Doglan ýeri we aradan çykan ýyllary henize çenli anyk kesgitlenenok. Ýöne onuň XIX asyrda ýaşandygy belli. Täçgök serdaryň tiresi: teke - utamyş - syçmaz - aksupy - gyýr - alasakal-alajagöz. Doglan ýeri anyk belli däl, ýöne onuň Bäşgala etrabynda (takmyman, Gäwers bilen Duşak aralygy) doglan bolmagy örän ähtimaldyr. Täçgök serdaryň kakasyna Atabaý diýer ekenler. Şu etrapda ýaaýan tekeleriň XIX asyryň 30-njy ýyllarynyň başlarynda Sarahsa süýşüp barmagy bilen Täçgök serdar ep-esli bölegini şu ýerde, soňra 50-nji ýyllaryň ahyrlarynda Mara süýşülmegi netijesinde bolsa Mary etraplarynda geçiripdir. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda Mäne-Çäçede ýaşapdyr. Täçgök serdar ýaşlykdan at-ýarag bilen iş salşyp, goňşy hanlyklar bilen bolan ululy-kiçili çaknyşyklara gatnaşypdyr. Ol özüniň edenliligi we guramaçylyklygy bilen özgelerden tapawutlanypdyr. Şuňa görä-de, ol köp wagt geçmämkä, ykrar edilen serdarlaryň birine öwrülipdir. Ol Gowşut han bilen bilelikde 1855-nji ýylda Sarahsda, 1861-nji ýylda Maryda bolan uruşlara gatnaşyp, öz şahsy edermenligini we serdarlyk ukybyny görkezipdir. Täçgök serdar öz ýigitleri bilen Maşada, Hyrada syýahata, zyýarat hem-de tijarete (söwda) gitmekligi gowy görer eken. Şol taraplarda onuň tanyşlary, dostlary kän bolan. Şolaryň arasynda gala (şäher, oba) häkimleri hem bar eken. Bir gezek şol galalaryň biriniň häkimi ep-esli hazynasyny ogurladanda, Täçgök serdar ogryny we ogurlanan hazynany tapmaga kömek edýär. Bu kömek üçin häkim oňa bir gyzy peşgeş beripdir (aýdylyşyna görä, ol gyz Owganystanda ýaşaýan jemşitlerden bolmaly). Şol gyz türkmen halkynyň beýik ogly, Türkmenistanyň görnükli döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýewiň ejesidir. Täçgök serdar daş sypaty boýunça iner ýaly daýaw, häsiýeti boýunça juda gyzma, çaksyz batyr adam bolupdyr. Täçgök serdar Maryda ep-esli wagt ýaşandan soň öz tiresi we diýenini edýän adamlar bilen Mäne-Çäçe tarapa göçüp gaýdypdyr. Olar göçüp barmazyndan öň, Mäňe-Çäçe sebitlerinde ýaşaýan ilat juda az eken. Sebäbi dag etegi hem-de gyrak çet bolany üçin bu ýere daşardan häli-şindi çozuş edilip durlupdyr. Täçgök serdaryň obrazy belli ýazyjy Atajan Taganyň Pereňli ýesiriň ýatlamasy" powestinde, "Sarahs galasy" romanynda hem ňat şöhlelendirilipdir. Ýazmyrat MÄMMEDIÝEW ("Türkmen hanlary we serdarlary", Aşgabat, 1992, sah. 69)

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir