Türkmeniň gadymdan gelýän at üstündäki milli oýunlary häli-häzire çenli özüniň täsirini ýitirmän gelýär. Aýratynam, «Telpek gapdy», «Çowgan», «Altyngabak» ýaly oýunlar ýurdumyzda geçirilýän milli baýramçylyklaryň özboluşly bezegi bolýar. «At üstündäki ýigitler oýnuna» bolsa biz hormatly Prezidentimiziň gurduran Atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän ýaryşlarda häli-şindi tomaşa edýäris. Mahlasy, at üstündäki oýunlar wagtyň geçmegi bilen özboluşly bir sungata öwrüldi. Täsirli milli sazyň ýaňlanmagynda türkmen ýigitleri at üstünde her hili çylşyrymly oýunlary ýerine ýetirmek bilen, türkmeniň edermen, gaýduwsyz, maksada okgunly halkdygyna aýan edýärler. At üstünde amala aşyrylýan şol oýunlar türkmen sirkinde has kämilleşip, olar sungat derejesine ýetirildi. Ýadyňyzda bolsa, baryp XX asyryň 60-70-nji ýyllarynda türkmen ýigitleriniň sirkdäki at üstündäki oýunlary bütin dünýä ýaň saldy. Owadan, syrdam ahalteke atlaryna atlanan ak telpekli, gyrmyzy donly türkmen ýigitlerini dünýäniň köp ýurtlarynda uly şowhun bilen garşy aldylar. At üstündäki çylşyrymly oýunlary ýerine ýetirýän ilkinji sirk toparyny döreden Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hojabaýewiň çapyp barýan atyň aşagyndan geçmek, atyň üstünde üç-dört adamyň gatnaşmagynda «piramida» döretmek ýaly täze oýunlary girizmegi, at üstündäki oýunlaryň hasam täsirli bolmagyna ýardam etdi. Bu topar ençe ýyllap dünýäniň aglaba sirkinde çykyş edip, türkmenleriň at üstündäki oýunlaryny, türkmen ahalteke bedewleriniň gözelligini, olaryň çydamlylygyny mahabatlandyryp geldiler. Meşhur tälimçi Döwlet Hojabaýewiň başlan bu ajaýyp işini onuň şägirtleri, meşhur sirk artistleri doganlar Amandurdy, Batyr, Baýramdurdy, Bäşim Annaýewler dowam etdirdiler. Bu ussatlaryň ýolbaşçylygyndaky atly topar hem at üstündäki täsirli oýunlarymyzy dünýäniň sirklerinde görkezip, türkmeniň abraýyna abraý goşdular. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň döwlet sirkiniň kaşaň binasynyň durky düýpli täzelenip, 2010-njy ýylyň 23-nji aprelinde işe başlamagy bilen, at üstündäki milli oýunlar has uly gerime eýe boldy. Ýigitdir gyzlarymyzyň ýerine ýetirýän çylşyrymly oýunlary döwrümiziň ajaýyp üstünlikleri bilen baglanyşdyrylyp, olar täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň döwlet sirkiniň ýanynda «Galkynyş» atly ýörite topar döredildi. Özünde zehinli ýigitdir gyzlary jemleýän at üstündäki bu milli oýunlar toparyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk edýär. Ussat tälimçi gysga wagtyň içinde öz topary bilen at üstündäki milli oýunlaryň diýseň täsirli we gyzykly görnüşlerini taýýarlady. Aýratyn bellemeli zat, «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar topary ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara, dabaralara yzygiderli gatnaşyp, dürli görnüşli täsirli oýunlaryny görkezip at-abraýa, uly hormata mynasyp bolýar. — Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparyna ýolbaşçylyk edýänime juda buýsanýaryn. Sebäbi biziň toparymyz türkmeniň gadymdan gelýän at üstündäki milli oýunlaryny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk kämilleşdirýän döwrebap döredijilik topary hökmünde köpçülige aýan boldy. At üstündäki milli oýunlar — bu özboluşly sungat, türkmen bedewiniň gözelligini beýan edýän, türkmen ýigitleriniň mertligini, maksada okgunlylygyny, ruhubelentligini giňden açyp görkezýän sungat. Muňa biz öz toparymyz bilen daşary ýurtlarda çykyş edenimizde has doly göz ýetirdik. Russiýa Federasiýasynda-da, Belarus Respublikasynda-da ýerli halk türkmen ýigitleriniň at üstündäki oýunlaryna uly höwes bilen tomaşa edip, haýran galyp, el çarpdylar. Biziň toparymyzda ýaş ýigitler bilen birlikde, at üstündäki milli oýunlara uly höwes edýän ýaş gyzlarymyz Selbi Şyhyýewa, Jennet Seýdiýewa, Ogulbossan Akmyradowa, Jahan Baýramdurdyýewa, Liliana Ýusubowa dagy hem üstünlikli çykyş edýärler. Nesip bolsa, ýakyn geljekde biz ýene-de daşary ýurtlarda çykyş etmegi meýilleşdirýäris. Häzir bolsa ýokary depginde Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görýäris. Şol baýramçylykda biz täsirli çykyşlar bilen tomaşaçylary begendirmegi maksat edinýäris — diýip, «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew gürrüň berýär. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir