Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede, Ne-hä yşkdan, ne hesretden gandyk biz. "Söýýänem" diýipdik birek-birege, Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz. Dözmezim sen, gözleriñden syrykdym, Dönmezim sen - saña gurban bolaýyn. Goýnuma däl, sen düýşüme giripsiñ, Söýgüden ezizim, dostdan golaýym! Seniñ penje-penje çasly gülküleñ Gül kimin galypdyr garyñ astynda. Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?! Söýgi diýmek aýralykmy aslynda?! Sen günleriñ hesret bilen ötürdiñ, Göwnümi göterdiñ duş gelen wagtyñ. Sen gaýdyp gelmejek yşkym ýitirdiñ, Men ýitirdim tapyp bilmedik bagtyñ. Duýýan indi señ dünýäñde ýa:tdygym, Hem bagrymy gyýýar bagty keç dide. Jahyllyga aýlanypdyr ýaşlygym, Haremhanam aýlanypdyr metjide... /NOBATGULY REJEBOW/

Köneler, nexttmm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir