Bütin Türkmen ilini ýetip gelýän täze ýyl baýramy bilen gutlaýarys! Gutlamak bilen size jan saglyk, maşgala agzybirligini, ýurt abadançylygyny, okuwyňyzda, işiňizde üstünlik, durmuşyňyzda bagt, 2015-nji ýylda ýetip bilmedik arzuwyňyza 2016-njy ýylda ýetmegiňizi arzuw edýäris. Goý, 2016-njy ýylda ýurdumyz asuda, Watanymyz abadan we gülläp össün. Türkmen topragynda hemişe agzybirlik, asudalyk, parahatçylyk we abadan durmuş höküm sürsün! Goý, Türkmenleriñ, Türkmen iliniñ ady diňe ýagşylykda äleme ýaýrasyn. Alkymlap gelen 2016-njy ýylda bu doga-dileglerimiz Beýik Biribaryň dergärhinde kabul bolsun! Ýene-de bir gezek täze ýylyñyz gutly bolsun! Saçagyñyzyñ berekedi artsyn, gadyrly ildeşler!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir