Özüniň daşary syýasatynda elmydama hoşniýetlilige, ynsanperwerlige, iki tarapa bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary sarpa goýýan hormatly döwlet Baştutanymyz dünýäniň iri halkara guramalary, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga hem uly orun berýär. Şonuň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz dünýäniň dürli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen hil taýdan täze gatnaşyklary ýola goýýar. Häzirki döwürde biziň döwletimiz dünýäniň 130-dan gowrak ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar, halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň hem 130-dan gowragyna gatnaşýar, halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty netijesinde, dünýäniň goňşy hem-de alysdaky döwletleri bilen dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz barha rowaçlanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny resmi taýdan ykrar etmegi, biziň ýurdumyzyň paýtagtynyň Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegine esas boldy. Milli Liderimiziň başlangyçlary we tagallalary netijesinde, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi döredildi. Merkezi Aziýanyň strategiýa taýdan möhüm ähmiýetli geosyýasy ýagdaýa eýe bolan sebitinde möhüm meseleleriň giň toplumy bilen meşgullanýan bu Merkez dünýäde oňyn çözgüdini tapýan meselelere öz mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän daşary syýasatyndaky baş ugry dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda iň iri halkara guramasy tarapyndan elmydama gyzgyn goldaw tapýar. Muňa Türkmenistanyň 2007-nji, 2009-njy, 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji, 64-nji, 68-nji mejlislerinde wise-başlyklyga saýlanmagy hem güwä geçýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň wise-başlyklygyna, BMG-niň Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite Maksatnamasynyň (SPEKTA) başlyklygyna saýlanmagy, 2012 — 2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we Ösüş boýunça toparynyň, 2012 — 2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça toparynyň, şeýle hem hemişelik esasda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanmagy biziň döwletimiziň bu iri halkara guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk edýändiginiň we öz üstüne alan borçnamalaryny elmydama üstünlikli ýerine ýetirýändiginiň aýdyň görkezijileri bolup durýar. Biziň döwletimiziň 2013 — 2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS), 2013 — 2017-nji ýyllar üçin BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri guramasynyň (ÝUNESKO) Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna kabul edilmegi, Aşgabatda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň hereket etmegi baky Bitarap ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesiniň barha artmagyna getirdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy atly Rezolýusiýasynyň gaýtadan kabul edilmegi bolsa, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da arşa göterdi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hemişe ygrarly Türkmenistan döwletimizde 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýilip yglan edildi. Bu waka mähriban halkymyzyň baky Bitaraplygymyza bolan buýsanjyny, ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan guwanjyny has hem artdyrdy. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, daşary döwletlerde we halkara guramalarynda dürli syýasy jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. 9-njy iýulda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde baky Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýilip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralardyr çäreleriň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi. Hasabatda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara maslahatlaryň 74-siniň, metbugat maslahatlarynyň 15-siniň, medeni çäreleriň 25-siniň we sport çäreleriniň 41-siniň, umuman, hasabat berlen döwre çenli bu ugurda jemi 342 çäräniň geçirilendigi, şeýle işleriň ýene-de dowam etdirilýändigi habar berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan web-saýtyň hereket edýändigi we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mowzuklaýyn makalalaryň 152-siniň çap edilendigi, olarda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöredýän Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alýandygynyň beýan edilýändigi barada bellenildi. Hasabatlardan görnüşi ýaly, bu ähmiýetli wakanyň çäklerinde halkara derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 20 ýyl dolýar. Bu şanly waka mynasybetli şol gün «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçiriler. Bu halkara maslahatyň geçirilmeginiň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylmagy dünýäde ykrar edilen Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde badalga alan Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň başlanmagy bilen, oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmekligi ileri tutýan döwletimizde tutumly işleriň ençemesine badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň alty aýyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ikinji ýarymynda hem ýurdumyzda iri halkara maslahatlarynyň birnäçesi geçiriler. Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlary amala aşyrylar, daşary ýurtlaryň birnäçe hökümet wekiliýetleri öz ýurdumyzda kabul ediler. Eýýäm häzirki döwürde tutuş Zemini gurşap alan şeýle çäreler Türkmenistanyň hoşniýetli we adyl syýasatlaryny dünýä ýaýmakda möhüm hyzmatlary bitirýär. Şeýlelikde, ata Watanymyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly dünýä jemgyýetçiligine oňyn täsirini ýetirýän ýyl bolsun! Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir