Essalamaleýkum, haçanda iPhone smartfony ulanymyzda, onuň iOS bazasyndaky Sounds (Звук) düwünçegindäki sazy ulanmak mejbury bolýas, buda öz gezeginde ulanamyzda, biriniň jaňy gelse, ylgap öz telefonymyza seretmeli bolýar, ýa kynlyk bilen harsurap sumkalarymyzy dörüp çykaramyzda, kesekiň jaň gelen telefondygyny bilýäris. iPhone ulanamyzda, öz gowy görjek melodiýaňyzy, ringtonyňyzy (jaň üçin owazly saz ýa aýdym) goýmak üçin, Android kysymly telefonlardan adaty tapawudy bar. Meselem Android platformadaky smartfon telefonlarda islendik göwrümli sazy jaňa goýup bolýar, emma iOs kysymly platformda işleýän iPhone smartfonda sazy jaňa goýmak elkyssa kynyrak, ýöne saz goýmak bolýar. Ilki bilen islän sazyňyzy alýaňyz. Format Factory-diýen programmany açýaňyz. Audio diýen düwmedem m4r diýen düwmäni alýas. File (Файл) diýen ýerinden islän sazymysy saýlap alarys, soňra Установить диапазон (sazy kesmek) düwmesinden 0:00:00:00-dan 0:00:35:00 çenli saz diýapazon araçägini goýup Ok düwmesine basarys. Soň Start-a basaýmaly. FFOutput diýen papkadan “****.m4r” diýen öz ýüklän saz faýlyňyzy tapyp, iTunes-den Sinhronizasiýa edäýmeli. iTunes-den Sinhronizasiýa etmäkäňiz iPhony usb birikdirmäni unutmäň, eger iTunes orsça ulanýan bolsaňyz iTunes: Файл->Добавить файл медиатеку-(öz sazyňyzy saýlaýmaly). Ondan soň haýsy aýfon markaňyza görä meselem iPhone 5s markany alyp basaňyzda Звуки diýen düwmeden öz iTunes-e ýüklän saz melodiýaňyzy görersiňiz, galoçka goýup Sinhronizasiýa etmek üçin Применит diýen düwmä basaýmaly. Sinhronizasiýa gutarandan soň Setting(Gurnama) diýen düwmeden Sounds(Звуки) diýen düwmä basyp göreniňizde, siziň söýgili we gowy görýän melodýäňyz bardyr, alyp kontakta goýsaňyz her jaňda janyňyz gynap ýörmersiňiz.Başgada usullary bar, ýöne şu usuly menä aňsat gördüm. Saglykda ulanyň

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir