Ýurdumyzyň deňiz serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen 2011-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Harby-deňiz güýçleri döredildi we şonuň bilen birlikde bu ugurda ökde, başarjaň harby hünärmenler taýýarlap ýetişdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby deňiz instituty döredildi. Bu harby institutyň döredilen wagtyna onçakly köp wagt geçmese-de, bu ýokary okuw mekdebi Watanymyzyň Harby-deňiz güýçleri üçin zerur bolan milli harby hünämenleri taýýarlamaga uly goşant goşdy. Okuw mekdebinde gelejekde hem Harby-deňiz güýçleri üçin ýokary bilim derejeli deňizçi harby hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmeklik maksady bilen şu ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Prezidentimiz Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumyny açdy. Binalar toplumynyň açylyş dabarasy telewideniýe arkaly görkezilende ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygynyň janly şaýady bolduk. Şol çärede Prezidentimiz Milli goşunymyzy, şol sanda Harby deňiz güýçlerini döwrebap söweşjeň tehnikalar we enjamlar bilen mundan beýläk-de üpjün etjekdigini hem-de harby işgärleri okatmagyň derjesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretjekdigini aýtdy. Soňra milli liderimiz bu ýerde binalar toplumynyň açylyş dabarasyndan soňra institutyň maslahatlar zalynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Döwlet baştutanymyz goranyş häsiýetli Harby doktirinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän mohüm ugry bolup durýar diýip nygtady. Mundan başga-da Prezidentimiz şol gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde ilkinji gezek geçirilýän dabaraly harby gämileriň ýörişine gatnaşdy we Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň ýörite maksatly täze harby gämisini suwa göýberdi. Men pensioner harby gullukçy hökmünde, geçirilen şeýle taryhy syýasy wakany telewideniýe arkaly synlanymda begençli duýgulary başdan geçirdim. Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli harby syýasatlaryny tüýs ýürekden goldaýaryn, mundan beýläkde halkymyzyň asuda asmanyň astynda parahat durmuşda, bol elinlikde ýaşajakdygyna ýaşuly harby gullukçy hökmünde ynanýaryn. Hezretguly Baýramow
YaSwami 9 years ago- Dos orslaň kaspi deňizinden "nataşa" atly raketany paýtagta "bilmani" goýberse diýane,tutup bilermikan