2015-nji ýylyň 7-8-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň prezidenti Islam Kerimowyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Taşkent şäherinde iki prezidentleriň arasynda ýokary derejede duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, doganlyk halklaryň hal-ýagdaýyny hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmaga degişli bolan meseleler boýunça gepleşikler geçirildi we degişli resminamalara gol çekildi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikler sebitleýin we halkara howpsuzlyk, parahatçylyk we ylalaşyklyk ulgamyny pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn bähbitli bolan gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, energetika, ulag, kommunikasiýa we ekologiýa bilen bagly meseleleri öz içine aldy. Şol sanda Türkmenistan–Özbegistan-Täjikistan-Gyrgyzystan-Hytaý gaz geçirijisini çekmek, Özbegistan-Kaspi deňzi-Günorta Kawkaz transport koridoryny geçirmek we Orta Aziýa demir ýoluny çekmek ýaly örän wajyp bolan uly meselelere hem seredilip geçildi. Özbek–türkmen halklarynyň geografiki ýerleşişleinde, medeniýetlerinde, taryhlarynda bar bolan umumylyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemişe giň we aýdyň ýoly açýar. Ine, bu sapar hem iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde doganlyk iki döwletiň arasynda demir ýol gatnaşyklaryny, gümrük işlerini, oba hojalygyny, söwda gatnaşyklaryny, syýahatçylygy, saglygy saklaýyşy we sporty, ylmy-bilimi ösdürmäge we kämilleşdirmäge degişli bolan hem-de beýleki käbir meseleleri öz içine alýan möhüm resminamalara gol çekildi. Ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi köpugurly gatnaşyklaryň giň gerimde ösdürilýändigine, özara hyzmatdaşlygyň täze, özara bähbitli ugurlarynyň açylýandygynyň aýdyň şaýady boldy. Ýokary derejede geçirilen bu duşuşygyň jeminde iki ýurduň prezidentleri bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Prezidentleriň gol çeken bilelikdäki Beýannamasy aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, ol iki goňşy döwletiň deň hukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormatlamak we birek-biregiň bähbidini hasaba almak ýörelgeleri esasynda döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we pugtalandyrmaga, şeýle hem sebit we halkara möçberinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça pikir garaýyşlarynyň meňzeşligi, ýakynlygy bilen utgaşmagy netijesinde iki doganlyk arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň belent derejelere çykarylmagy köp asyrlaryň dowamynda bir derýanyň-Amyderýanyň suwuny içip gelýän türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dost-doganlygy gelejekde has-da berkider. Azat Taganow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir