2015-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Astana şäherinde Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki brifinginiň barşynda gazagystan tarapy Merkezi Aziýada howpsuzlyk bilen baglanyşykly ýagdaýa degip geçip, hamala, Türkmenistanyň serhedinde bolup geçen käbir hadysalar barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy gazagystan tarapynyň Türkmenistanyň döwlet serhedindäki hakykata laýyk gelmeýän ýagdaý barada şeýle aýdanlary bilen baglylykda ynjalyksyzlyk we düşünişmezlik beýan edýär. Türkmenistanyň şu mesele boýunça resmi garaýşynyň ozal metbugatda, şeýle hem dürli sebit we halkara meýdançalarynda ençeme gezek beýan edilendigini habar bermegi zerur hasaplaýarys. Ýokarda aýdylanlary nazara almak bilen, türkmen tarapy närazylyk bildirýär we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklardan ugur alyp, geljekde Türkmenistan bilen bagly ýagdaýa baha berende, gazagystan tarapynyň has anyk we dogry maglumatlardan ugur aljakdygyna umyt edýär. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy, Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 15-nji oktýabry.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir