24.12.2015 ý. Maslahat köşgünde ýaşlaryň “Ýylyň parlak ýyldyzy-2015” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, oňa teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň pikiri boýunça has mynasyp görlenler, şu ada dalaşgärler, Türkmenistanyň tanymal estrada aýdymçylary, saz sungatynyň ussatlary, medeniýet işgärleri, köpsanly adamlar ýygnandylar. Indi 7-nji gezek geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” – ýaş aýdymçylaryň bäsleşigi aýdymçylaryň hünär kämilligini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň saz sungatyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bäsleşik her ýylda Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralýar. Bäsleşige gatnaşyjylary seçip almak ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda başlanýar hem-de her ýyl döredijilik bäsleşiginde ýaş zehinleriň köpsanlysyny ýüze çykarmak başardýar. Olaryň käbiri çeper höwesjeň hökmünde belli bolsa, birnäçesi eýýäm dürli bäsleşiklere, mysal üçin, “Ýaňlan, Diýarym!” ýaly bäsleşige gatnaşyp tejribe topladylar, beýlekiler bolsa döredijilik boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýa-da ýakynda orta mekdepleri tamamlan ýaşlardyr. Olaryň hemmesi üçin aýdym aýtmak sungaty durmuşynyň manysyna öwrüldi. Deslapky tapgyrlaryň barşynda oglanlaryň we gyzlaryň ýüzlerçesi diňlenildi hem-de aýdym aýtmak, märekäniň ünsüni özüne çekmek aýratynlyklary bilen tapawutlanýan has zehinli dalaşgärler saýlanyp alyndy. Ýaş aýdymçylara “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmäge mümkinçilik döredildi. Şu döwürde teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler aýdymçylaryň çykyşlary boýunça olaryň zehinine baha berip, SMS arkaly aýdymçylaryň haýsy-da bolsa birine öz seslerini berdiler. Sesleriň sany boýunça jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň 11-si kesgitlenildi, bu gezek olaryň arasynda ekizler hem çykyş etdiler . Indi olar üçin has jogapkärli tapgyr başlandy, olar öz muşdaklarynyň ynamyny ödäp, paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň uly zalynda, baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen sahnadaky Täze ýyl arçasynyň ýanynda, talap ediji we şol bir wagtyň özünde hoşniýetli märekäniň öňünde öz ukyplaryny görkezdiler. Jemleýji tapgyrda teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň seslerine düzüminde türkmen sahna ussatlary, artistler, aýdymçylar, kompozitorlar we saz mugallymlary, şahyrlar bolan bäsleşigiň abraýly emin agzalarynyň pikirleri nazarda tutuldy. Tomaşaçylaryň arasynda öňki ýyllarda şeýle bäsleşiklerde üstün çykanlar hem bar. Bäsleşigiň şertlerine görä, jemleýji tapgyrda dalaşgärler iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi. Şunuň ýaly synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ukybyny, märeke bilen gatnaşygy sazlamaga başarnygyny äşgär etmäge mümkinçilik berdi. Sahnada meşhur, köpleriň söýgüsini gazanan aýdymlar ýaňlandy. Aýdym-sazly bäsleşik döredijilik we hoşniýetlilik ýagdaýynda geçdi. Bu duýgular bäsleşige gatnaşyjylaryň hem-de tomaşaçylaryň arasynda äşgär duýuldy. Her bir aýdymçynyň çykyşyndan soňra, emin agzalary oý-pikirlerini aýdyp, maslahat berdiler. Soňra tomaçylar belgili ýörite kartoçkalar arkaly ses berdiler. Sesler sanalýan pursady sahnada ýetip gelýän Täze ýyla, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy. Şeýlelikde, sesleri sanamak tamamlandy we alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bu döredijilik bäsleşiginde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nurýagdy Rejebow ýeňiji hökmünde yglan edildi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijisine “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly göçme Kubok we höweslendiriji baýrak gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, birinji we ikinji orunlary eýelänler üçin sylaglar göz öňünde tutuldy. Bu orunlary degişlilikde paýtagtymyzyň Medeniýet müdirliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň artisti Züleýha Kakaýewa we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ahmet Atajanow eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine döredijilikli gözlegler we üstünlikler baradaky arzuwlar aýdyldy. Çykyş edenler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içgin üns bermegi netijesinde döredijilik mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ukyplaryny ýüze çykarmak üçin ýaşlara ähli şertleriň döredilendigini aýratyn bellediler.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir