Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 26-njy oktýabrda bolan güýçli ýertitremesi zerarly ejir çeken goňşy Owganystana gurluşyk serişdelerinden hem-de azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alýan Türkmenistan tebigy betbagtçylyk baradaky habara bada-bat seslendi we owgan halkyna ilkinji bolup doganlyk kömegini berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagat ministrligi we “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi tarapyndan muzdsuz berlen önümleri ýörite awtoulag kerweni bellenen ýere ýetirýär. Eýýäm ýakyn wagtda ynsanperwerlik kömegi Owganystan Yslam Respublikasynyň demirgazyk welaýatlarynyň – Badahşan, Tahar, Nangarhar, Kunar we Kabul welaýatlarynyň ejir çeken ilatynyň arasynda paýlanar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz hemişe Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolupdy we şeýle bolmagynda galmak bilen, doganlyk owgan halkyna yzygiderli kömek berip, goňşy ýurda ýeňillikli bahadan elektrik enregiýasyny we suwuklandyrylan gazy iberýär, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalary gurýar, işgärleri taýýarlamaga ýardam berýär, şeýle hem yzygiderli ynsanperwerlik kömegini iberýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir