Häzirki döwürde Aşgabat dünýä ülüňlerine laýyk gelýän we ilatymyzyň milli aýratynlyklaryny nazara alýan şäher gurluşyk binagärlik maksatnamasynyň esasynda bedew bady bilen depginli gurulýar we abadanlaşdyrylýar. Şäher gurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri ýol we köpri gurluşygynda bitirilýär. Eždat- pederlermiziň ýoldur köpri gurmak, bina galdyrmak, bag ekmek ýaly sogaply ýörelgelerini döredijilikli täze eýýamymyzda has hem ýörgünli dowam etdirilýär. Il bähbitli işleriniň ýene-de biri ynsan üçin eşretli ýaşaýşy özünde beslän, iki tarapy hem ak mermerli binalar bilen jäheklenen, paýtagtymyzyň Günbatarynda ýerleşýän Taslama köçesi jennet ýaşaýşynyň eýesi bolan ildeşlerimiziň mekanyna öwrüldi. Köçäniň güller bilen nagyşlanan ýanýakalaryny synladygyňça synlasyň gelýär. Ýaşyl öwsüp oturan arçalardyr, dürli güllerde, nurana yşyklarda gözüň eglenýär. Biri birinden owadan binalar, sergin saýaly seýilgähler göwnüňi göterýär. Köçäniň ugrundaky duralgalarda adam üçin oňaýly şertler döredilip, ol ýerden haýsy awtobusyň näçe wagtdan gatnaýandygy görkezilen ýazgy asylyp goýlup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän köçe-ýol hereketiniň belgileriniň bolmagy bolsa, adamlaryň howpsuz ýaşaýşynyň ýokary derejede üpjün edilendiginiň şaýadydyr. Mälim boluşy ýaly, maddy we tehniki binýady döwrebap gurulan köçäniň günbatar tarapynda 2013-nji ýylda açylan 61-nji orta mekdebiň, dört sany çagalar bagynyň, gündogar tarapynda bolsa 2015-nji ýylda bilimler we talyp ýaşlar gününde açylan 116-njy orta mekdebiň binasynyň ulanylmaga berilmegi bolsa şäheriň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda edilen uly işleriň biri boldy. Şonuň ýalyda bu köçäniň ugrunda Halkara Türkmen-Türk uniwersitetiniň, Türkmen-Türk mekdebiniň, iki sany çagalar bagynyň, 37 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu gurluşygy alynyp barylýan binalar ýokary hil ülňelerine laýyk gelýän derejede ygtybarly bolmak bilen bir hatarda özüniň owadanlygy, göze gelüwligi bilen göreni haýrana galdyrjak desgalardyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir