Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň häzirki zaman binagärlik keşbini döretmek, ony dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň birine öwürmek meselesi Milli Liderimiziň elmydama üns merkezinde bolup durýar. Şoňa laýyklykda hem ak mermerli türkmen paýtagtynda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekligiň üstünlikli alnyp barylmagy netijesinde eziz paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerip, Aşgabat şäherimiz dünýäniň owadan, adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriň birine öwrülýär. Ine, düýn hem Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimiz 2013-nji ýylyň awgust aýynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga beripdi we bu taslamany durmuşa geçirmekligiň esasy aýratynlygy hem onuň amala aşyrylmagynyň türkmen hususy gurluşykçylaryna, ýagny Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagy bolupdy. Elbetde, hususy gurluşykçylarymyzyň gazanan bu üstünligi Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek barada edýän ýadawsyz aladalary bilen berk baglanşyklydyr. Ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa goýum taslamalaryna ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegi, hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, olara dünýäniň dürli ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk etmäge döwlet tarapyndan goldawlaryň berilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy ulgamyň orny barha artýar hem-de türkmen telekeçileri milli maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilmegine barha işjeň gatnaşýarlar. Bu toplumyň umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolup, ol 30-dan gowrak desgany, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sini, edara binalarynyň 12-sini, umumy bilim berýän mekdepleriň 2-sini, çagalar baglarynyň 2-sini, saglyk öýüni, söwda-dynç alyş merkezini we köp gatly awtomobil duralgalaryny öz içine alýar. Jemi 638 öýden ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sinde hem raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan we ýerasty awtoduralgalar bilen üpjün edilen hem-de ýanaşyk ýerlere dürli agaç nahallary we güller ekilen. Bu ajaýyp jaýlarda ýaşajak bagtyýar raýatlarymyzyň çagalarynyň bilim almaklary üçin her biri 600 orunlyk 2 sany mekdep we mekdep ýaşyna çenli çagalar üçin her biri 160 orunlyk 2 sany çagalar bagy gurulan we döwrebap enjamlar, şol sanda multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen. Bu toplumda raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan üç gatly täze Saglyk öýi hem gurlup, ulanylmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde ulanylmaga berlen desgalaryň hatarynda “Owadan” hyzmat ediş öýüni, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlary baş gullugynyň edara binasyny,”Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň edara binasyny,Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň täze binasyny,Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasyny, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimliginiň binasyny, “Türkmengaz” döwlet konserniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň binasy we “Bagtyýarlyk” söwda-dynç merkezini görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda binalary gurmak boýunça ýerine ýetiren işleri hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, obalarymyzyň we şäherlerimiziň gülläp ösmegine, ilatymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejeleriniň ýokarlanmagyna goşýan goşantlary üçin Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysyna we ähli agzalaryna öz minnetdarlygyny bildirdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypa ýazyldy.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir