24.12.2015 ý. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda bir gije-gündizde 50 müň kub metr içimlik suwy öndürýän täze kärhana ulanmaga tabşyryldy. Baş önümçilik binasynda Germaniýanyň “Grundfos”meşhur firmasynyň ýokary öndürijilikli enjamlary oturdylypdyr. Olar suwy arassalamak boýunça tehnologik tapgyrlarda peýdalanylýar. Işleri dolandyrmak doly awtomatlaşdyrylypdyr, peýdalanylmaga taýýar edilen suw ýörite göwrümleriň ikisine doldurylýar, şol ýerden bolsa täze suw geçiriji boýunça sarp edijilere ýetiriler. Kärhananyň toplumyna, şeýle hem sorujy bereketleriň dördüsi, reagentleriň bölümi, dolandyryş binasy hem-de beýleki düzümleýin desgalar girýär. Täze desga welaýatda soňky ýyllarda gurlan şonuň ýaly desgalaryň sanyny artdyrdy. Ozal şeýle desga Daşoguz şäherinde, tarp ýerli Ruhubelent etrabynyň “Tüni derýa” hem-de S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň “Bitaraplyk” geňeşliklerinde gurlupdy. Içimlik suwy öndürjek täze kärhanalaryň gurluşyklary etraplaryň ýene-de birnäseçinde alnyp barylýar. Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary şu gün dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsinde jaý toýlaryny tutdylar. Olaryň her biriniň umumy meýdany 3 müň inedördül metrden geçip, olaryň 2,5 müňden gowrak inedördül metri ýaşamak üçin niýetlenendir. Jaýlar demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkeziniň tiz ösýän ýaşaýyş toplumy bolan “Nowruz-2” kiçi etrapçasynda bina edildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň her birinde dört we üç otagly öýleriň on altysy göz öňünde tutulypdyr. Olaryň daşky bezeginde häzirki zaman gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Täze jaýlarda oňaýly ýaşamak üçin hemme zerur amatlyklar döredilipdir, şol sanda merkezleşdirilen suw-ýylylyk hem-de energiýa üpjünçilik ulgamy bar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir