Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji mej­li­sin­de, azyk howp­suz­ly­gy bi­len bag­ly me­se­lä ün­si çe­kip, adam­la­ryň iý­mit­len­mek ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ýurt­la­ryň bi­le­lik­de he­re­ket et­mek­le­ri­niň ge­rek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ýurt­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň mun­dan bu­ýa­na hem pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de azyk se­na­ga­ty­ny we oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, şeý­le hem döw­let gol­da­wy­nyň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, şu ugur­da iş­le­ýän kä­ren­de­çi­le­ri, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­ny, hu­su­sy kär­ha­na­la­ry ma­li­ýe taý­dan hö­wes­len­dir­mek­li­ge uly ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ri­len­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da, il­kin­ji no­bat­da, azyk howp­suz­ly­gy bi­len bag­ly me­se­lä ün­si çe­kip, dün­ýä­de ga­ryp­ly­gy ara­dan aýyr­mak, aç­ly­ga gar­şy gö­reş alyp bar­mak, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we adam­la­ryň iý­mit­len­mek ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ýurt­la­ryň bi­le­lik­de he­re­ket et­mek­le­ri­niň ge­rek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Baş As­samb­le­ýa­nyň 70-nji mej­li­si­niň çäk­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de Azyk mas­la­ha­ty­ny ça­gyr­ma­gy tek­lip et­me­gi, äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len bu ugur­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­ga taý­ýar­dy­gy­my­zy be­ýan et­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de azyk me­se­le­le­ri­niň oňyn çöz­gü­di­niň ta­pyl­ma­gyn­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­niň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri döw­re­bap ös­dü­ril­ýär. Du­zy ýod­laş­dyr­mak, uny de­mir we fo­liý kis­lo­ta­sy bi­len baý­laş­dyr­mak ýa­ly usul­la­ryň kö­me­gi bi­len, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak üçin eke­ran­çy­la­ry­my­za äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri, hä­zir­ki­za­man oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy, suw we beý­le­ki ze­rur se­riş­de­ler bi­len do­ly üp­jün edil­ýär, olar dür­li ýe­ňil­lik­ler­den, şol san­da sal­gyt bo­ýun­ça hem ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­lan­ýar­lar. Ba­zar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len, her bir daý­han bir­le­şi­gin­de gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek­li­ge uly üns be­ril­ýär. Ag­ro­se­na­gat top­lu­my­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa ta­rap­dan aras­sa oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­lar öz ne­ti­je­le­ri­ni hem ber­ýär. Sa­hy top­rak­da bak­ja, gök, mi­we, ga­wun-gar­pyz, üzüm, nar ýa­ly dür­li önüm­le­ri ön­dür­mek üçin ekin meý­dan­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi we be­je­ril­me­gi ýurt­da gök-bak­ja, ir-iý­miş we mi­we önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi art­dyr­ma­ga, azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýur­duň mal­dar­çy­lyk pu­da­gyn­da hem giň öz­gert­me­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ga­ra mal­la­ryň we do­war­la­ryň, dü­ýe­le­riň we guş­la­ryň baş sa­ny­ny kö­pelt­mä­ge, et we süýt önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 2013-njy ýy­lyň 6-njy mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri ma­li­ýe taý­dan gol­da­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra gol çek­di, bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, daý­han we ho­ja­lyk bir­le­şik­le­rio­ba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri, mülk­dar­lar, kä­ren­de­çi­ler, oba-ho­ja­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny alyp bil­ýär­ler. Bu karz se­riş­de­le­ri mal­dar­çy­ly­gy we guş­çu­ly­gy, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek we gaý­ta­dan iş­le­mek hem-de hyz­mat­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin 10 ýyl möh­let bi­len ýyl­lyk 5% şert­le­rin­de, şeý­le hem oba ho­ja­lyk en­jam­la­ry­ny, de­giş­li beý­le­ki ab­zal­la­ry, hu­su­san-da, suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­ma­gy üp­jün et­mä­ge ni­ýet­le­nen en­jam­la­ry sa­tyn al­mak üçin ýyl­lyk 1% şert­le­rin­de be­ril­ýär. Türk­men önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň Ita­li­ýa­nyň Mi­lan şä­he­rin­de “Dün­ýä­ni azyk bi­len üp­jün ede­ris: ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyň bäh­bi­di­ne ener­gi­ýa” at­ly şy­gar bi­len ge­çi­ril­ýän, şu ýy­lyň ma­ýyn­da açy­lan “EKS­PO–2015” Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne gat­naş­ma­gy ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly müm­kin­çi­li­ge eýe bo­lan ok­gun­ly ös­ýän döw­let hök­mün­de hal­ka­ra yk­rar­na­ma­sy­nyň, ýe­ti­len sep­git­le­riň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ser­gi­de il­kin­ji bo­lup öz gü­nü­ni ge­çi­ren Türk­me­nis­ta­nyň şy­ga­ry «Azyk bol­çu­ly­gy – pa­ra­hat ösüş» diý­lip yg­lan edil­di. Ýur­du­my­zyň azyk se­na­ga­ty­nyň ösüş stra­te­gi­ýa­sy ýer­li çig ma­ly do­ly ulan­mak ar­ka­ly, ýur­du­my­zyň azyk se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li gi­ňelt­mä­ge, ila­tyň sarp edi­ji­li­gi­ni do­ly de­re­je­de üp­jün et­mä­ge, içer­ki ba­za­ry baý­laş­dyr­ma­ga, pu­da­gyň eks­port kuw­wa­ty­ny at­dyr­ma­ga, oba­se­na­gat top­lu­my­ny dur­nuk­ly ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­me­nis­ta­na BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň Üçün­ji müň­ýyl­ly­gyň ösüş mak­sat­la­ry­nyň hem-de bu gu­ra­ma­nyň 2015-nji ýyl üçin mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­ni­len we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lan azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler üçin ýö­ri­te baý­ra­gy­nyň gow­şu­ryl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Gur­ban DÖWLETOW, S.A. Nyýazow adyndaky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir