Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyz giň gerimli durmuş-ykdysady we medeni-gumanitar maksatnamalary amala aşyrýan, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edildi. Ýurdumyzyň gazanýan netijeleri üstümizdäki Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ösüş arkaly asudalygyň we bagtyýarlygyň has-da dabaralanjakdygyny alamatlandyrýar. Çünki durnukly we yzygiderli ösüş jemgyýeti jebisleşdirmek, agzybirlige itermek arkaly parahatçylygy üpjün edýär. Häzirki wagtda döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan daşary syýasatyna dünýäde yzygiderli ösüş gazanmagyň möhüm, aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän daşary syýasatynyň ykrar edilmeginiň düýp mazmuny onuň dünýä syýasatynyň has möhüm meseleleriniň arasynda parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, dürli döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge uly ähmiýet berýänliginde jemlenýär. Ýurt Baştutanymyzyň öňe sürýän parahatçylygyň, energetika hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag logistika merkeziniň döredilmegi ýaly meseleler babatyndaky halkara başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi olary çözmegiň ählumumy durnukly ösüşi gazanmagyň baş şerti bolup durýandygy bilen şertlendirilýär. Türkmenistanyň umumadamzat ähmiýetli ösüşe uly goşant goşmaga ygrarlydygyny geçen ýylyň dowamynda bolup geçen taryhy wakalar — ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi; paýtagtymyzda Energetika Hartiýasynyň forumynyň geçirilmegi; döwletimiziň 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň Başlyklygyna saýlanmagy; Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demirýolunyň ulanylmaga berilmegi; Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi; hormatly Prezidentimize halkara sergiler edarasynyň Altyn medalynyň gowşurylmagy hem aýdyň tassyklaýar. Halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleriniň oňyn çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmek ýaly wajyp ugurlar sazlaşykly ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny hem berkidýär. Durnukly ösüş ýörelgesi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu sazlaşygyň esasynda halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen adamyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, şol sanda her bir raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň goragynyň üpjün edilmegi, ilatyň jan saglygynyň berkidilmegi, ylym-bilim kuwwatynyň döwre laýyklykda ösdürilmegi, innowasion çemeleşmeleriň ähli ulgamlarda ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylan döwletli işler Watanymyza, milli Liderimize buýsanjymyzy artdyrýar. Häzirki zaman şertlerinde innowasion işjeňlik jemgyýetiň talaplaryny doly kanagatlandyrmaga, ilaty hyzmatlaryň we önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün etmäge hem-de önümçiligiň tehnologiýa usulyýetine düýpli üýtgetmeleri girizmäge ýardam berýär. Hut şonuň üçin-de innowasion ösüş dünýä döwletleriniň ählisiniň durnukly ykdysady ösüşiniň esasynda durýar. Bilime esaslanýan ykdysadyýetiň innowasion ugruna taý gelýän başga bir usulyň ýokdugyna dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Çünki häzirki wagtda innowasiýanyň dürli çygyrlaryny öz içine alýan täze önümleri, hyzmatlary we tehnologiýa işjeňligini döretmek, ornaşdyrmak we giňden ýaýratmak önümçiligiň möçberiniň ýokarlanmagynyň, ilatyň iş bilen üpjün edilmeginiň, maýa goýumlaryny, daşary söwda aýlanşygynyň kesgitleýji şerti bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilýän işjeň innowasion syýasatyň wezipeleriniň maksadalaýykdygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Häzirki wagtda döwletimizde häsiýetli aýratynlyklaryna hem-de ulanyş maksatlaryna laýyklykda dünýäde tapawutlanýan innowasion işiniň birnäçe görnüşleri giňden ornaşdyrylýar. Hususan-da, önümleri öndürmekde täze tilsimatlary ulanmaga gönükdirilen tehnologik innowasiýa milli ykdysadyýetimizde giňden peýdalanylýar. Tehnologik innowasiýa pudagyň ösüşine we önümçiligi täze tilsimat bilen üpjün etmäge esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli çäreleriň ähli görnüşleriniň döwrebap kanunçylyk esasyny üpjün edýän we kadalaşdyrýan hukuk innowasiýalarynyň ornaşdyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki jemgyýetiň zerurlyklaryny nazara almak we kämil nesli kemala getirmek babatynda wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen hukuk ähmiýetli innowasiýalar jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlarynyň esasynda durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk bolçulygyny üpjün etmek, obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşlerini artdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen saçagynyň bereketi, gözel tebigatymyzyň baş baýlygy bolan ene ýer halkymyza öz genji-hazynasyndan jomartlyk bilen eçilýär. Merdana gallaçylarymyzyň döwlete 1 million 200 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý hasylyny, pagtaçylarymyzyň hem Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrandyklary munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ulanylmaga berilýän döwrebap desgalar bolsa, öndürilýän bugdaý hasylyny gaýtadan işlemäge we olary aýawly saklamagyň hilini ýokarlandyrmaga, bugdaýyň ekologiýa taýdan arassa hilliligini üpjün etmäge öz täsirini ýetirýär. Öndürilýän önümleriň ýokary hilliligi we ekologiýa taýdan arassalygy dünýä bazarlarynda sarp edijiler tarapyndan isleg bildirilýän, alyjylaryň uly gyzyklanmasyny döredýän esasy şert bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa taýdan arassa önümler dünýä ykdysadyýetinde Türkmenistanyň import kuwwatyny artdyrmaga ýardam bermek bilen birlikde halkymyzyň baş baýlygy bolan jan saglygynyň üpjün edilmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. 2014-nji ýylda kabul edilen «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» we «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň täze kanunlary bolsa bu ugurdaky netijeli işleriň kämil hem-de toplumlaýyn hukuk esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edýän Türkmenistan döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Munuň 2015-nji ýylda hem döwletimiziň bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine eýermek arkaly ählumumy durnukly ösüşe mynasyp goşant goşjakdygynyň aýdyň alamaty bolup durýar. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir