Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda türkmeniň ynsanperwer ýörelgeleriniň giň mümkinçilikleri has-da dabaralanýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi döwletimiziň giň gerimli döwlet maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň serişdesine öwrülýär. Munuň özi Diýarymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmelidigini, onuň ýörelgeleriniň halkara syýasatynyň aýrylmaz we esasy şertlerine öwrülmelidigini belleýär. Türkmenistan öz Bitaraplygyny dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, taraplara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirýär. Watanymyz Birleşen Milletler Guramasyna agza bolan ilkinji gününden bäri öz syýasatyny umumadamzat bähbitlerini milli bähbitlerimiz bilen utgaşdyrmak esasynda alyp barýar. Ýurdumyz bu abraýly halkara guramasynyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esasda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýar. Netijede, şu ýylyň 3-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etmek bilen, Watanymyzyň ynsanperwer ýörelgesini ýene-de goldaýanlygyny beýan etdi. Munuň özi Bitarap Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, milletler bileleşiginiň biziň parahatçylyk söýüji syýasatymyzy doly ykrar edýändiginiň iň bir aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň daşary syýasat strategiýasynda BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeldýändigi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň bu abraýly halkara guramasynyň düzümine girýän edaralaryň birnäçesiniň agzalygyna kabul edilmegi bu babatda alnyp barylýan işleriň ykrarynyň özboluşly subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Muňa BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrinsiň bitaraplygyň türkmen modeliniň BMG-niň ýörelgeleri we maksatlary bilen sazlaşyklydygyny, munuň ýurtlaryň ähli düzümleri bilen giň möçberli gatnaşyklaryň giňeldilmegini şertlendirýändigini bellemegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Görşümiz ýaly, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, Türkmen döwleti parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde abraýyny pugtalandyrýar. Bitaraplygyň ynsanperwerlik jähetleri döwletimiziň demokratik ösüşiniň many-mazmuny bilen hem ýakyndan baglanyşyklydyr. Ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilip, halkara hukugynyň kadalarynda bellenilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar edýär hem-de hormatlaýar. Ynsanperwerlige gönükdirilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy, Gyzyl Haç, Gyzyl Ýarymaý ýaly ençeme halkara guramalaryň agzasy bolmagy Türkmenistana dünýä birleşiginiň öňündäki borçnamalaryny durmuşa ornaşdyrmaga oňyn itergi berýär. Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän döwletimiziň Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, goňşy ýurduň asuda durmuşyny dikeltmäge iş ýüzünde goşýan uly goşandy munuň aýdyň mysaly hökmünde çykyş edýär. Goňşy ýurduň halkyna yzygiderli goldaw bermegi Türkmenistanyň tutuş sebitiň bähbidine däbe öwrülen gatnaşyklary has-da ösdürmegi ugur edinýändigini görkezýär. Şonuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň döwletimizde saparda bolan mahaly türkmen halkyna mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk däbine ygrarlylyk bilen Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli iberýändigini, onuň durmuş ykdysady düzümini dikeltmäge uly goldaw berýändigini aýratyn belländigini ýatlamak ýerlikli bolar. Umuman, «Ösüş arkaly parahatçylyk!» ýörelgesini öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan özüne berlen hemişelik Bitaraplyk hukugynyň gymmatyna oňat düşünip, halkara jemgyýetçiliginiň ynamyny gazanýar hem-de dünýäniň parahat, asuda geljegini berkarar etmek ugrunda uly tagallalary edýär. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir