Halkymyzyň ykbalyna nur saçýan şanly Garaşsyzlyk toýumyz ýetip gelýär. Ata-babalarymyz öz garaşsyzlygyny irki döwürlerden bäri arzuwlap, onuň üçin yzygiderli göreşipdirler. Güneşli Diýarymyz Garaşsyzlygyny gazanandan soň, geçen ýyllaryň içinde döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşler gazanylyp, belent derejelere ýetildi. Milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge, ene dilimizi döwlet dili hökmünde kanunlaşdyrmaga mümkinçilikler döredi. Esasy zat hem ýurdumyz öz baýlyklarynyň hakyky eýesi boldy. Munuň özi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna güýçli itergi berdi. Ýene-de bir buýsandyrýan zat — Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda uly halkara abraýa eýe boldy. Bu gün eziz Diýarymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeler bilen giňden tanalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadagymyzyň yzygiderli aladalary bilen alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, paýtagtymyz özüniň ajaýyp binagärlik keşbi bilen dünýäde iň owadan we abadanlaşdyrylan şäher hökmünde tanalýar. Gojaman Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny kämilleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu gün Hazaryň kenarynda dünýä derejeli myhmanhanalaryň, şypahanalaryň, dynç alyş merkezleriniň peýda bolmagy daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Alnyp barylýan beýik özgertmeleriň netijesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara we döwlet derejeli forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Garaşsyzlygyň bize bagyş eden ajaýyplyklaryny özüne siňdirýän halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi gün-günden gowulanýar. Gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly desgalar, çagalar baglarydyr ýokary okuw mekdepleriniň binalary diňe sany bilen däl, eýsem kaşaňlygy, ýokary hilliligi bilen hem akylyňy haýran edýär. Bu bolsa, ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan syýasaty netijesinde, halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görýär. Bu gün ata Watanymyzyň her bir raýatyna bolelin durmuşda ýaşap, ak ýürekden halal zähmet çekmek we dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Munuň üçin her birimiziň gursagymyzdan milli Liderimize tükeniksiz alkyş sözleri joşup çykýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk toý dabaralarynyň barha giňden ýaýbaňlanan häzirki günlerinde hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzda agzybirligiň höküm sürmegini, abadan ilimiziň asmanynyň asuda bolmagyny, toýlaryň toýa ulaşmagyny arzuw edýärin. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir