Durmuşa gadam basan ýaş gelin
Bilgeslije sorag berdi, bir goja
“Bagyt näme ?”- diýip, galdyrdy gaşyn
Başyn sallap duran gussaly gelin
Başyndan asyry geçiren goja
Paýhasyň oduna ýananja goja
Galdyryp gabagyn,seretdi geline
Hak jogap bermek borjydy gojaň
Hak ýolun gözläp gelen geline
Goja aýtdy:
“Ol bagyt ynsapdyr hem wyždan
Ene dile goýsaň sarpa,watan söýgi
Ol bagyt dostyr,öwürilse duşman
Agzybirlik etse türkmen iliňi
Şolar ýetirlmese ýerinde
Ulydyr külpeti,uludyr gaýgy”
Hasanyň ujyny ýere burawlap
Uludan dem alyp, ýenede şeý diýdi:
“Ol bagyt arssa howa,arssa iýmit
Arassa suwdyr,arassa pikir
Arassa hyýal bolsyn,arassa häsýet
Şolaryň bar bolsa nadanyň ýakar
Ene atada goýgul sen hormat
Goýmasaň sen hormat
Üstiňe düşer bir lagnat
Watan ýarym diýip, söýän sen bolsaň
Sylagyn dessury hem adatam
Il agyna aglap serdary bolsaň
Olam uly bagytdyr,bolarsyň ýadam
Saglygy ýoldaş edip, merhumy ýada salsaň
Ol bagytdyr ýene zürýädyň bolsa
Jan edip berseň,ylmy terbiýe
Nadan zynjyryndan,boşap bir gün
Ýuregiň paýhasdan dolup,bolsaň akyla eýe”
Ýenede diýdi:
“Söýişip barsaňyz aşygyňyz bolsa
Ene atany edip sen razy
Aşyk magşuga azarsyz ýetse ol uly bagytdyr”- diýip goja ýerinden turdy
Garry gojaň aýdan nesihatlary
Geline uly bir galdyrdy täsir
Hatda gözýaş aýlap dili tutuldy
Dürsänsoň özin uludan dem alyp
Ahyr ol gelin dillendi:
“eý atam bagyşlaň meni jygar bendim
Nesihatyň bolsyn meniň kalbym
Sizi ýalkasyn,ýalkasyn beýik Allam
Şeý diýip ol gelin alkyş okady
Ol goja ýuwaşlyk bilen ýöräp ugrady
Awtory: Şasöýin Ýasawi
Garaşsyzlygymyza bagyşlap