Gowşut Han 1823-nji ýylda belli türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Öwezdurdy batyryň 5 ogly bolup, olaryň iň ulusy Gowşutdyr. Gowşut hanyň nebereleri häzir Ahalda, Maryda we Türkmenistanyň beýleki erlerinde ýaşap ýörler. Gowşut hanlaryň tiresi: teke-togtamyş-beg- gökje-ýary gökje-çomalak çüri. Gowşut han tegelekden ak ýüzli, ortadan ýokarrak boýly, eginlek, dolmuş göwreli, goýungözli, giň maňlaýly, gaşlakrak, süňkbaşy iri, örän akylly-paýhasly, demir bedenli, ýolbars ýürekli, towşan tüýli, tizpähim, herbap hem çykymly adam bolupdyr. XVIII asyryň başlarynda Ahal arkaynyň çarwalarynyň mal-garalarynyň köpelmegi, örüleriň etmezligi, ýyllaryň gurak gelmegi ýaly sebäplere görä, teke türkmenleriniň bir bölegi kem-kemden Kaka sebitine süýşýär. Ol ýerlerde eýranly talaňçylaryň çozuşlary zerarly rahatlyk bolmansoň, olar häzirki Gowşut obasynyň 25 km-e golaý demirgazygyna göçüp barýarlar. Ol erde 5 topara bölünişip 5 sany gala - Heňňam, Akja, Garaja, Garahan (Torly), Gumgala ýaly galalar salýarlar. Olara Bäşgala ýa-da Bäşgala zamany diýip at berýärler. galalaryň 5-isine-de bir ýerden suw çekýärler. Bäşgaladaky tekeleriň üstüne eýranly alamançylar häli-şindi çozup, olaryň suwlaryny kesip durupdyrlar. Olara ynjalyk bermändirler. Ahally aksakgallaryň we kethudalaryň maslahaty bilen Hojamşükür 1823-25-nji ýyllarda olary Bäşgaladan Sarahsa göçürýär. Ilki tire, gala serdary bolan Gowşut soňra Hojamşüküriň baş serdary bolýar. 1853-nji ýylda bolsa Hojamşüküriň ýerine Gowşut hanlyga göterilýär. Gowşut han Eýranyň howpunyň güýçlenmegi sebäpli, Sarahsda gala saldyryp başlapdyr. Emma Hojamşükür ýaşuly gala salynmagyna garşy bolýar we sözi ýer almansoň, Gowşutdan we onuň wekillerinden öýkeläp, Tejen aýagyna - Üçburç diýen ýere gidýär. Soňra ol Hywa baryp, hana ýagdaýy aýdýar. „Öňki 4-5 gezekki çozuşyndanam armanly Mädemin han yrsarap, goşun çekip, Sarahsa gaýdýar. Gaýtmazynyň öňüsyrasynda Köneürgençde medresede sapak berip ýören Gurbannazar molla ogly Ak işany çagyryp, oňa Sarahs tekelerini gyrjakdygyny aýdanda Ak işan: - Hiç bir häkim öz raýatynyň üstüne goşun çekýän däldir. Olar siziň ata-babalaryňyz bilenem sünni bolanyňyz üçin raýatlygy saklap, Garagumyň goraýjylary bolupdyrlar. Sizi garşydaky uly duşmanlarymyz bolan Eýran şalaryndan gorap saklapdyrlar, henizem şeýle. Siz bu päliňizden el göteriň! Eger günäkärleri bar bolsa, olary jezalandyryň, temmi beriň! ýöne öz raýat il-halkyň üstüne goşun çekip jezalandyrmaň! Bu gabahat bolar. Bet päliňizden el çekiň! - diýýär. „Öz ussady - mugallymy bilen tersleşen han tizden goşun jemleýär. Azyk suwluklaryny kerwenlere ýükläp, Sarahs tarapynda ugramakçy bolanda, ýagny bir aý wagt geçensoň, ýene-de Köneürgençden Ak işany çagyryp oňa: - Tagsyr biz gelýänçäk, siz Hywa tagtynyň - köşgüniň ýanynda boluň! - diýip tabşyrýar. Ol gazaply garaýyş bilen: - Han henizem bolsa ýaman päl-niýetiňizden gaýdyň. Gara ýeriň özüňize-de salýan dawasyny unutmaň. Onsuzam biziň ömrümiz öýle bilen ikindiniň aralygy ýaly gysga. Bigünä bendeleriň şirin janyny ajal okunyň almagyna sebäpkär bolmaň! - diýýär. Emma içi ahmyrdan doly gedem han: - Biz gelýänçäk siz şu köşkde boluň! - diýýär. Ak işan: - Enşalla, siz geleňizde bizem bolarys! - diýýär. 65-66 ýaşlaryndaky Ak işanyň ol ýerden gaýdyp, bütin Garagumdaky halklara, Mary, Tejen, Ahal ýaşulylaryna: "Musulmanlar! Hudaý bizdendir. Biliňizi berk guşaweriň!" diýip, hanyň maksadyny düşündirmegi, agzybirligi ündemegi, Hywa hanynyň "Çeýnejek çöpüniň azalandygy" hakda wagyz geçirmegi; Nurberdi hana, Gowşut hana we beýleki gala hanlaryna habar bermegi netijesinde Sarahsda söweşe berk taýýarlyk görülýär. şunlukda, ähli çarwalaryň, Ahal we Sarahs tekeleriniň güýçlerini jemlemeklerinde, duşmana garşy ykjam taýýarlyk görmekde Gurbannazar molla ogly Ak işanyň (Akmämmet) hyzmaty uludyr. Mädemin hanyň goşuny bir aý töweregi ýöräp, Mara - Murgabyň kenaryna baryp düşleýär. Hywa hany Mara gelende Gowşut hanyň töwellaçylary kabul edilmän yzyna gaýtarylansoň, Gowşut han taýýarlygy has-da güýçlendirýär. Her niçigem bolsa olar Sarahsa gelende-de Nurberdi hanyň we beýleki sypaýylaryň haýyşy-maslahaty esasynda Gowşut han Täç serdaryň baştutanlygynda 9 adamy töwellaçy iberýär. Olar baryp: - Han aga, sen bize garşy uruş etme. Biz häli-häzirem siziň raýatyňyz bolup gelýäris. Siz ýalan-ýaşryk sözlere ynanmaň, raýatyyzam beýle horlamaň! - diýip, 2-3 sapar hana arz-töwella edýärler. Emma bularyň aýdanyny diňlemegem islemedik han: - Eşidiň, wekiller! Hanyňyza, ýaşulularyňyza baryň-da aýdyň. Ertir ir bilen gün dogan wagtynda meniň goşunym siziň üstüňize, galaňyza çozar. Nätüýsli çäräňiz bolsa, haýal etmäň-de görüberiň! - diýýär. Mädeminiň goşuny diýen wagtynda Gowşut hanyň galasynyň guşluk we demirgazyk taraplaryndan iki bölünip çozýarlar. Emma Gowşut hanyň nökerleri howlukman, olary gala golaý getirip, atyşyp uruşýarlar. Hywa goşunlary muny görüp gaýra çekilýärler. Tekeleriň atly we pyýada goşunlary şol gün öýleden soň, guşluk tarapdan gelen Hywa goşunlarynyň üstüne çozup, gylyçly hem tüpeňli urşa girişýärler. Şonda duşman köp zyýan çekýär, olaryň birnäçesi esir alynýar. Şunlukda, Hywa hanynyň goşuny debi-dagyn edilýär. Şol günüň ahyrynda garşydaş taraplaryň ikisi-de öz tuglarynyň, berkitmeleriniň töweregine ýygnanyşýarlar. Emma tekeleriň goşunynyň bir bölegi Hywa goşunynyň daşyndan aýlanyp, 40-50 sany ýükli erkeklerini - kerwenini (düýekeşi bilen) oljalap, öz çadyrlaryna alyp gidýärler. Şol gün güýçli elli howanyň bolmagy-da erli goşun üçin amatly bolýar, çünki duşmanlar tozanly eliň içi bilen edilen çozuşlaryň haýsy tarapdandygyny bilmäge-de maý tapmandyr. Ikinji güni daňdanlar Gowşut hanyň galasynyň töwereginde Hywanyň pyýada goşunlary we onuň yzyndan bolsa atly goşunrlary arkalaşyp durýarlar. Şol wagt Gowşut han hajy gaplaň Aýmet oglunyň hem-de Salar keýik Nagym oglunyň ýolbaşçylygyndaky atly goşunlaryň bir bölegini duşmanyň pyýada goşunynyň arkasyndaky atly goşunyna garşy gylyçly urşa gaýduwsyzlyk bilen girişmegi buýruk berýär. Tekeleriň goşuny ýyldyrym ýaly süýnüp, duşmanyň üstüni gapyllykda basýar. Ejizläp ýan berip başlan Hywa goşuny ganlaryny sarkdyryp, tuglaryna tarap çekilýärler. Olar çozuşdan goranmak üçin penalyrak erlerde durýarlar. Şol gün günortanlar Hywa goşunyna ýene-de kömekçi goşunlar ýeriň pessi bilen gelip, öz goşunlaryny zordan gabawdan çykaryp, alyp gidýärler. Şol günki söweşden soň Mädemin han atly goşunlarynyň tekeleriňkiden has pesdigine we ukypsyzdygyna göz etirýär. Uruş ençeme günläp dowam edýär. ‡azyň elhenç harasatly-elli gününde gaýduwsyzlyk bilen alnyp barlan söweş has-da aýylganç bolýar. Şonda tekeler çozma urşa girýärler. Çar tarapdan şÇoz teke, ýa Alla!" diýşip, atly we pyýadalar gylyç oýnadyp, naýza sanjyp, tüpeň atyşyp, her hili söweş hünärlerini erlikli ulanýarlar. Bularyň şeýle gahrymançylykly söweşmekleri netijesinde Hywa hanynyň goşuny ýeňlip, eliň ugruna gaçyp başlaýar. Olaryň birnäçesi topar-topar bolşup, ýaraglaryny taşlap, gollaryny galdyryp durýar, ençemesi bolsa ýaragyny taşlap, çöke düşüp oturýar. Tekeleriň çalasyn nökerleriniň bir topary Hywa goşunynyň 3-4 çakyrymdaky tuguna tarap gaçanlaryň yzyndan ýetip, çapyp baryşlaryna Mädemin hanyň çadyryna baranlaryny-da duýman galýarlar. Mädemin han bolsa goşunyň şeýle ýagdaýa düşeninden bihabardy. Ol ýagly, kişmişli palawdan doýup, sadranç (küşt) oýnap, humarly başyny galdyrman, ýeňşe garaşýardy. Hanyň tuguna baran çalasyn ýigitler şol erde orta boýdy, garaýagyz, hyýrsyz adama gözleri düşüp, derrew oňa gylyç salyp öldürýärler. Onuň Mädemindigini soňra bilip galýarlar. Gowşut, Nurbardi han dagy birnäçe ýaşulylar, sypaýylar bilen Mädeminiň tuguna gelip görseler, ol öldürilipdir. Onuň öldürilmegine gaty gynanan hem gaharlanan Gowşut han: - Siz, hanyň, patyşanyň düzgünini bilmeýän bir topar nadanlar! Muny kim öldürdi? - diýip, hälki ýigitlere käýäpdir. Gowşut han şol erde öz nökerleriniň hem özbek ýaşuly-begleriniň häziriň özünden başlap etmeli işleri hakynda dik duran ýerinde ýaşulylar bilen gyssagara maslahat çagyrýar. Şonda şeýle karara gelýärler: 1. Şu gün Hywa hanynyň goşuny ýeňildi. Mädemin han öldi. Sarahsa getirilen goşun sülsatlary Gowşut hanyň döwletine, hanlygynyň hasabyna geçirilmeli. 2. Hywanyň dagan goşunlaryny ýygnap, esir alnan goşunlar bilen bilelikde ýol şaýlaryny tutup, azyk-suwluklaryny üpjün edip, Hywa ugratmaly. 3. Iki tarapdan ölen adamlary her tarapyň özi tizden-tiz jaýlamalydyr. 4. Agyr hem ýeňil ýaralalanlary Gowşut hanyň galasyna ýygnap, gutulýançalar seretmeli. Olara seretmek üçin tebipleri we ýörüte adamlary goýmaly, gutulansoň, olary öz ýurduna ugratmaly. 5. Iki sany mähremi we on sany nökeri bilen şaýlaryny tutup, hut şu gün Mädeminiň meýidini ugratmaly. Goý olar öz hanynyň jesedini hala Mara, hala-da Hywa äkidip, hala-da Sarahs babada jaýlasynlar, olaryň ygyýarlary özlerinde. 6. Hanyň ýany bilen gelenleriň gitjeklerine-de, galjaklaryna-da ygtyýar bermeli. Onsaňam şu gandöküşikligiň günäkäriniň hut Mädeminiň özüdigini şmyhmanlara" wagyz-syýasat arkaly düşündirmeli. 7. Ýaşulylaryň maslahaty bilen edilen bu tabşyryklary ýerine ýetirmegi hem-de berjaý edilişini barlap durmagy Täçgök serdara, Hywa esirlerine degişli işleri bolsa Mätýakup serdara hem-de Mätjan ýaşula tabşyrmaly. Soňra hywaly ýesirler, hat-da Mara çenli gaçanlaram gaýtarylyp, ýol şaýy tutulyp, ulaglara mündürilip ugradylýar. şol uruşda Töre sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemal (18-19 ýaşlarynda) ýaly teke gyz-gelinleri hem elleri keserli, syndyly pyçakly uruş edýärler. Güljemalyň garyndaşlary Çebşek batyr, Köpek batyr, Gulçar batyr, Gutly mergen, Çary gapan, Hajy gaplaň (şol söweşde ölýär) dagy hem edermenlik görkezipdirler. Şol söweşde Güljemalyň adamsy Anna (Annaöwez) hem wepapt bolýar. Hywa hanyň bigünä halkyň üstüne goşun çekip gelmegi öňem çar tarapdan gysylan tekeler üçin uly ýitgiler getirýär, birnäçe gonamçylyklaryň döremegine sebäp bolýar. Gowşut han Hywa ýesirlerini ugradansoň, ýaşulylary we nöker başylary çagyryp, maslahat edýär. Onda uruşda iki tarapdan Köp ýitginiň bolandygy, Hywa hanlygy we teke türkmenleriniň arasynd köp wagt bäoi gamyş köprüniň bolandygy, emma Mädeminiň hat-da öz halkyna we ýaşulularyna hem maslahat salman, duýdansyz gabahat işe girişip, uly betbagtçylyga sebäpkär bolanlygy, şunlukda indiden beýläk Sarahsda oturmagyň gorkulydygy, çünki Sarahsdaky täze galany özleriniň garşysyna göreşmek maksady bilen salnan hasaplap, Eran şasydyr hanlarynyň howp salýandygy ýaly meseleleriň üstünde durulýar. - Mary töwerekleri Mädeminiň ölümine çenli Hywa hanlygyna garagly türkmen begligi bolan-da bolsa, indiden beläk Maryny Hywa garaşly raýat hasap etmeli däl. Aslymyzam Ahally bolansoň, Ahal ýurdunyň-da ýagday agyr bolansoň, indiden beýläk bize hanlygyň merkezini we ilini Mara eltmegi ahally ýaşulylaram makulladylar - diýip, Gowşut han sözüniň ahyrynda aýdýar. Şondan soň Mara iberlen 5 wekil saryklaryň hany sary hanyňka barýarlar we ýagdaýy düşündirýärler. Soňra bolsa özlerine Mary-Murgap derýasynyň bir gapdalynyň berilmegini haýyş edýärler. Saryk garyndaşlarynyň hany we ýaşululary maslahatlaşyp, Mary etrabyndan er bermejekdiklerini Gowşut hana etirmegi aýdýarlar (1857). 1858-nji ýylyň başlarynda Gowşut hanyň iberen wekilleri Ahala - Gökdepä gelýärler. Olar nurberdi hana habarlaryny berärler. - Indi Sarahsda durarlyk ýok. Eýranyň agzy Sarahsda, sarahsam Eýranyň agzynda. Aslymyzam, düýbümizem Ahal. Ahala barmakçy bolanymyzda şAhalyň ýagdaýy öňem ýagyborly, gurakçylyk, ot-suw, öri çarwalar üçin etmezçilikli ýagdaýda. garşyda duşmanlaryň has-da möwjeýän wagty. Iň gowusy Mara süýşüň" diýip netijä gelipsiňiz. Biziň Mara barmagymyza-da saryk garyndaşlarymyzyň ýaşulysy Sary han garşy. Olar murgabyň bol er-suwuna deň şäriklige razylyk berenoklar. Hat-da uruşmaga-da tayndyklaryny aýdýarlar. Uruş bolsa-da nähak gan döküljek. Indi näme etmeli? - diýip, Gowşut hanyňkyda bolan maslahatyň netijesini hat hem dil üsti bilen aýdýarlar. Nurberdi han aksakgallar bilen masalahatlaşandan soňra: - Eger Sarahs Eýran bilen ýagdaýy bulaşyk bolsa, derrew olar apynyň (zäherli uly ýylan) agzyndan aýrylmaly-da Mara barmaly. Saryk garnydaşlaram razy bolarlar. Bardy-geldi kakabaşraklary uruşmakçy bolaýsalar-da, çarwa urşuny edersiňiz - taýak, gamçy ulanarsyňyz. Enşalla soňy düzeler, garandaş aradyr, birek-biregi tanarlar. Biz häzir gökleň-ýomut garyndaşlaryň üstüne Japarguly hanyň baştutanlygynda eýranly leşgerler gelýär diýen habara görä, gyssagly kömege ugramakçy... Emma saryk garyndaşlaryň akylly sypaýylary kändir. Gelenimizden soňra bararys, hemmesi oňyn çözüler - diýip, Nurberdi han ol wekilleri ýola salýar. Şondan soň sarahsly tekeler az-kemden süýşüp, bir aýdan gijä galman, Mara barýarlar. Garrygaladaky söweşden ýeňişli gaýdan Nurberdi han öz wekileri bilen Mara - Sary hanyňka, soňra Gowşut hanyňka baryp, kakabaşlaryň çaknyşyklaryny ýatyryp, Marynyň külli türkmene ortak ýurtdugyny, Hywa hanynyň raýatyndakylaryňam indi Gowşut hana degişlidigini, ata-baba gan düşer garyndaşdyklaryny düşündirip, özara parahatçylygy gazanýarlar. Soňra saryk garyndaşlaryň birnäçesi ‡olötene, birnäçesi bolsa Pendä, şehi-Jüneýde (Guşga) gidýär, birnäçesi bolsa Maryda galýar. Saryk ýaşulularyň maslahatyny alman, halkyna-da sala salman, Sary han zoňtarlyk edip, Eýran şasy Nasretdine arz edip, bolan ýagdaýlary aýdýar... „ňem yrsarap, nireden urup-ýarjagyny peýläp ýören Nasretdin Garrygalada ýeňlip gaýdan goşunynyň ahmyryny çykarmak üçin Mara çozmaga ykjam taýýarlanyp başlaýar. Eýran şasynyň agyr ýaraglandyrylan goşunlary Hemze Mürzäniň serkerdeliginde 1861-nji ýylda Murgap derýasynyň ileri ýakasynda Nyýazmet (Porsy) galada düşüp, Gowşut han bilen söweş etjekdiklerini habar berýärler. „ňden habarly Gowşut han söweşe ykjam taýýarlanypdy. Ertesi türkmen ýigitleri gün dogmanka, eserdeňlik bilen Eýran goşunyna tarap ugrap, Murgap derýasynyň ilersine geçip, uzyn ýaka düzülip, nyzam-tertip bilen taýýar bolup durýarlar. Gowşut han eýranlylara birnäçe gezek töwellaçy iberse-de, olar urşa başlajakdyklaryny habar berýärler. Iki tarapdan agyr goşun biri-biriniň üstüne çozup, uly gan döküşikli uruş başlanýar. Söweş birnäçe gün dowam edip, ahyrsoňy duşman ejizläp, arka berip, gaçyp başlaýar. Nurberdi hanyň ýany bilen ahally serkerdeleriň goşunlarynyňam etişmegi netijesindebasybalyjylar gaty aljyraňňylyga düşüp, aman dileýär. Tekeler duşmanyň berkitmede ýatan goşunlaryny-da, çeträkde ýatan goşunlaryny-da esir alýarlar. Olar Hemze Mürzäniň goşunynyň gelip ornaşan eriniň daşyna aýlanyp, arkalaryndan hüjüm edip, aljyraňňylyga saoýarlar. Gowşut hanyň otrýady Eýran goşunynyň yzyndan gelýän ýüklerini, sülsatlaryny Sarahs bilen aralykda oljalaýarlar. Mary, Ahal hanlyklarynyň birleşen güýjinden ýeňlen şa goşuny Nyýazmet (Porsy) galadan gaçypgaýdansoň, wepat bolanlaryň ýasy tutulyp, ençeme gün sadaka berilýär, aýat-töwür okalýar. 1861-1862-nji ýyllaryň sepgidinde Gowşut han uly maslahat geçirýär. Ol il bähbidini arap, edilmeli işler baradaky gürrüňini jemläp durka, Nurberdi hanam ýaşululardyr serdarlary bilen myhmançylyga gelýär. Myhmanlaryň hormatyna üç günläp toý tutulýar. Myhmanlar birnäçe günläp bu erde bolýarlar. Saryk-salyr ýaşulularyny-da çagyrýarlar. Olar bilen ata-baba garyndaşlyklaryny ýatlaşýarlar... "Owşut han myhmanlar gaýtmanka, öz wekillerini we nökerlerini çagyryp, maslahat geçirýär. Şonda ol üç meseläni orta atýar: 1. Ahal ýurdy we Ahal hanlygy teke türkmenleriniň esasy hanlygy bolmaly, "Oňa görä-de Mary hanlygy we Mary hany Ahal hanlygyna we hanyna garaşly han bolup durmalydyr. 2. Nurberdi hany teke türkmenleriniň hany diýip müwessa edip, ony hanlar hany etmeli. 3. ‡okardakylar bilen ugurdaşlykda Nurberdi hanyň abraýyny tutup, oňa abraýly ýeriň maşgalasyny alyp bermeli. Mary-da bir öýüni dikeltmeli. ýer-suw, mülk berip, öz islän ýerinde oturtmaly. Nurberdi han Ahalda ýa-da Maryda bolanda-da öz öýünden örsa, hemme tarapdan gelşikli we laýyk bolar. Ýaşulular Gowşut hanyň tekliplerini makullaýarlar, ýöne abraýly ýeriň maşgalasyny tapmagy onuň özüne ynanýarlar. Şondan soň Gowşut han Marydaky gajar gajar urşunda wepat bolan Çebşek batyryň garyndaşy, Töre sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemaly Nurberdä alyp berýär. Nikalap üç günläp uly toý edýärler. Soňra Gowşut han bir wagt özünden öýkeläp, Sarahsdan giden Hojamşüküri getirmek üçin birnäçe ýaşululary we düekeşli kerweni ugradyp, töwella bilen ony Mara göçürip getirýär. Ony ýene-de özüniň iň ýakyn maslahatçysy edinip, onuň islegi boýunça öz obasy Wekilbazarda oturdýar. Gowşut han aksakgallar bilen maslahatlaşyp, Eýran we owgan çäklerine çenli dagap ýören salyr we saryk garyndaşlaryň gadymy mekanlary bolan Sarahsa we Pendi ýurduna ýygnanmagyny gazanýar. 1865-nji ýyl töwerekleri Marynyň gülläp ösen döwri hasaplanylsa-da, daşky duşmanlaryň howpunyň güýçlenýän wagtydy. 1868-nji ýylda Buhara emiriniň üstüne rus patyşasynyň goşuny çozuşa taýýarlanýar. Gowşut han Buhara emiriniň özüni kömege çagyrýandygy baradaky habary Kaspiý tarapdan gelýän rus basybalyjylaryna garşy taýýarlanyp ýören hanlar hany Nurberdi hana ýollaýar-da, özi Buharadan gelen wekiller bilen agyr goşun çekip kömege ugraýar. Emma olar fronta etmänkä, Zerbulak beýikligindäki söweşde Buharanyň goşuny ýeňlip, rus generaly Kaufman bilen ýaraşyk baglaşandygy sebäpli, Gowşut hanyň goşuny yzyna dolanýar. Soňra Gowşut han goranyş galanyň gurluşygyny has-da güýçlendirýär we 1874-nji ýyllarda tamamlaýar. Sarahsdan Mara göçülip barlanda (1858), gedaý sypatyna giren Aly han atly rus ofiseri - içalysy peýda bolýar. Erli halk oňa Aly mülhit diýip at berýär. Ol haramzada gyş wagtlary çilimsazlyk edip, tomsuna gara meşikde suw satyp gezen. Bu erde 15 ýyla golaý bolup, Nurberdidir Gowşut han dagyň gizlin maslahatlaryny, harby syrlaryny, maksat-planlaryny bilýär we aram-aram ýitirim bolýar, öz baýarlaryna habar berip durýar. Ol kezzap ahyrsoňy ynama girip gala aralaşýar, hyzmatkärlige etýär. Şunlukda, erbet derman-däri bilen üpjün edilen mülhüt şol yzarlap ýörşüne, amatly pursat tapyp, hanyň petekli aýakgabynyň içine we peteginiň aşagyna iýiji keselini döredýän dermany gaýym dökýär. Onsoň ýakyn günlerde: "Gowşut hanyň aýagyndan ýara dömüpdir" diýlen şum habar ýaýrap başlaýar, emma Aly mülhit welin, eýýäm zym-zyýat, ýitirim bolýar. Ol pürsiýanyň ýaramaz nietlidigini diňe şondan soň bilip galýarlar. Şondan soň Gowşut hanyň aýagyndan dörän iýiji keseli ýaýrap ugraýar. Han aýagynyň çapylmagyny soraýar, emma bu teklip wagtynda bitirilmänsoň, kesel ýokaryk - ýürege çenli ýaýraýar. Şunlukda, 1878-nji ýylda türkmeniň abraýly serkerde hany - Gowşut han (56 ýaşlarynda) rus içalylary tarapyndan awulanyp öldürilýär. Ol Marynyň golaýyndaky Hoja Abdylla gonamçylygynda jaýlanýar. Gowşut han ölensoň, onuň ornuny tutan mynasyp adam bolmandyr. Daşky duşmanyň hileli täsirleri netijesinde bulaşyklyk, oňşuksyzlyk güýçlenýär. Täçgök serdar öz syçmaz tiresi bilen Mäne-Çäçä, Hojamşükürem - Teýene göçýär. Gowşut hanyň ölümi külli türkmen üçin agyr we uly ýitgi bolan bolsa, duşmanlar üçin amatly utuş bolýar. Gowşut hana degişli ýokarky maglumatlaryň aglabasy merhum kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglunyň (1898-1983) söhbetinden (Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň golýazmalar fondy, ą 3749 bukja) alyndy. Rejep GAÝYPGULYEW, ("Türkmen hanlary we serdarlary", Aşgabat, 1992, sah. 18)

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir