Kämahal ýekeje jümläniň tutuş halkyň ykbalyny nurlandyryp goýberişini görüp, sözüň güýjüne haýranlar galýarsyň. Indi on dört ýylyň içidir, türkmeniň özbaşdak milli ýoluny şuglalandyran «Bitaraplyk» sözi-de biziň kalplarymyzda örän ägirt güýje, gudrata eýe mukaddes kelam hökmünde ýaşaýar. Bitaraplyk. Bary-ýogy ýekeje sözden hasyl bolan bu jümle, gör, nähili uly manyny özünde jemleýär?! Edil «Dünýä» sözüniň gözümiziň görýän we aňymyzyň ýetýän zatlarynyň ählisini özüne siňdirip bilşi ýaly, Bitaraplyk düşü njesi-de mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soň biziň durmuşymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýän zerurlyklaryň bir jümlede aňladylmasy bolup ýaňlanýar. Hut şonuň üçinem biz Bitaraplyga döwletimiziň ömrüniň müdimi bolmagynyň, halkymyzyň hemişelik asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň kepili diýýäris. Aslynda, türkmen Bitaraplygy diňe bir öz Watanymyzyň däl, eýsem tutuş sebitiň, galyberse-de bütin dünýäniň asudalygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Çünki ebedinde ähli zatlaryň özara baglanyşykly ýaradylyşy ýaly, dünýä döwletleri-de birek-birekden üzňe ýaşaýan däldir. Haýsam bolsa bir döwletiň gurply, halkynyň parahat ýaşamagynyň ilkinji şerti köp derejede onuň beýleki döwletler bilen alyp barýan hoşmeýilli gatnaşyklaryna baglydyr. Beýleki döwletler bilen özara bähbitli ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň baý hem dünýe içre abraýly bolýandygy şübhesizdir. Munuň şeýledigini biz öz döwletimiziň mysalynda-da göre-göre gelýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň hoşmeýilli daşary syýasaty bilen Türkmen döwletini tutuş Ýer ýüzüne giňden ykrar etdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen häzirki döwürde dünýä meşhur kompaniýalaryň ençemesi türkmen topragynda uly işleri alyp barýarlar. Elbetde, milli Liderimiziň ykdysadyýetde «Açyk gapylara», syýasy gatnaşyklarda hoşmeýilli bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä döwletlerinde Türkmenistana bolan uly gyzyklanmany döredendigini aýtmak gerek. Sebäbi hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara edýän saparlarynda Bitarap döwletiň Lideri hökmünde türkmene mahsus göwnaçyklyk we dostanalyk bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk etjek ähli işewür toparlar üçin Türkmenistanyň gapysynyň giňden açykdygyny aýdýar. Bitaraplyk ýoluny berk ýöredýän Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri, maýa goýumlaryny goýmaklary üçin ähli şertleriň bardygyny anyk delilleriň üsti bilen düşündirýär. Daşary ýurtly işewür toparlaryň baştutanlary bilen bolýan şeýle söhbetdeşliklerde hormatly Prezidentimiziň gürrüňleriniň özeninden hoşmeýilli Bitaraplygymyzyň eriş-argaç bolup geçmegi-de tötänleýin däldir. Çünki asuda hem parahat durmuşda ýaşaýan Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesi dünýä işewürleri üçin-de uzakmöhletleýin we netijeli işleşmekligiň kepili bolup durýar. Ýurduň içerki durmuşynda hem-de daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklarymyzda baky Bitaraplygymyzyň orny hakda oýlandygyňça, onuň ähmiýeti barha artýar. Şoňa görä-de baky Bitaraplygymyzyň bu günki hem-de ertirki röwşen günlerimizdäki ägirt uly ähmiýetini aýdyp ýa-da ýazyp beýan edip bolaram öýdemok. Ony diňe tüýs türkmen ýüregiň bilen duýup hem-de oňa guwanyp bolar. Baky Bitaraplyk bagty çüwen türkmeniň çykan bijesi ýa-da tötänleýin bir zat däl. Onuň dünýäniň ýüzlerçe döwletleriniň içinden ala-böle Türkmen döwletiniň paýyna düşmeginiň birnäçe düýpli sebäpleri bar. Şol sebäpleriň esasylarynyň biri hem bu günki Bitaraplygymyzyň mazmunyna gabat gelýän sypatlaryň türkmen ruhuna juda golaýlygydyr. Eýsem-de, häzirki baky Bitaraplygymyzyň türkmen ruhuna ýakynlygy halkymyzyň haýsy häsiýetlerinde ýüze çykýar? Dogrusyny aýtsaň, bu ýakynlygy türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen we kämilleşen ahlak sypatlarynyň ählisinde-de görmek bolýar. Meselem, türkmen öňden-ahyra parahatçylygy, asudalygy, başga biriniň içki işine goşulyşmazlygy, goňşular bilen oňşukly ýaşamagy barça zatdan ileri tutupdyr. Mydama Allatagaladan saglyk bilen bir hatarda asmanyň asudalygyny, ýurt parahatçylygyny diläpdir. Eger, üns berýän bolsaňyz, häzirlerem kanagatly türkmen her aýat-dogadan ýa-da töwirden soň Allatagaladan baýlyk, harwar-harwar gyzyl dileýän däldir. Emma jan saglygyny, baş dikligini, agzybirligi, asudalygy, ýurt abadanlygyny welin hökman dileýändir. Diýmek, parahatçylyga, ähli halklar bilen asuda ýaşaýşa, agzybirlige bolan isleg türkmen halkynyň ruhunda, ganynda bar. Şonuň üçinem häzirki döwlet derejesindäki baky Bitaraplygymyz öz köklerini her bir türkmeniň göwün küýseginden, ata-baba dowam edip gelýän göňşynyň-goňşa bolan sylagyndan, hormatyndan, hoşmeýilli garaýşyndan alyp gaýdýar. Biziň halkymyzda şeýle häsiýetler ýöne ýerden kemala gelmändir. Aslynda ähli zat, şol sanda adam ahlagynyň, hüý-häsiýetiniň özboluşly aýratynlyga eýe bolşy-da içki we daşky şertlere, täsirlere bagly bolýar. Türkmen bolsa, owalbaşda dürli halklaryň, dürli medeniýetleriň, dürli milletleriň biri-biri bilen baglanyşýan, täsirleşýän sebitinde – Aziýanyň we Ýewropanyň, Gündogaryň we Günbataryň, Günortanyň we Demirgazygyň çatrygynda özboluşly ruh hökmünde orta çykdy. Munuň özi türkmende ähli millete deň göz bilen garaýan özboluşly milli häsiýeti we milli ahlagy kemala getirdi. Şoňa görä-de türkmen öz asly boýunça köptaraplylygy süňňüne siňdiren halkdyr. Onuň dilinde-de, häsiýetinde-de, durmuş pelsepesinde-de özgeleriň aýratynlygyna düşünmek, olaryň däp-dessuryny, edim-gylymyny, medeniýetini hormatlamak aýratynlygy bardyr. Başgaça aýdanyňda, türkmen üçin ruhy taýdan ýat millet ýokdur. «Beýik Ýüpek ýolunyň» çatrygynda ýaşan türkmen ähli milletler bilen ýakyn dostluk we söwda gatnaşygyny saklapdyr. Kalby Allaly ata-babalarymyz milletleriň ählisine deň göz bilen seredipdirler. Hatda başga bir döwletiň, milletiň wekilleri bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny açyp, göwni ýeten adamlary bilen dogan okaşypdyrlar. Munuň şeýledigine eposlarymyzdyr dessanlarymyzy okanyňda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, çar tarapyň döwletleri bilen il bolup ýaşamagyň arzuwynda gezipdir. Halkyň bu arzuwy Magtymguly Pyragynyň: «Goýun kibi çar tarapa il bolgul!» diýen setirinde öz beýanyny tapýar. Elbetde dil ýönekeý bir zat däl, ol – ynsan kalbynyň, ruhunyň aýnasy. Şonuň üçinem akyldar şahyryň bu setiri şol döwürdäki türkmen ruhuny, onuň isleg-arzuwyny açyp görkezýär. Il bolmak – goňşular bilen, özge halklar bilen agzybirlikde düşünişip ýaşamagy, hoşmeýilli dostana gatnaşyk etmegi aňladýar. Başgaça aýdanymyzda, Magtymguly Pyragynyň «çar tarapa il bolgul» diýen setirleri her bir türkmen kalbynyň özge milletlere bolan hoşniýetli garaýşynyň şahyrana ýaňlanmasydyr. Hut şoňa görä-de, türkmen halky ýigriminji ýüzýyllygyň ahyrynda täze halkara ýörelgelerine esas bolup biljek pelsepäni we hoşmeýilli syýasaty kemala getiren millet bolup orta çykdy. Halkyň bu pelsepesi we beýleki milletlere bolan hoşmeýilli syýasaty 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilip, Türkmenistan Watanymyza baky Bitaraplyk derejesi berildi. Baky Bitaraplygymyz türkmen halkynyň maňlaýyndan ak Gün bolup dogdy. Çünki ol türkmene parahat ýurtda bagtyýar durmuşda, baky asudalykda ýaşap öz nesillerini ösdürip-örňetmäge, halal zähmet çekip eziz Watanyny gülletmäge giň hukuklary berdi. Emma hemişelik abadançylygymyzyň kepili bolan baky Bitaraplygymyzyň Türkmen döwletine diňe bir uly hukuklary bermän, onuň öňünde uly borçlary goýýandygyny-da aýtmak gerek. Biziň döwletimiziň öňünde durýan esasy borçlaryň biri-de mydama agzybirligiň tarapynda çykyş edip, halkara meselelerine ýa-da haýsydyr bir döwletiň meselesine degişli garaýşymyzy dünýä guramalarynyň, aýratynam, Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen aýan etmekdir. Elbetde, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz borçlaryny elmydama üstünlikli berjaý edýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji sessiýasynda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýa hem, milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda ählumumy howpsuzlyk meselesinde orta atan anyk teklipleri hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň baky Bitaraplyk ýörelgesini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirýär we ösdürýär. Muňa mysal hökmünde hut milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde BMG-niň «Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň», Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa öýüniň» açylmagyny ýatlamak ýeterlikdir. Bu merkezler tutuş sebitde parahatçylygy berkitmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen täze mazmuna eýe bolan baky Bitaraplygymyz diňe bir öz ýurdumyzyň içerki ýa-da daşarky durmuşyna oňyn täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, dünýäniň çar künjeginde mekan tutan arkadaşlarymyzyň durmuşyny-da has nurlandyrdy. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlete dahylly ynsanlar hökmünde, edil ata Watanymyzyň raýatlary ýaly, daşary ýurtly türkmenleriňem abraýy bir gez beýgeldi. Dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen Liderine, türkmen döwletine, türkmen halkyna bolan mähirli garaýşy olaryňam abraýyny arşa göterdi. ...Hawa, halkymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-islegleriniň miwesi bolan baky Bitaraplygymyz biziň üçin dünýäniň gapylaryny giňden açdy. Şonuň üçin-de biz hormatly döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde sebitdäki goňşy döwletlerdir dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary giňden ýola goýýarys. Başgaça aýdanymyzda, akyldar atamyz Magtymgulynyň arzuwyny amala aşyryp, çar tarapymyz bilen il bolup ýaşaýarys. Wagt, menzil bilen ölçegi bolmadyk baky Bitaraplyk hukugyna eýe bolan türkmen Bagt dagynyň çür depesine çykdy. Indi bize diňe arassa, päk zähmetimiz bilen gözel diýarymyzy has-da gülletmek bagty garaşýar. Hudaýa şükür, asly halal halkymyz milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, agzybirlikde zähmet çekýär. Onsoň halkymyzyň öz öňünde goýan her bir maksadyna abraý bilen ýetjekdigine hiç hili şübhe ýok. Goý, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda baky Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, bütin dünýä asudalygyň we ösüşiň täze ýoluny görkezip bilen türkmeniň geljegi elmydama nurly bolsun! Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir