Türkmenlerde «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan - beg» diýen pähim bar. Bu pähimiň diňe bir belent adamkärçilige ýugrulan manysy bolman, eýsem, onda öten-geçenlerimiziň ruhuna uly hormat goýulýar. Däp bolşy ýaly, her ýylyň 6-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary, öten-geçenlerimizi hatyralap, ýatlama dessurlary geçirilýär. Ýurdumyzyňähli metjit-medreselerinde, gonamçylyklarda aýat-töwirler okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Watandaşlar! Eden doga-dilegleriňiz, beren sadakalaryňyz Beýik Altanyň dergähiride kabul bolsun. Biz hem şu günlerde ýagşy at goýup giden medeniýet işgäri Batyr Batyrowy ýatlamagy makul bildik. Türkmen žurnalistikasy hakynda söhbet açsaň, ol äleme düşüp, ganatly sözleri tire-tire il-güne ruhy lezzet paýlanlaryň giden bir jaňly kerweniniň dörändigine magat göz ýetirse bolýar. Zehinli žurnalist, ilhalar ynsan, ýazan makalalarydyr döreden radiogepleşikleri bilen il-halkyňçyn söýgüsini gazanan Batyr Batyrow hem şeýle adamlaryň hataryndandy. 01 öz ýaşan manyly ömrüniň kyrk ýyldan gowrak wagtyny türkmen medeniýetini ösdürmäge bagyş edipdi. Batyr Batyrow 1934-nji ýylda Serdar şäherinde tanymal bagşy Batyr Gagşalyň ogly Göle aganyň maşgalasynda dünýä inipdi. Onuň zähmet ýoly 1954-nji ýylda şol wagtky Diýanow adyndaky 1-nji orta mekdepde başlanypdy. Başlangyç synp okuwçylaryna sapak berýän mugallym özüne Hak tarapyn berlen zehin käni bilen, öz esasy işiniň daşyndan, ýygy-ýygydan etrap, welaýat gazetlerinde dürli habarlardyr oçerkler bilen çykyş edýärdi. Ol günleri Batyr aganyň aýaly, segseniň onuny tegeläp barýan, ýüz-gözleri nurana Ogultäç eje şeýle ýatlaýar: - Belki, bu ynsan kowumyna berilýän zehiniň nesil yzarlaýanlygy sebäplidir. Batyr belli bagşy Batyr Gagşalyň kowumyndandy. Onuň kakasy Göle aga pahyr ogullaryna hemişe türk¬men aýdym-sazlary, beýik söz ussatlary hakyn¬da gürrüň bererdi. Batyr ol gürrüňleri ürç edip diňlärdi, hemişe ýanynda göterýän ýan depderçesine köp zatlary belläp alardy. Ahyram döre¬dijilik ony özüne baky bendi etdi, ol şol wagtky «Zähmetkeşler sesi» gazetine işe geçdi. Hawa, Batyr Batyrow döredijilik bilen ymykly iş salyşmak üçin 1963-nji ýylda «Zähmetkeşler sesi» gazetine habarçy bolup işe geçýär. Ol ýerde žurnalistler A. Toýçyýew, D. Ussaýew, T. Goňurow, G. Nazarow uruş hem zähmet weterany B. Ataýew dagy bile egin-egne berip zähmet çekýär. Döredijilik höwesi ol ýyllar ony Balkan degresiniň dagiyk obalaryna-da, ýaýylyp ýatan sähralarda gyşyn-ýazyn ýassygyny ýaprak, ýorganyny toprak edip ýaşaýan çopanlaryň arasyna-da, ak atyzlarda alyn deri bilen zer öndürýän pagtaçylaryň arasynda, garaz, ähli ýerlere alyp barypdy. Galamy ýiti, döredijilikde öz ýoluny tapan žurna¬list ol ýerlerde ilhalar makalalaryň ençemesini döredipdi. Muňa awtoryň ol ýyllarda okyjylaryň arasynda uly seslenme döreden «Belent daragt», «Purnuwarly Annaguly Artykow», «Ene ýabyň aýdymy», «Hasar dagdan inen çeşme»ýaly ençeme oçerklerini görkezse bolar. Žurnalist haýsy tema ýüzlense-de, onuň baş gahrymany zähmet adamydy. Zehinli žurnalistiň türkmeniň milli mirasyndan, şöhratly taryhyndan söhbet açýan makalalary hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýardy. Şol ýyllar Batyr aganyň ýüreginde uly arzuw bardy. 01 arzuw döwrüniň meşhur bagşylary Şükür bagşy, Çowdur kör, Sary bagşy, Hydyr bagşy ýaly ussatlar bilen duz-emek bolan öz atasy bag¬şy Batyr Gagşalyň rowaýata öwrülip giden ömri, döredijilik ýoly hakynda düýpli bir eser ýazmak arzuwydy. 01 bu babatda oba ýaşulularyndan degerli maglumatlary hem toplapdy. 1970-nji ýylda zehinli žurnalist Batyr Batyrow ilki Serdar etraby, soňra bolsa Balkan welaýaty boýunça türkmen radiosynyň habarçysy edip işe bellenilýär. Bu jogapkärli hem-de hysyrdyly kär oňa žurnalistika işinde täze-täze ýollary açýar. Şol ýyllarda onuň habar taýýarlamak üçin welaýatyň etraplarynda aýlanmadyk ýerleri galmaýar. Ol nirä barsa-da, sada dilde çopan bilen-de, nebitçi, halyçy ýa-da pagtaçy bilen-de gürleşip, gyzykly radiogepleşikleri diňleýjilere ýetirmegi başarýar. Ol her bir gepleşiginiň manyly, gyzykly çykmagy üçin olary halk pähimleri, dürli rowaýatlar bilen baglanyşdyrýar. Bu bolsa diňleýjileri hemişelik özüne baglap, olaryň sagbolsunlaryna mynasyp bolmaga ýardam edýär. Batyr Batyrow türkmen radiosynda ýigrimi ýyla golaý zähmet çekýär. Tanymal žurnalist 1996-njy ýylda altmyş iki ýaşynda aradan çykdy. Türkmenlerimizde: «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýen pähim bar. Batyr aga hem türkmen žurnalistikasynda bitiren hyzmatlary bilen oky¬jylaryň, diňieýjileriň hakydasynda baky ýaşaýar. Tanymal žurnalistiň adyny göterýän atasy hakyn¬da döretmegi arzuw eden eseri hem 1998-nji ýyl¬da Aman Ylýasowyň «Batyr Gagşal» atly kitabynyň çykmagy bilen hasyl boldy. Ol kitabyň «Batyr Batyrowyň ýagty ýadygärligine» diýip başlanmagy hem awtoryň Batyr aga goýýan çuňňur hormatynyň beýanydyr. Hawa, halkymyzyň öten-geçenleri, il-gün üçin ýagşy işleri bitiren ynsanlary haýry-dogada ýatlaýan günlerinde Batyr agamyz hem ýatlanylmaga mynasypdyr. Hormatly, Prezidentimiziň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle adamlaryň hormaty hemişe uludyr. Atda GURBANGELDI, mirasgär

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir