Sopylar bize belli bolyşy ýaly hakykaty gözleýänçiler.Hakykat bolsa bu bir işiň hemme tarapyny görüp netije çykarmak eken. Ispanýany dolandyrýan Rudarih atly nadan hem zalym şa hakykat edinmek isläpdir. Onuň üçin hakykat şeýle bir üýtgeşik düşüinje ýaly bir zat höküminde kabul edeni üçin, Taragonda ýaşaýan Omar el Galawi atly sopydan güýç bilen almaklygy ýüregine düwüpdir. Omar tutlyp, köşge getirilipdir. Rudarih şa: -“Maňa düşener ýaly söz bilen, saňa belli bolan ähli hakykatyň syryny açmaklyga derrew buýruk berýän, bolmasa janyňdan dynarsyň” - diýip aýdanmyş Omar: -“Eger-de hakykaty aýtsam, köşgiň däbi boýunça şol hakykat dogry bolup çyksa tussagy göýberýäňizmi we o aýdylan hakykat özine garşy şaýatlyk etmez dälmi ?” - sorag berenmiş -“Ýok, arkaýyn aýdyberiň adalatlyk saklanar”- diýip şa jogap beripdir -Köşikdäkiler beýik şamyzyň sözini şaýatlyk ediň-diýip Omar sözini dowam edip-“Indi men size tagsyr bir hakykatam däl, üç sanysyny aýdaýyn”- diýipdir -Birinji hakykat men Omar, Taragondaky sopy, ikinji hakykat dogrymy aýtsam meni goýberjegiňizi wada berdiňiz, Üçinji hakykatam siziň düşünjek hakykatyňyzy, siziň düşünjek manyňyzda aýtdym”- diýip jogap berenmiş. Şa bu sopyň aýdanlaryna gaty göwni ýetip sopyny goýbermek, mejbur bolupdyr. Bu hikmeti 1000 ýyl mundan ozal ýaşap geçen al-Mutanabi atly arap şahyry aýdan geçenmiş we gürriň bermegine görä 1000 ýyldap ýazuwa geçirmezligi ündew berenmiş

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir