Essalamaleýkum, Beýik Alladan Size rehim şepagat we mähirlilik bolsyn. Howwa, adama ýagşylyk etmek bu örän gowy sogaplaryň bir şertine girýär, elbet-de biri senden kömek sorasa we şol kömegi oňa berseň özüňde hoşal bolýäň. Emma birine kömek edeniňde, şol kömek duşmançylyga getirýändiginem syn edip bolýar. Meselem aýdaly, biri Size dükandan çörek getirmekligi haýyş edýär, Sizde onyň haýyşyny ýerine ýetirýäňiz, ertir ýene-de Size çörek getirmegini haýş edýär, Sizde ýene-de çörek getirýäňiz, ynha şeýdip yzly-yzyna bir-iki-üç-dört sapara barýar. Günlerde bir gün, Siz şol haýyşyň kadasyny bir sebäplere bozmaly bolýaňyz, ynha şol her haýyşyňyza alkyş okap duran adam, ýüzüni üýtgedip, gaşyny çytyp, gümp-samp gürläp, Sizden nägile bolup gaýdýar. Sizde bir ulu günä iş eden ýaly, onyň ýanyndan dönýäňiz. Siz ertir onyň ýanyndan geçeniňizde, beren Salamyňýzy alman, kellessini başga ýana sowýar. Iki adamyň arasynda „sowuk“ duşmançylyk eýelik edýär. Tapawdy ýok kömegiň nähili formada berseňem, şonyň ýaly gatnaşyga duçar bolýarsyň. Eger-de „sen“ şol adama günde çörek getirip bereniňde „gowy“ bolýan bolsaň, bir günjügem boýun gaçyrsaň we boş ýerden duşman gazanmak, gör nähili agyr zat. Adamlar içini hümledip durýar “Bäh, men kömek etmedik bolsamdym, ýa bir bahana tapan bolsadym, onda men bi güne düşüp, düsmançylygyň astynda bolmazdym“ diýip ahmyr çekmegini dowam edýäň. Elbet-de eger maýyp bolsa, ýarawsyz bolsa, hassa bolsa, ýetim bolsa, çagalary ýetişmedik dul aýal bolsa, we biziňem elimiz kömek etjeklerimize elimiz giň bolsa onda aýby ýok, komek etseň gelişmän duranok, ýöne onda-da baky kömek edip bolanok gynansakda. Elbet-de kömegem gadyryňy bilene kömek edesiň gelýär. Meniň pikirimçe şunuň ýaly we başgada adamyň aragatnaşygyna şikes ýetip biljek häsýetleri ýok etmek üçin ahlak sapaklarynam bermelimikan diýip pikir edýän. Magtymgulynyň „Gök ýaylada ýaşap ýören durnalar,yssy çölüň suwsyzlygyny nä bilsin“ diýen şygar bilen tamamlasym gelýär. &: üns beriň- eger bir adamyň haýyşyny ýerine ýetireniňizde gümürtik sag bolsyny aýtýan bolsa, we birden onuň haýyşyny edip bilmändigiňize Size, gahar edip illere ýaman göz bilen gybatyňyzy edýän bolsa, we Size haýyş eden agramdaky ýaly sizem oňa haýyş edeňizde, ol size ýardam bermese, onda onuň ýaly adamdan dostlyk tamasyny etmäň, sebäbi OL sizi öz bähbidi üçin ulanýar

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir