Aşgabat, 8-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2015-nji ýylda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Döwlet we milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň dowamynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Öz wagtynda geçirilen işleriň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň ýokary derejesi üpjün edildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň esasy görkezijileriniň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly we okgunly ösüşe eýe boldy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 104,8 göterim üpjün edildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. 2015-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy 41,9 milliard manada barabar bolup, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda hem ösüş gazanyldy. Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky 2014-nji ýyldaka görä 9,5 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri hem artdy. Wise-premýer 2015-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlary özgertmek baradaky milli maksatnamada kesgitlenen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şol döwürde şu maksatnamanyň çäklerinde jemi 4,9 milliard manada barabar möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 175-sinde gurluşyk işleri tamamlandy hem-de 155-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedow çykyş edip, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdaýjy bölegi bolsa 90 göterim ýerine ýetirildi. 2015-nji ýylda býujet serişdeleriniň 78,7 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetler girdejiler boýunça 101,7 göterime, çykdajylar boýunça bolsa 96,4 göterime deň boldy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi. Şeýle hem 2015-nji ýylda maliýe-býujet ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen hasabat döwründe merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň mejlisleriniň 142-si geçirildi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 8-siniň şeýle hem kärhanalaryň 465-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi. 2015-nji ýylyň dowamynda ätiýaçlandyryş işini, auditorçylyk işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek bilen bagly maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde yzygiderli işler alnyp baryldy. Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda" bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. 2015-nji ýylda önümçilik we durmuş-medeni ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna iri möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Hasabat döwründe Milli maksatnamanyň çäklerinde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 4,9 milliard manada barabar bolup, meýilnama 132 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji Ahal welaýaty boýunça 1 milliard 133 million manada, Balkan welaýaty boýunça 1 milliard 142 million manada, Daşoguz welaýaty boýunça 814 million manada, Lebap welaýaty boýunça 964 million manada, Mary welaýaty boýunça 850 million manada deň boldy. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda hassahanalaryň 2-si, saglyk öýleriniň 16-sy, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 14-si, orta mekdepleriň 15-si, medeniýet öýleriniň 9-sy, sport mekdepleriniň 3-si, sport desgalarynyň 2-si, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 4-si guruldy, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň 3968 kilometri çekildi, dik guýularyň 27-si gazyldy, awtomobil ýollarynyň 239 kilometri guruldy, telefon ulgamlarynyň 2346 kilometri çekildi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 30-njy martyndaky Buýrugyna laýyklykda, gurulmagy meýilleşdirilen önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 290-syndan 265-si bina edildi. Olaryň 76-sy önümçilik we 189-sy dürli maksatly desgalardyr. Hasabatda aýdylyşy ýaly, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, kärhanalaryň we desgalaryň 36-sy hususylaşdyryldy. Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek maksady bilen geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň möçberleriniň ýokary depginler bilen ösüşi üpjün edildi. Ýylyň jemleri boýunça nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 105,2 göterime, elektrik energiýasynyň 100,5 göterime, benziniň, kerosiniň, çalgy serişdeleriniň, nebit koksunyň, polipropileniň 100,1 göterime, nebit bitumynyň 121,2 göterime, suwuklandyrylan gazyň 100,6 göterime, sementiň 104,4 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 115,5 göterime, plastmas we aýna süýümli turbalaryň 103,7 göterime, demir önümleriniň 101,7 göterime, mineral dökünleriniň 175,2 göterime, ýoduň 100,8 göterime, pagta süýüminiň 100,2 göterime, nah matalaryň 107,4 göterime, makaron önümleriniň 112,8 göterime we şerbetli içgileriň 111 göterime, derman senagatynyň önümleriniň 138 göterime barabar ösüş depginleri gazanyldy. Oba hojalyk pudagynda oňat netijeler gazanyldy. 2015-nji ýylda 1 million 406,1 müň tonna bugdaý öndürildi. Pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe şalynyň öndürilişi 40,5 göterim ýokarlandy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň ösüşi üpjün edildi. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, mallaryň baş sany 28,2 müň, dowarlaryň bag sany 168,7 müň, guşlaryň sany 235,8 müň artdy. Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk ulgamyndaky görkezijiler barada hasabat bermek bilen, 2015-nji ýylda gurluşyk işleriniň möçberiniň 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,3 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Hasabat döwründe ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň möçberi artdy. Ýolagçy gatnatmak boýunça 102,8 göterim, şol sanda awtomobil ulagynda 103,3 göterim, demir ýol we howa ulaglarynda 100,2 göterim, suw ulagynda 137,6 göterim ösüş gazanyldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata hyzmat etmekden alynýan girdejileriň möçberi 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim artdy. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda energetika, nebitgaz, himiýa, obasenagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem söwda we ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik maksatly iri desgalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp baryldy. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi. Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň hem-de harytlaryň eksporty we edilýän hyzmatlar üçin ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hasabyna pul serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň alyp barýan işiň derejesine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň işini guramakda kemçilikleriň bardygyny belläp, degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin M.Annadurdyýewe käýinç yglan edildi. Milli Liderimiz ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak baradaky maksatnamany ýerine ýetirmegiň örän möhümdigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanjakdygyny nygtady. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işinde kemçiliklere ýol berilýändigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ministrligiň ýolbaşçysy B.Şamyradowa ozal hem birnäçe gezek käýinç yglan edildi. Ýöne ýaglaýy düzetmek üçin zerur işler geçirilmedi. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine gelip gowuşýan arza-şikaýatlar azalman, ýyl-ýyldan artýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işde goýberen kemçilikleri üçin B.Şamyradow zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdriýietiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy K.Rejepowy işde goýberen düýpli kemçilik üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine we Pensiýa gaznasynyň müdüriýetiniň başlyklygyna S.Akmämmedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary wezipesine E.Annamuhammedowy belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň 2015-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileriniň umuman kanagatlanarlydygyny belledi. Ýöne muňa garamazdan, çözgüdine garaşýan köpsanly meseleleriň we wezipeleriň öňümizde durýandygyny bellemeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz B.Hojamämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady düzüminiň kärhanalarynyň häzirki güne çenli degişli derejede iş alyp barmaýandygyny nygtady. Ýokary gözegçilik edarasynyň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işlere geçiren seljermesiniň netijeleri boýunça bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligiň gowşadylandygy ýüze çykaryldy. Döwlet Baştutanymyz munuň bellenen maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini aňladýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen makkatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk işleriň durmuşa geçirilmeginiň, göz öňünde tutulan ähli işleri ýerine ýetirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şol resminama taýýarlanylanda degişli maksatnamalarda we ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça Esasy ugurlarda göz öňünde tutulan gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna degişli seljermäniň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky” Karara gol çekip, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Wise-premýer degişli maksatnamany taýýarlamak hakyndaky Karara gol çekendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmak babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. (dowamy bar)

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir