Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilenine 20 ýyl dolýar. Şu taryhy waka bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2015-nji ýyl — Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Taryh üçin juda gysga döwürde türkmen bitaraplygy, ýagny döwletimiziň halkara-hukuk ýagdaýy barha kämilleşmek bilen, tebigatyna birsyhly açylmak, netijeliligine bolsa ýokarlanmak mahsus boldy. Milli Liderimiziň 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň daşary-syýasy ugruny kesgitläp, ony durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar, beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde syýasy hem-de hukuk taýdan pugta binýat bolup hyzmat edýär. Şu jähetden, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň taryhyna, onuň geçen şöhratly ýoluna gysgaça ser salmak türkmeniň ynsanperwerlik ýörelgesiniň ähmiýetine has-da aýdyň düşünmäge ýardam edýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy we şu günki günlerimizde bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekdäki orny barada gürrüňe başlamak bilen, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet bolandygyny nygtap geçeliň. Çünki döwletimiz halkymyzyň asylly däpleriniň esasynda hemişelik, oňyn bitarap syýasaty işläp taýýarlamagy we ony kabul etmegi özbaşdaklyga eýe bolanyndan soň karar etdi. Şol bir wagtyň özünde bu syýasatyň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, olaryň özbaşdaklygyny, çäk bütewiligini hormatlamak, özara peýdaly gatnaşyklar, halkara harby guramalara we ylalaşyklara gatnaşmazlyk, halkara meselelerini syýasy hem-de diplomatik ýollar arkaly çözmek ýaly esas goýujy düzgünlerini işläp taýýarlady. Beýle etmek bilen, ilkinji nobatda halkymyzyň, döwletimiziň milli bähbitleri göz öňünde tutuldy, diňe şeýle syýasatyň ýurdumyzyň bähbitlerine has doly laýyk geljekdiginden, onuň milletimize öz goňşulary bilen parahatçylykda we asudalykda ýaşaşmaga, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alyndy. Meniň gürrüňini etmekçi bolýan indiki meseläm, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» ýörite Rezolýusiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmegi üçin döwletimiziň bu gurama teklip etmegine nämäniň sebäp bolanlygydyr. Hemişelik we oňyn bitaraplyk syýasatyny saýlap alan döwletimiz bu ýörelgesiniň BMG tarapyndan ykrar edilmegini isledi. Şol döwürde bu iş Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ileri tutulan wezipesi boldy. Şunlukda, BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolup geçen 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýany kabul etdi hem-de Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi Watanymyzyň bitarap döwlet hökmünde ykrar edilendigini, dünýä halklarynyň ýurdumyzyň bitarap syýasatyny goldaýandygyny aňladýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna käbir düýpli aýratynlyklar, başgaça aýdanymyzda seýrek sypatlar mahsusdyr. Bilşimiz ýaly, häzir dünýäde bitaraplygy dürli ýagdaýlarda we wagtlarda kabul edip, ony öz daşary syýasatynyň esasy hökmünde peýdalanýan ýurtlar bar. Şol döwletleriň arasynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmegini gazanan ilkinji ýurtdur. Türkmenistanyň bitaraplygynyň seýrek sypatlary şulardyr: ozaly bilen, Bitaraplyk ýurdumyzyň taryhyny, onuň häzirki içerki hakykatyny, geografiki we geosyýasy ýagdaýyny, türkmen halkynyň asylly däplerini şöhlelendirýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ikinji sypaty — onuň gelip çykyşy boýunça ykrar edilenligidir. Muny BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýasy hem doly tassyklaýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygy özüniň görnüşi boýunça hemişelikdir, başgaça aýdanymyzda, ol wagt boýunça çäklendirilen däldir we harby ýagdaýda-da, parahatçylykly döwürde hem hereket edýändir. Galyberse-de, özüniň mazmuny boýunça oňyndyr ýa-da konstruktiwdir. Munuň özi parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, döwletleriň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde döwletimiziň işjeň hereketini aňladýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň halkara gatnaşyklaryna aýratyn itergi berýär. Türkmenistan ähli ýurtlar bilen özara peýdaly, dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar we ösdürýär. Mysal üçin, häzirki wagtda Türkmenistan 132 sany halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşýar, dünýäniň 134 döwleti bilen ýola goýan diplomatik gatnaşyklaryny dürli çäklerde ösdürýär, şeýle hem halkara guramalaryň 44-siniň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň daşary syýasy ugry ählumumy we sebitleýin parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda merkezi strategik orny eýeleýär. Çünki BMG ýeke-täk uniwersal gurluşdyr we ol halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň binýady bolup durýar. Ol parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meselelerini çözmäge, şeýle hem döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge borçludyr. Türkmenistan möhüm sebitleýin we ählumumy meseleleriň çözülmeginde işjeň orny eýelemek bilen, parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi gorap saklamaklyga gönükdirilen iri daşary syýasy başlangyçlardyr teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Mysal üçin, döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisindäki parahatçylyk we howpsuzlyk; energetika howpsuzlygy; ulag boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek; ynsanperwer meseleler; ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly dürli çäklerdäki ençeme başlangyçlary giň gollanma mynasyp boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Şol Rezolýusiýanyň esasynda 2014-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Aşgabatda energetika çäginde ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini öz içine alýan resminamany, has takygy, BMG-niň Konwensiýasynyň taslamasyny taýýarlamakdan ybarat bolan halkara ekspertler toparynyň ilkinji duşuşygy bolup geçdi. Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde Watanymyzyň tagallalaryna ýene-de bir mysal: 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahat boldy. Bu maslahat ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine uly itergi berdi. Maslahatda gol çekilen resminamalar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşýan döwletler tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy we makullandy. Netijede, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýasy biragyzdan kabul edildi. Bu resminama BMG-niň agza döwletlerini, halkara we sebitleýin guramalary ulag boýunça hyzmatdaşlyga başlamaga hem ony işjeňleşdirmäge çagyrdy. Türkmenistanyň bitarap syýasaty parahatçylyk dörediji güýje eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz özüniň halkara parahatçylygyny döretmek boýunça işini has-da işjeňleşdirýär. 2015-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň tarapdary bolup durýandygy, goňşy ýurtda emele gelen ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmak üçin başlangyçlary öňe sürýändigi, şeýle-de täze, uzak geljege niýetlenen syýasy-diplomatik usullary herekete getirmek ugrunda çykyş edýändigi baradaky aýdylanlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty ylmy taýdan esaslandyrylan resminama — «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013 — 2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» esaslanýar. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasat işiniň ähli ugurlaryny öz içine almak bilen, bitaraplyk ýörelgeleriniň yzygiderli amala aşyrylmagyna, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleriniň pugtalandyrylmagyna esaslanýan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Şunlukda, döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň tejribesi türkmen bitaraplygynyň kuwwatynyň çäksizdigini we durmuşa ukyplydygyny, bu nusganyň häzirki şertlerde milli bähbitleri üpjün etmek üçin has täsirli maksatnamadygyny görkezýär. Şeýle hem onuň halklaryň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň hakyky guralyna öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şu jähetden, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzyň has-da uly üstünliklere eýe boljakdygy, halkara giňişligindäki abraýyny has-da beýgeltjekligi aýdyňdyr. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir