2015-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Ýerwand Zaharýany kabul etdi. Işjeg ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi boýunça pikir alşyldy we ylym, energetika, senagat pudagy hem-de oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Soňra iki ýurduň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň gatnaşmaklarynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Geçirilen duşuşykda mejlisiň gün tertibine laýyklykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly wajyp meseleleriň birnäsine seredildi. Mejlisde söwda-ykdysady we maliýe ulgamlary, ýangyç-energetika, ulag pudaklary, medeniýet, sport we syýahatçylyk hem-de maglumatlary alyşmak baradaky meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistandan Ermenistana elektrik energiýasyny ibermek, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly boýunça ýükleri daşamaklygyň mümkinçilikleri, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler boýunça maslahatlaşyldy. Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B. Badalýan gatnaşdy.

Köneler, TDUayka tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir