28.12.2015ý. ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda, däp boluşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary badalga aldy. Dostlukly ýurduň myhmanlary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçiriler. Mälim bolşy ýaly, iki dostlukly ýurtlaryň liderleriniň tagallalary netijesinde, türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmaga we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän dürli ugurlar, şol sanda gumanitar ulgamda täze ösüşlere eýe boldy. Şeýle maksatlary göz öňünde tutýan, türkmenistanlylaryň tanymal sirk ussatlarynyň inçe sugaty bilen tanyşmagyna ajaýyp mümkinçilik berýän Russiýanyň sirk toparynyň bu çykyşlary paýtagtymyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän giň göwrümli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty milli medeniýetimiziň dünýäde uly meşhurlyk gazanmagyna, dürli ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda , şol sanda sirk sungatynda hem döredijilik gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berýär. Pussiýanyň sirk artistleriniň nobatdaky gezek ýurdumyza gelmegi, Täze ýyl baýramy mynasybetli türkmenistanlylar üçin taýýarlan baýramçylyk çykyşlary muny aýdyň tassyklaýar. Russiýanyň “Rosgossirk” döwlet sirk şereketiniň bu saparynyň uly hem-de köp dürli çykyşlary sungatyň täsinliklerden doly bu jadyly görnüşiniň muşdaklaryna ajaýyp Täze ýyl sowgady bolar. Bu täsirli, şowhunly çykyşlar adamlaryň, has-da çagalaryň baýramçylyk joşgunyny ýokary göterjek gyzykly hem-de garaşylmadyk tomaşalary wada berýär. Bu sirk ertekileri çagalary gyşky dynç alyş günleri hem begendirer. Russiýaly artistleriň sirk çykyşlary “Haýwanlaryň we dostlaryň duşuşyklary” diýlip atlandyrylýar. Olar haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň gatnaşmagynda gyzykly tomaşalaryndan ybaratdyr. Tüýlüje, mymyjak hem-de ganatly artistler- düýeguşlar, totyguşlar, kengurylar, maýmynlar, tilkiler, gunduzlar, itler, pişikler, torsuklar täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary haýran galdyrar. Haýwanlary eldekileşdirmek ugry boýunça dürli guşlaryň we haýwanlaryň 10-dan gowrak görnüşiniň gatnaşmagynda dürli çykyşlar, şol sanda Russiýanyň at gazanan artistleri R.Rasulowyň, R.Duhnowskiniň ýolbaşçylygyndaky şowhunly çykyşlar sirke gelenleri haýran galdyrar hem-de göwnüni göterer. Olaryň arasynda “Kengury bilen boks”, “13 pişik meýhanajygy” we beýleki çykyşlar bar. Sirk çykyşlary akrobatika, ekwilibristika, žonglýor görnüşleri boýunça gyzykly we haýran galdyryjy tomaşalary öz içine alýar. Olaryň arasynda “Legos akrobatika çykyşlary”, “Howa gimnastikasy” we beýlekiler bar. Elbetde, sirk çykyşlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen şadyýan masgarabazlar degişmeleri hem-de täsin sowgatlary bilen tomaşaçylaryň ruhuny göterer. Moskwa sirkiniň artistleri türkmenistanlylar üçin onlarça çykyşlary taýýarlapdyr. Russiýaly artistler tarapyndan döredilen gahrymanlaryň täsin we şadyýan keşpleri, çylşyrymly tilsimleri, masgarabazlaryň gülküli degişmeleri hem-de howa gimnastlarynyň haýran galdyryjy ussatlyklary – bu şatlygyň we täsinligiň baýramçylygy çykyşlardan hoşal bolan türkmen tomaşaçysynyň uzak wagtlap ýadyndan çykmaz. Sirk sungatyň aýratyn bir görnüşi hökmünde dünýäde täsinligi, gyzyklylygy, özüneçekijiligi üçin çagalaryň we ulularyň söýgüsini gazandy. Milli medeniýetimizi ösdürmäge we halkymyzyň döredijilik däplerini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn üns berýän milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda sirk sungaty diňe bir täzeden dikeldilmän, eýsem, medeniýetli dynç almakda mynasyp ornuny hem tapdy. Baýramçylyk günlerinde daşary ýurtly iň gowy sirk toparlarynyň, hususan-da, Russiýanyň döwlet sirkiniň, şol sanda dünýä sirk sungatyny “Tans edýän begamotlar”, “Günorta Amerikanyň ýyrtyjyylary”, “Ýolbarslaryň arasynda ýalňyzlykda” hem-de “Professor Kreýziň barlaghanasy” atly gözbagçylyk we beýleki çykyşlar bilen baýlaşdyran Wernadskiý şaýolundaky uly Moskwa sirkiniň ýurdumyzda çykyş etmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, zehinli ýaşlary höweslendirmekde, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini peýdalanmakda sirk sungatynyň wajyp ähmiýeti bar. Çünki ol hem edil sungatyň beýleki görnüşleri ýaly täsin bolmak bilen, adamzadyň ruhy we beden güýçleriniň sazlaşygyny ýüze çykaryp, adamlaryň kämilleşmegine ýardam edýär. Muňa türkmen jigitleriniň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Hytaýda halkara sirk festiwalynda Gran-pri baýragyny eýelemegi hem şaýatlyk edýär. Türkmen jigitleriniň dünýäniň 22 ýurdundan sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar hökmünde ykrar edilip, festiwalyň baş baýragy - Altyn kubok bilen nobatdaky gezek sylaglanmagy Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza ildeşlerimiziň buýsanjyny has hem artdyrdy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda çykyş edip, sirk muşdaklaryny haýran galdyrdy. Topar sirk sungatynyň abraýly halkara bäsleşiklerinde we festiwallarynda ençeme gezek ýeňmegi başardy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermegi netijesinde guralan Russiýanyň “Rosgossirk” sirkiniň çykyşlary iki dostlukly halkyň medeni gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir ajaýyp sahypa öwrüler. Russiýadan gelen sirk ussatlarynyň ajaýyp döredijilik baýramçylygy ýurdumyzyň paýtagtynda ýetip gelýän 2016-njy ýylyň 17-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir