göz öňünde tutýan maksatnamamyz örän giň gerimlidir. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin döwlet dolandyryş edaralarynyň, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Ähli ýolbaşçylar geçen ýyldaky ýaly agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işlemelidirler. Öz öňlerinde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmelidirler diýip nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy çuňňur üns bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Milli Liderimiz şu günki mejlisi jemlemek bilen, eziz Watanymyz Türkmenistanyň bar bolan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek üçin öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar diýip belledi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir