Men birnäçe wagtdan bäri telekeçilik işleri bilen meşgullanyp gazanç edýärin. Şol sebäplide häli-şindi daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, bolýan ýurtlarymyzda şol ýeriň ýerli raýatlarynyň ýaşaýyş durmuş şertleri, ýurduň içindäki durmuşa geçirilýän işler, alnyp barylýan syýasatlary bilen belli bir derejede habarly bolýarys. Ýokarda görkezilenleri aýtmak bilen, daşary ýurtlarda bolýan döwürlerimizde şol ýurtlardaky birnäçe kynçylyklar, syýasy durnuksyzlyk sebäpli ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirleriň Watanymyzda ýokdugyna begenjim çäksizdir. “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen” diýlişi ýaly häzirki wagtda daşary ýurtlardaky bolup geçýän durnuksyz ýagdaýlar barada telewideniýede gündelik görkezilýär. Hudaýa şükür biziň ýurdumyzda raýatlaryň işlemekleri, dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen, häli-şindi önümçilik desgalarynyň dürli görnüşleri, okuw binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary açylyp ulanylmaga berilýär. Şu ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Hormatly Prezidentimiz Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumyny açdy. Binalar toplumy ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp harby hünärmenleriň bilim derejelerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Ýakyn günlerde bolsa Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 13-nji tapgyry açylar. Bu ýaşaýyş jaýlar toplumy raýatlarymyzyň birnäçesiniň ýaşaýyş jaý bilen üpjün etse, paýtagtymyzy has-da gözelleşdirer. Men şu ýokarda görkezilenleri aýtmak bilen, şu günki eşretli durmuşymyzyň gadyryny bilip, her birimiz öz iş ornumyzda gaýratly zähmet çekip Watanymyzyň abraýyny ýokary götermeklige çagyrýaryn. Begnazar Hydyrow

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir