( XVI asyr) Nejmeddin Kubranyň mazarynyň garşysynda ýerleşen ymarat Soltan Alynyň mazarydyr. Peştagyň gapysyndan dessine zyýarathana başlanyp gidýär, ol üsi gümmezli altygyraň jaý bolup, törde guburhana bilen tamamlanýar. Bu ymarat Törebeg hanymyz mazaryna örän çalymdaş, emma hiç hili bezegi ýok, özi hem bitmän galana meňzeýär. Alymlar bu ymaratyň gurlan wagtynyň 1560-1570-nji ýyllar bilen kesgitlemäge meýil edýärler. Hajy Muhammet hanyň Ürgenji paýtagt tutunyp, Törebeg hanym ýaly nusgada ugur alyp, saldyran bu ymaraty bitirilmän galdyrylypdyr. Horezmde ýazylan golýazma kitaplaryň käbiri “Taryh” diýlip atlandyrylan belliklerinde Aly Soltanyň wepat bolan wagtyny “katyl gyzylbaş” sözleri bilen aňladýarlar. Bu taryhdan Aly Soltanyň gyzylbaşlar, ýagny Eýrandaky sefewiler bilen urşandygy bilinýär. Ebjet hasabynda Aly Soltanyň wepat bolan wagty 981-nji hijri ýyly bilen kesgitlenip, 1573-74-nji ýyllara gabat gelýär.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir