Şu günlerimizde bazarlardyr söwda merkezleriniň, dükanlaryň mähellesi has-da köp. Hudaýa şükür, bazarlarymyzyň berekedi ýylyň islendik möwsüminde-de egsilenok. Elbetde, bazar bolçulygy öz-özünden döräberenok. Onuň aňyrsynda parasatly Liderimiziň alyp barýan oýlanyşykly syýasaty, raýatlaryny bolelin durmuşda ýaşatmak ugrundaky bimöçber aladalary ýatyr. «Guşuň süýdi» diýseňem tapdyrýan döwrebap bazarlarymyz şol syýasatyň, tagallalaryň öz oňaýly netijelerini berýänliginiň iň aýdyň nyşany. Bazarlar taryhyň islendik döwründe-de ýurduň, şol ýurduň ilatynyň hal-ýagdaýynyň, gurplulyk derejesiniň görkezijisi bolupdyr. Şeýle bolansoň, azyk önümlerinden başlap, halkyň sarp edýän gündelik durmuş harytlaryna çenli, tehnikalardan başlap, awtoulaglara çenli, garaz, adyny tutan zadyň tapdyrýan köpugurly türkmen bazarlary döwrümiziň rysgallydygyny tutuş äleme jar edýäne çalym edýär. Geçmişde yklymlardan kerwen gurap gelen bezirgenleriň gyzgalaňly söwdasy rowaç alan bazarlary bilen meşhur bolan türkmen topragy bagtyýarlyk zamanasynda şol taryhy şöhratyna gaýtadan eýe boldy. Diýarymyzyň paýtagtynda we Ahal, Daşoguz, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynda açylyp ulanylmaga berlen döwrebap, şol bir wagtyň özünde-de milli äheňler bilen bina edilip, giden meýdana ýaýylyp ýatan köpugurly söwda bazarlary muny aýdyň subut edýär. Bazar tekjelerindäki iň geçginli harytlaryň «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümlerdigi has-da buýsandyrýar. Sebäbi bu Türkmenistan döwletimiziň senagat ýurduna öwrülýänliginiň nyşany. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda hususy telekeçilerimiziň paýy juda uly. Hususyýetçilerimiziň azyk senagatyndaky üstünlikleri has-da bellärlikli. Ýurdumyzyň azyk senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň edenimizde gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanyny, et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça anyk çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris. Hut şu ýylyň dowamynda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi bazarlarymyzyň et we süýt önümleri bilen doly üpjün edilmegine, şol bir wagtyň özünde-de bahalarynyň elýeterli bolmagyna uly täsir edýär. Mälim bolşy ýaly, etdir süýt önümleri halkyň gündelik iýmitinde esasy orny eýeleýär. Şu jähetden, iň bir zerur hurşy üçin harajatlarynyň amatly bolmagy we islendik pursatda bolelin tapdyryp durmagy raýatlarymyzyň yudumyzda alnyp barylýan syýasatyna bolan hoşallyk duýgularyny artdyrýar. Ýurtda söwda işleriniň ýaýbaňlandyrylmagy diňe bir halkyň hal-ýagdaýynyň oňatlygynyň görkezijisi bolman, eýsem ýurt parahatçylygynyň hem nyşany. Bu taryhu hakykat. Ýekeje mysal: Togrul beg Seljukly Türkmen döwletini döredip, ýurduň başyna geçeninden soň, onuň garamagyndaky ýerlerde parahatçylyk höküm sürüp başlaýar. Bu ýagdaý onuň ýurdunda söwda edýän bezirgenleriň sanynyň görnetin artmagyna getirýär. Hatda bir günde gelýän kerwenleriň sany ozal bir aýyň dowamynda gelýän kerwenleriň sany bilen deňleşýär. Bu mysaly getirmek bilen, nygtamak isleýän zadymyz şu: Watanymyzda höküm sürýän parahatlyk hem-de asudalyk ýurdumyzda söwda gatnaşyklarynyň, telekeçiligiň barha rowaçlanjakdygynyň kepili. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir