Berdimyrat han Nurberdi hanyň birinji aýaly Nurgözelden bolan ogludyr. Ol juda ýaşka wepat bolupdyr we onuň terjimehaly, bitiren işleri barada saklanyp galan ullakan ýazuw ýadygärlikleri ýok. 1879-njy ýylda Nurberdi han Marydaky hanlygyna maslahata gidende, wagtlaýynça Berdimyrat hany ýerine Ahala han saýlapdyrlar. Ýöne ol entek ýaş bolansoň, Nurberdi hana ýakyn iki adam - Orazmämmet han bilen Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edipdir. Berdimyrat hanyň hanlyk eden döwri rus goşunlarynyň generallary Lazarewiň we Lomakiniň baştutanlygyndaky ilkinji Ahal-teke ekspedisiýasyna gabat gelýär. Ruslaryň gelýändigini eşidip, tekeler Aşgabatda maslahat geçirýärler. Şol maslahatda hem general Lazarewiň Dykma serdaryň adyna iberen haty okalýar. Tekeler “ruslary Ahala goýbermeli däl, uruşmaly” diýen karara gelýärler. Gökdepe galasyny gurmaly, ilaty şol ýerde ýygnamaly edýärler. Galanyň gurluşygyna hemme kişi meýletin gatnaşypdyr. Her on maşgala aýratyn paý bölünip berlipdir. Şonuň bilen bir wagtda ruslary Ahala goýbermezlik üçin söweşen operasiýalaryny hem geçirmek bellenilýär. Berdimyrat han bilen Dykma serdar rus goşunlarynyň öňünden çykmak üçin Hojagala gidýär. Olar orta ýolda rus kazaklaryna gabat gelýärler. Olara tarap ot açýarlar. Emma aralyk ok ýeterden daş bolansoň, olara hiç hili zeper ýetirip bilmeýärler. Ruslar bolsa uzaga atýan ýarag bilen iki adamy öldürip, dokuzysyny hem ýaralaýarlar. Berdimyrat han bilen Dykma serdar yzyna - Bendesene dolanýar. Gaty çalt hereket etmek bilen Bendesendäki pyýada goşuny hem alyp, şol gijäniň özünde Börme yza çekilýärler. Börmede maslahat bolýar. Ähli ilaty gökdepe galasyna ýygnanmaly edýärler. Ilatyň ol ýere göçmegine wagt berer ýaly, tekeleriň goşuny iki günläp şol ýerde saklanýar. Mundanam başga şol maslahatda ilatyň gala ýygnanmagyna wagt utmak maksady bilen Dykma serdary hem Gyzylarbadyň hany Sopy hany boýun egip barýan adam hökmünde ruslaryň arasyna ibermeli edýärler. Söweşe ýolbaşçylyk etmäge berdimyrat hana doly hukuk berilýär. Ol 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda Lomakiniň goşunlarynyň hüjüme geçmeziniň öňüsyrasynda ýigitleriň arasyna aýlanyp, olary söweşe ruhlandyrýar. Şol günki söweşde Berdimyrat hanyň öýüniň üstüne ruslaryň top oky düşýär. Onuň aýaly çagalary heläk bolýar. Top okunyň bölegi Berdimyrat hanyň kakasynyň dogany Gurbanyň hem kellesini alýar. berdimyrat hanyň hem özi şol günki söweşde agyr ýaralanýar we üç günden soň şol ýaradan wepat bolýar. Ruslaryň galanyň üstüne çozanyny eşidip, Nurberdi han hem Marydan gelýär. Nurberdi han ogly Berdimyrat hanyň ölümini mertlik bilen boýun alypdyr. Ol şeýle diýenmiş: - Men oglumyň ölenine şükür edýärin. Sebäbi iliň başyna şunuň ýaly agyr gün düşüp, ýurt üçin gan dökülende, meniň maşgalamdan gan çykmadyk bolsa gynanardym. Nargylyç HOJAGELDIÝEW, ýazyjy “Türkmen hanlary we serdarlary ” AŞ. 14,15,16 sah.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir